Sen hakyky däli 4- nji bölümi bolan waka

Sen hakyky däli 4- nji bölümi bolan waka +5

Akapella, 28.07.2018
Óýúñ işlerini dynyp, el işlerimi edýán jaýyma geçdim. Ejemem ol gún bir işgáriniñ súnnet toýuna gidipdi. Menem aýdym diñláp işimi edip otyrdym. Birdenem jañ geldi, seretsem Rówşen: 

- Alo Leýlim gowumy ýagdaýlaryñ? Gúrleşip bilýáñmi? - diýip sorady.

- Salam Rówşen. Gowy Hudaýa şúkir. Sen ýagdaýlaryñ gowumy? Hawa gúrleşip bilýán aýdyber - diýdim.

- Ýemşijek kán wagtyñy aljak dál, ýóne bir zatlar aýtjakdym saña.

- Aýdyber Däli diñleýán.

- Aslynda men saña aýtmalam dál ýóne bilip gal diýdim-de jañ edáýdim.

- Aýtda diñleýán.

- Sen bilýáñmi bu zatlary aýdamsoñ maña nâhili garajagyñ gyzyklandyrýa meni.

- Waý içimi it ýyrtyp gelýádá, bolaýda aýdaý.

- Alñasama howlukma hemme zady ýerbe ýer edip dúşindirmesem sen dúşinmersiñ. 

- Námáni dúşindirjek bolýañ?

- Aslynda men saña jañ edenimiñ sebábi sen maña náme úçin aýtmansyñ bir zady, náme úçin gizleýáñ menden - diýende men "waý guda gelineni bildimiká" diýip pikir etdim.

- Rówşen men senden zat gizlámok.

- Aý şona gizlápsiñ, ýa men bilmez óýtdúñmi há Leýli?

- Bagyşla men aýtjakdym hemme zady, ýóne seni alada goýmajak boldum.

- Şoñ úçin men alada eder óýtdúñmi?

- Hawa.

- Náme úçin men olar ýaly zat úçin alada edeýin. 

- Wiý şeýlemi şol indi señ úçin alada dálmi?

- Ýok asla alada dál.

- Sen beýle biperwaý gararsyñ óýtmedim. Meñ úçin uly alada şol bilseñ. Señem sóýgiñ ýúrekden bolsa şol uly alada bolmaly, ýóne sende sóýgi ýokdurda onda - diýip gaharlanyp ugradym.

- Mende sóýgi ýokmy? Sen námáñ gúrrúñini edýáñáý şu wagt? Mende sóýgi ýok bolsa şeýdip jañ ederinmi saña há? Samsyk. - diýip gaharlandy.

Men ol sózlerine beter gaharym gelip:

- Ózúñ samsyk. Maña jañ edýániñem diliñe alyp ugradyñmy? Etme maña jañ onda dúýbinden. - diýdim.

- Etmerinem. Bar islegiñ şolmy há? Men jañ etmezligim, meñ ýitmegimmi bar islegiñ há bol aýt?

- Ol señ islegiñ. Alada etmeýániñ islegi ol.

- Leýli men seni alada edişim ýaly hiç kimem alada etmedim. Sen bolsa aladamy edeñok diýýáñ. Borlaý... Sagbol ýetip gelýán doglan gúniñem gutly bolsun. Uzak ýaşa. Bagtly bol. Ýóne mensiz - diýip telefony gahar edip goýdy...

