Salam, hormatly agzalar!

Salam, hormatly agzalar! +4

@white | 02.11.2019 ý.
Salam hormatly agzalar, älemçiler!
Saýtymyz boýunça tehniki işleriñ dowam edýänligini nazara alyp, ulanyjylarymyz tarapyndan hem saýtyñ düzüminde näsazlyklaryñ, ýalñyşlyklar anyklanylan bolsa bu ýagdaýy şu blogyñ kommentariýasynda beýan etmegiñizi haýyş edýän. Sagboluň
bu blog 1857 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 2 hepde öň
@white online tv kanal otyrdyp bolmayamy dine so kanallar bolanymy?!
@white 2 hepde öň
@Gnusmas türkmen teleýaýlymlaryndan galanyny wajyp kabul etmedik. Şeýle hem daşary döwlet teleýaýlymlary internet äleminde tapmak kyn bolmaz.Siziň başga teklipleriňiz barmy?
@Graff 2 hepde öň
@white ball sistemasyndaky ýalňyşlyklary düzetseňiz hoşal bolardyk :)
@white 2 hepde öň
Bellige aldyk, sagboluň.
@Gnusmas 2 hepde öň
@white onrak saytyn isleyis tizligi gowulanypdy son yene hayallasdy. Sol teklibim.
@white 2 hepde öň
Serwer öňki ýagdaýyndan tersine güýçlendirildi, belki internet näsazlygyňyz bardyr?
@Garadamakly 2 hepde öň
Salam. Pikirlerde we bloglarda bir sahypadan ikinji sahypa geçeniňde, ýene-de şol aşakdaky sahypa saýlanýan ýerden çykýar. Ýagny, indiki sahypanyň iň ýokarysyndan görkezip başlaman, aşakdaky sahypa saýlanýan nomerler ýazylgy ýer çykýar. Onsoň her gezek ýakaryk prokrutit etmeli bolýar.
@white 2 hepde öň
Düşnükli, bellige aldyk sagboluň
@alpha 2 hepde öň
Andoid we ios üçin app, ýagny priloženiýe bolsa has gowy bolardy we ulanyjylaryň hem artmagyna kömek bererdi. Bende Steve Jobs-yň hem aýdyşy ýaly:"Dizaýn - bu üýtgeşik bir söz. Käbir adamlaň pikirine görä bu söz önümiň görnüşi diýmekligi aňladýar, ýöne has çuň seretseň, aslyýetinde bu önümiň işleýşi baradadyr"
@white 2 hepde öň
Dogry aýtýañyz, nesip bolsa şu ýyl jemlenmankä Android programmamyzy çykarmaga meýilleşdirýäs.
@charymuradovna 2 hepde öň
ulanyjy ady boyununcha gozledende agzalardan dalde guymenje boluminden chykarya shonam bir duzetsek. onnanam menne birinin chatdaky haty achyp okap bolanak shon unem ayyrlanok
@white 2 hepde öň
Şahsy habarlaşma skrinşot iberäýin, has aýdyñ düşünmek üçin?
@Yomudson 2 hepde öň
Don't touch me bro!
@Garadamakly 2 hepde öň
Agzalaryň bloglaryna ýazylmak (podpiska) funksiýasyny goşup bolaýsa gowy bolardy. Täze blog ýazanda, awtomatiki habarnama geler ýaly.
@white 2 hepde öň
Gowy pikir, hasaba aldyk
@Garadamakly 2 hepde öň
Bloglaryň içinde ýazan teswirimize biri jogap ýazanda, awtomatiki habarnama geler ýaly edilse gowy bolardy. Sazlamalarda bu funksiýany açyp/öçürip bolar ýaly edilse hem bolardy.
@white 2 hepde öň
Bellige aldyk, sagboluñ
@KimdirBiri 2 hepde öň
Gijeki gundizki mod etseniz gow bolardy gije ak svet gozuni agyrtya
@white 2 hepde öň
Bu ýagdaýy android programmamyzda ýasamagy meýilleşdirdik, elbetde saýtymyzda bolmagy hem bu ýagdaýy kemçilik döretmez.
@Tokmak 2 hepde öň
Gowy iş edýäňiz, sag boluň. Kiçiräk maslahat - şu saýtda spam bloglar, ýagny manysyz musor bloglar köp açylýar. Şol ýagdaýda bloguň içinde "Nägilelik bildirmek" knopkasy bolsa, şony basyp Size - administratora, moderatora habar edip boljak. Bu knopka Siziň hem saýty dolandyrmak işiňize kömek boljak. Sag boluň.
@Tokmak 2 hepde öň
Nägilelik bildirilende sebäbini hem gysgaça düşündirer ýaly tekst field we/ýa nägileligiň görnüşleriniň spisogy (saýlar ýaly) bolsa, düşnükli boljak.
@white 2 hepde öň
Gaty dogry pikir, bellige aldyk
@KimdirBiri 2 hepde öň
biram teswir yazjak bolanda onki yazan teswirlerini gorkezya sonam ayyryp bolaysa
@Biolog 2 hepde öň
Umuman aýtsam men bu saýtda onçakly kemçilik göremok.Saýt örän gowy.
Arada saýt işlemedi,ondon soň bütinleý ýapyldy,örän gynandym,indi ýene işlänini görüp begendim.
Saýt admini @white size minnetdar.Men bu saýtda köp dostlar tapdym.Işiňizde rowaç,janyňyz sag bolsun!
@Biolog 2 hepde öň
@white ballar sistemasyndaky kemçiligi aýdypdyrlaram welin,menň balym köpräkdi emma kemelipdir.Başga diýjek sözüm ýok sag boluň!
@Dipsomaniac 2 hepde öň
Myhman otagy gerek white admin
@white 2 hepde öň
Myhman otagyny ýola goýmak kynçylyk döremegi mümkin, bu barada kän analizlar geçirmeli.
@SLOTH 2 hepde öň
@white shu blog bolimde gozjagazyn denindaki shetchik ishlanok oydyan
@white 2 hepde öň
Dogry şonuň üstünde işleýäs, şu gün-ertir düzelmeli. Sagboluň
@rosso 1 hepde öň
guymenjede san bilen 999dan yokardaky sany yazsan error gorkezyar. meselem 1000 diyip yazyp bashlap bolanok. hokman bashga bir soz bilen bashlap bu sanlary sonunda yazmaly.
Älemjahan