Öý ruhunyň gündeligi (21-nji bölüm)

Öý ruhunyň gündeligi (21-nji bölüm) +2

@Yomudson | 18.09.2018 ý.
Öý ruhunyň gündeligi  (21-nji bölüm)
 

10-njy iýul.
 
9:00
 
Zinaida Zaharowna bu gün günüň ilkinji şöhleleri bilen oýandy. Şöhleleriň Zidanyň üstünden serpilip Çernyşowskiýniň kitap tekjesinde duran “Näme etmeli?” atly eserine düşenini gözüm bilen gördüm.
 
9:30
 
Pişige - häzir gelinligi satyn alarlar – diýdim. Kladowkada içinden gulplap otyr. Köpçülige bolanaok şu janawar.
 
9:40
 
Kuzmiç ak aty çapyp geldi, elinde-de bir sebet klubnika. At Zinediniň nazarnda bir erbetligi duýup şazadasyna üstünden atyp urdy. “Gwsy mongollar iýsin meni” diýip gygyrdy-da gündogara tarap çapyp gitdi.
 
10:00
 
Halk – näme diýseňem şu Zinaida gaty hyjuwlandyryjy aýal, şahyryň arzuwy – diýdi. Birden peýda bolan Maýakowskiý şeýle arzuwy proliteriatyň okunda çep eli bilen pyrlanyny aýtdy. Soň uzak wagtlap Halk bilen suw geçiriji turbalar we fleýtalar halda jedel etdi. Intellegentler...
 
11:20
 
ZAGS-a wagtynda geldik. Aýrylyşmak üçin nobatda duran jübütler Zinedin bilen Kuzmiçi görenlerinden “bolýalaý, özümiňkä müň şükür” diýişip öýlerine gaýtdylar. Zinaida Zaharowna. Connecting people…
 
12:00
 
Nikalaşma wagtynda ýoldaş Mendelson geldi we onuň ýazan sazynyň bolup geçýän zatlara näme dahylynyň barlygyny sorady. Halk onuň gynanjyny paýlaşýanlygyny, bu ýagdaýa has deň geljek bir sazy zakaz edenligini, emma ZAGS-da Merlin Mensonyň ýazgylarynyň ýoklugyny aýtdy.
 
15:00
 
Pişik biz bilen gitmändi. Şonuň üçin bizi derwezede nobatdaky improwizasiýa bilen garşylady:
“Iýiň, içiň şatlanyň,
Zinedinden hiç gorkmaň,
ýöne bir zady biliň -  
gaçjak ýeri ýok lukmaň!”
Maýakowskiý bu goşgyny eşidip ýene bir gezek şeýle zat ýazsa pişigiň kellesini guýrugynyň aşagyna daňjaklygyny aýtdy.
 
16:20
 
Gelinligi ogurlamak synanyşygy doly şowsuzlyk bilen gutardy. Myhmanlar Zinaida Zaharownanyň stoluň başyndan ýitmesine umuman başgaça düşündiler we agşamlygyň dowamynda dowam eden iýmit monopoliýasy tamamlandy diýip ahyry bir zatlar iýdiler.
 
17:10
 
Merhum babaýyň ruhy geldi. Poltawanyň aşagynda Şwedlere garşy bolan söweşde gazanylan ýeňişiň ýyllygy bilen gutlady. Oňa bu gün toý bolup dur diýdim. Ýaş çatynjalara seredip daýhanlaryň we gullaryň hukuklary barada bir zatlar samrap tokaýa siňip gitdi.
 
17:50
 
Köne däbe görä Halk, pişik we men çatynjalaryň stolunyň aşagynda ýerleşdik. Pişik gaýta-gaýta Zinaida Zaharownanyň aýagyna seredýär. Olara ullakan demir lom daňsaň nebit gazyp alýanlara uly kömek bolar diýýär.
 
18:20
 
Pişik walerianka tapyp geldi. Ýaşlaryň bagty üçin içdik. Ýöne çakyşdyrmadyk. Fakt däl, kim bilýär...
 
18:45
 
Halkyň kellesi aýlanyp ugrady. Yrsaraýa. – Maňa üns we garaşyk ýetenok – diýýär. Pişik  – Garaşyk o dünýäde bar saňa – diýdi-de ýene stakanlary doldurdy.
 
19:30
 
Halk – Tuflini özüm ogurlaýan – diýdi. Zinedin ýagdaýlaryň beýle öwrümine garaşmadyk bolarly. Ol özüniň ajaýyp aýajyklary bilen aýawly hereketleriniň birini ýerine ýetirdi. Ýarym sagatdan soň Güjikowiçi tokaý ruhy getirdi. Towşan tokaýyň üstünden parahat ýagdaýda uçup barýan güjügi görüp toba geldi diýýär. Hawa-da, her bir işde haýyr bar...
 
20:10
 
Ruhany geldi. Uzak wagtlap nikalaryň asmanda gyýylýanlygy barada bir zatlar aýtdy. Pişik – onda näme üçin bu yşaratlar henizem bärde, ýokarda näme olarsyz belleýälermi toýy – diýip sorady. Bu sözlerden soň men ýokarda bir ýerde gapynyň ýapylan sesini aýdyň eşitdim.
 
21:00
 
Ýaş çatynjalaryň tans edýän wagty Zinaida Zaharowna tötände Kuzmiçiň aýagyny basdy. Indi Kuzmiç has hem çalt ýüzüp biler. Brawo!
 
21:40
 
Zinaida Zaharowna gelinligiň bukedini zyňdy we garaşylýan ýagdaý! Ikinji etažyň aýnasyny kül-owram etdi. Onam geň görjek däl, ýöne aýna barmazdan öň buket diwara rikoşet etdi. Şol pursat ýeriň düýbünden Döw çykdy we 7 ýyl biz bilen ýaşajagyny aýtdy. Emma biziň söýgüli Zinedinimizi görüp, ruhanydan ýalkanma sorady, soňra bolsa gaty wajyp işlerine salgylanyp kalitkadan çykyp gitdi. Hawaaa, gözellik – elhenç güýç...
 
22:00
 
Agşamlygyň ahyrynda uçastkowoý geldi we biziň üstümizden goňşularyň arz edenini aýtdy. Ine, maňa-da iş tapyldy. Indi goňşular peşew saklanmazlygyna arz edýärler.
 
22:15
 
Zinaida Zaharowna oturanlara alma hödürläp başlandan soň iň bir durnukly myhmanlar hem öýlerine dargap başladylar. Pişik bu ýagdaýyň gowruljak läşe farş dykylýan pursatyny ýatladýanlygyny aýtdy.
 
22:30
 
E-waý! Çatynjalar Ýegipete toý syýahatyna gidýärler! Kuzmiç menem çagyrdy ýany bilen. Gitsemem bolman duranok! Halk ruhlara uçuşyň mugtlygyny aýtdy.
 
23:10
 
Kuzmiç öz gyzgyn piražogy bilen öz öýüne bagt gijesini geçirmäge gitdi. Pişik bolsa Zinaida baton diýýär.
 
23:55
 
Zinediniň hor çekýän sesini eşitmesem indi ýatyp bilemok. Gideýin, girdenegi bogaýyn. Hiç goýup bilmedim şu häsiýetimem...


Dowamy bar...
bu blog 231 gezek okaldy

Teswirler

@JohnWick 11 aý öň
Name zat bu türkmen ogly
Älemjahan