Men ol teli goýansoñ ençe wagtlap pikire çúmúp oturdym. Wah şol wagt onuñ guda barada hiç zat bilmán doglan gúnimiñ ýetip gelýánini aýtmansyñ diýenine dúşinen bolsadym. Yzyna jañ edip, tá bagyşlaýança ótúnç sorardym....
 Doglan gúnimem ýetdi. Rówşeniñ bolsa şol gaharly telefony goýuşyndan soñ habar ýokdy. Okuwdada górmedim. Diñe nizamda górýádim. Ondada ol meñ bilen dáldi. Kursdaş gyzlary bilen gúrleşip, gúlişip bir minut ýóne durmaýardy. Meñ bilen işem ýokdy. Múmkin ol maña gahar edip şeŷdendir, bilmedim ýóne onuñ boluşy, hereketleri meñem gaharymy getirýádi... Doglan gúnimi kursdaş gyzlar, joralarym bilen geçirmegi ýúregime dúwdim. Irden okuwa gidemde kursdaş gyzlaryma Doglan gúnimi bellejegimi aýtdym. Olar bilen okuwdan soñ óýe geldik. Ejem begenip olary garşy aldy. Saçak ýazyp ústini salatlar, soklar, gôk ônúmler, súýjiler, şokoladlar hem-de  tort  bilen doldurdyk. Ejem palow bişirdi. Ejemiñ palowyny iýip doýar ýaly dáldi, iýip otyrkañ gulagyñy kesselerem bilmersiñ diýilýánlerdendi. Gyzlar bilen úýşip palow iýdik. Soñ aýdym açyldy, tansa başlandy. Tans etdik, her kimiñ agzyna óýkindik. Doglan gúni gyzykly geçirip, sowulyp barýarka Daýzamam geldi, gutlady, gujaklady, sowgatjyk berdi. Garaz Doglan gúnim şadyýanja geçdi. Soñ gyzlary ugratmak úçin daşaryk çykdym, eýýám gun batyp agşamlyk bolupdy, gowja garañky gatlyşypdyr. Gyzlar bilen sagbollaşdym soñ oýe tarap ýóráp ugradym. Ýóráp barýarkam biri Leýli diýen ýaly boldy. Men bu nátanyş sese tisginip gitdim. Yzyma ówrúlip seretsem bir oglan dur, ol maña:
- Sen Leýlimi? - diýip sorady.
Men:
- Hawa, sen kim? - diýip geñ galyjylyk bilen sorag berdim.
- Men... neme... Men Serdar.
- Kim Serdar?
- Leýli dur házir hemmesini dúşindireýin.
Men ýúzine seredip añka tañka bolup durdym. 
Onuñ náme dúşindirjek bolýanyna garaşdym.
Ol ýuwaşja gúrláp ózúni tanyşdyrmaga başlady:
- Men Serdar. Arada meñ ejem size gelendir Daýzañ bilen. Şu gún Dáýzañ size gidýándigini aýtdy. Onsañ menem bile gaýtdym seni góreýin diýip - diýdi.
- Háá hawa ejeñi górúpdim - diýip gaşymy çytyp biraz gaharlandym. Ol añdymy námemi elindáki sowgadyny berdi. Menem yza şúýşip:
- Sagbol minnetdar, ýóne hókman dáldi - diýdim.
- Alaýda Leýli. Uzak ýaşa. Sóýúp hem sóýúlip ýaşa. - diýeninden men:
- Sagbol - diýip sowgadyny alyp ýóremekçi bolamda ol:
- Leýli birje minut aýak çeksene, haýyş edýán. Kán saklajak dál - diýip meni saklady.
- Ejem gelmeli ýerini ýalñyşmandyr, diýseñ diýmeseñ sen gowja, owadanja gyz. Sen ýaly owadanja gyzyñ hyrydar-a kándir - diýdi.
- Hyrydarym kán bolar ýaly, bazarda satylýan zat dál men. Onsañam Serdar ejeñ geldi hawa ony bilýán, ýóne enták biz jogap beren dáldiris.
- Hawa bilýán. Ýóne ynha şu gún Daýzañ bir zat eder. - diýip gúlimsiredi.
"Şu daýzamam bara iki ýana rol oýnap geçdidá" diýip içimi gúrledip gaharlandym. Ol bolsa:
- Ynha nesip bolsa ikimiz toý etmeli, biz ówrenişmeli biri birimize şol sebápden ertir seni has gowy tanamak úçin seýilgáhe çagyrýan egee gelmeseñ gelip alyp gaçaryn óýúñden - diýip gúldi.
- Bilýáñmi gaty degişgen oglana meñzeýáñ ýóne azajyk duzy kem - diýdim. Ol bolsa diýýámiñem diýenok gaýta uly sesi bilen gúlýá. Oña çenli arka ýúzimden biri gelýán ýaly boldy:
- Hiiih biri gelýá men gideýin - diýip ýórejek bolup yzyma ówrúlsem garañkylykda óñúmde bir eli gúlli, bir eli paketli Rówşen dur. Bilmedim onuñ náçe wagtlap duranyny ýóne ol duran ýerinde doñup galan ýaly gymyldaman durdy.
- Dursana Leýli biz indi haçan górúşeris - diýip Serdar sorady. Men oña jogap berjegem bolmadym. Iki gózúm Rówşendedi. Ol ýekeje zadam diýmedi, gúrlemedi. Seredip durdy-da, elindáki gúli gapdala oklady, elindáki paketem on gapdalyna oklady-da yzyna seretmân gitdi...

Rôwşeniñ yzyndan seredip doñup galdym. Yzyndan ylgap hemme zady dúşindiresim geldi, gygyraýyn diýsem sesim ýetmedi. Doñdurylan daşdan adam ýaly doñup durdym, diñe ýúregim bólúnip gelýárdi, meñ ýerime ol gygyraýaslary geldi. Şol doñup durşuma gózúmden ýaşym paýrap akdy. Serdaryñ bir zatlar diýýáni çala eşidýán:

- Ol kim Leýli ? - diýip sorag berýárdi.

Men bolsa şol doñup aglap durşuma oña ûnsem bermedim....

Soñ Serdar meñ egnime kakdy:

- Leýli saña náme boldy? Aglaýañmy? Nâme ûçin aglaŷañ? Kim ol oglan? Jogap bersene maña? - diýip maña sorag baryny berdi.
Meñ onuñ soraglaryna jogap bermedim. Rówşeniñ getiren gúlini, paketini ýerden aldymda, ôýe tarap ýórâp ugradym.
Serdaryñ:
- Leýli, Leýli diýýán - diýen sozleri ýañlanyp gitdi...

Óýe giremsoñ óz otagyma girip gúli, paketi goýdumda ózúmi ýere berip agladym.. 
Şol gúnki aglanym henizem ýadymda, çúnki ol gún meñ geljegimi úýtgedipdi. Sebábi indi men Rówşeniñ gózúnde óñkije asmandan asylan gyz dâlde ýere pylçanan, tozana garylan gyz ýaly bolup górúnjegimi bilýárdim. Ol meni hiç haçan bagyşlamajagyny bilýárdim... 
Ózúme sógúnýárdim, ýigrenýárdim...
Allajanym kómek et diýip ýalbardym... Oýan Leýli bu dúýş bolmaly diýip gózlerimi gatydan yumup soñ açyp górýán, ýóne bu dúýş dáldi, hakykatdy..
Ol gije meñ úçin hiç haçan geçmez óýtdúm. Ýóne ol gijeler geljegimdáki gúnlere, gijelere seredeñde hiç zat eken...

Maña ykbalyñ taýýarlan oýunlarynyñ bu enták ýañy bir başlangyjy eken...
Daña golaŷ irkilipdirin, soñ birhili dúýşimde çukura gaçan ýaly tisginip oÿandym, ýene Rówşeniñ sessiz gidişi góz óñúme gelip agladym. Garaz aglap, aglap halys tapdan dúşip ýatyp galypdyryn.

Irden ejem meni zordan oýardy:

- Gyzym sen bu gún okuwa gitjek dálmi? Sagadam uçup barýa. Bu gún ózúñ turmansyñla galan gúni ózúñjik turup gidýádiñ welin, ýa dúýn ýadadyñmy? Ýa ýarañokmy? - diýip elini mañlaýyma degirip górdi.

- Gyzgynyña ýok, bol gyzym tur indi gijâ galarsyñ - diýdi.

Men galasym gelenokdy, agşam aglap tapdan dúşipdirin, onda-da okuw okuw bolýada, gidâŷmeli. Ýuwunyp geldimde, geýindim. Dúýnki Rówşeniñ getiren gúlinem suwly waza saldym. Soñ çaý, çóregimi iýip okuwa gitdim. Pikirimde-de diñe okuwa baryp nizamda Rôwşeni gôrsem diýip barýardym...

Okuwa bardym nizama duryldy. Oglanlara tarap seretsem, men taraba gôni Rôwşen seredip dur eken. Gôni gôzim dúşdi oñ maña seredişi gaty gaharlydy. Onuñ gôzleri gyzarypdyr, meñem gôzlem oñkydan gowy dâldi. Ol maña seretdigiçe Men ôzûmi gaty erbet duýýadym. Ol gôzleri bilen maña "biwepa sen" diýýán ýalydy. Aslynda biwepalyk edýánleri hiç halamokdym, ýône ynha Rôwşeniñ pikiri boýunça menem şolañ derejesine dúşdim...
Nizam gutaryp her kim oz okamaly ýerine dagadylar. Menem gyzlar bilen ýóráp girdim....
Şol gún okuw bilen únsim ýokdy, ukysyzlyk hemem pikirlerim meni hiç gúnime goýmady...

Okuwdan soñ gaýtjak wagtymyz çykyp mydama okuwyñ girelgesiniñ daş ýúzinde Rôwşene garaşyp durýadym. Olam añyrdan meñ duranymy górúp begenip, ýylgyryp, dálliráp gelerdi. Bu gún bolsa edil óñkilerim ýaly garaşyp durdym, bar kursdaşlary çykdy ýóne Rówşen çykmady. Onuñ ýakyndan gowy górúşýán kursdaş dosty Ýunusyñ gelýánini górúp "gapdalynda Rôwşen ýokmyka" diýip gózledim. Ýóne Ýunusam başga oglanlar bilen gelýárdi. Ol meñ duran ýerime ýakynlanda ýylgyryp:

- Leýli Rówşene garaşýañmy? - diýip sorady.

Men:
- Hawa Ýunus gaýtdymy ýa Rówşen? - diýip soradym.

Ol gúldi-de:
- Ol seni górsem aýt, maña garaşmasyn gaýdybersin, men Merjen bara kursdaşymyz ana şoñ bilen etmeli işlerim bar diýdi.

Men: 
- mmm.... Merjen bilen náme etmeli işi barka beýle, aý bolýada halanyny etsin - diýip óýe tarap ýóráp ugradym... 

Soñ beýlerákde baglaryñ arasynda oturgyç bardy, şol oturgyça baryp oturdym. Ýunus bilen gaýdýan ýaly sagbollaşyp górúnmán, baglaryñ içinden bolýan herekeyleri synlap ugradym. Ýunus meñ bilen hoşlaşyp góni tel - de jañ edip ugrady. Kime jañ edenini biljek bolup diñşirgendim, ýóne hiç eşitmedim. Soñ birsalymdan okuwyñ gapysyndan Rówşen bilen Merjeniñ el tutuşyp gelýánini górúp ústimden gaýnan suw guýulan ýaly erbet boldum...


Dowamy bar 
BU BLOG 1043 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Mahym 2 ýyl öň
Manlaya yazylan bolmasa bolmayarda. Dowamy yokmy?
@123456 2 ýyl öň
tuweleme, hemme yerik yetishyan)))
@Akapella 2 ýyl öň
Öz saýtymda nadeýin
@Mylakatly_dendus 2 ýyl öň
Akapello soygi name zat ol 20yyl yasadym soyga hic yolda dus gelmedim