Sen hakyky däli 7- njy bölümi

Sen hakyky däli 7- njy bölümi +3

Akapella, 31.07.2018

– Señ bagtly bolanyñy isleýán gyzym. Meni alada etme enták óz gúnimi ózùm górerin. Garran çagym kómek edersiñ jan gyzym, men diýip óz bagtyñy saklama. Señ mañlaŷyñ bir meñki ýaly ćóken bolmasyn. Allajan ýóne buñada şúkir kem zadymyz ýok. Ata kakañ ýetimdigiñi billirmedi. – Eje ýóne men ol oglany enták doly tanamogama. Arada góremde hiç sulhum almady. – Alar gyzym adamyny birinji gezek górúp góni tanap bolmaŷa. Enták toýy táze ýyldan soñ etjek bolsalar tanyşyberiñ. Gyzymjan men saña pikirlen gowja diýipdim pikirlenerçe wagt geçdi indi bir meñ sôzûmi ýykma jan gyzym. Ýene birje gezek gorersiñ sulhuñ alar. - diŷip ŷalbardy. –Bolýa Eje. Goý señ diýeniñ bolsun. Men ony ýene górerin sulhumam aldyrjak bolaryn. Ýóne sen bir aglama - diýip ejemi gujakladym. Soñ ejem begenip daýzama jañ edip Leýli razy diýip aýtdy.. Men bolsa.... Men bolsa Rôwşenden daşlaşjagyma, ýúregimde Rówşeni saklap durmuşa çykmalymam Serdar boljagyna hasam beter gynandym...
Tâze ŷylam bosagada ŷetdi diŷen ŷaly. Tãze ŷyly Rôwşen bilen "Baş Arçada" Salŷutlara seredip garşy alaly diŷip arzuw edipdik. Hawa elbetde biz şo ŷerde garşy alarys, kursdaşlarymyz, mugallymlarymyz bilen, Ŷône Rôwşen bilen bile dál...
Tâze ŷylyñ, Rôwşeniñ pikirleri bilen okuwdan çykyp gaŷdyp barŷarkam, biri:

– Salam Leŷli - diŷeninden tigsinip gitdim. Seretsem yzymdan Serdar gelŷân eken. Menem:

– Salam. Nâme gerek saña, bu ŷerlere nâme úçin geldiñ? - diŷip gaharly soradym-da ýolumy dowam etdim. 

Ol bolsa ŷylgyrdy:

– Sen meni górúp begenýânsiñ, ýóne şu wagt bildirmejek bolýansyñ, beýle begenmek gerek dál - diýip degişdi.

– Serdar oýun etmesene. Múmkin seni ejeñ iberendir. Múmkin daýzam ugradandyr, bar Leýli señ bilen gúrleşer diýip. - diýip gaharly ýúzine seretdim.

– Ýok Leýli şu gezegâ hiç kim ugratmady ózúm geldim. Arada doglan gúniñde birhili dúşinşip bilmán gaýtdym. Men óz aljak gyzymyñ doly taryhyny bilesim gelýá. Onam ilden sorap dál, señ ózúñden bilesim gelýá - diýdi.

Men birhili ózúmde aýyp, kemçilik bar ýaly utandym. Ýúzimi aşak edip pikir edip barşyma:

– Taryh ýok mende hiç hili. Hawa sen bilen dúşinişmeli diýip ýórdim. Arada sen durkañ gelen oglan men doganym. Ol jigsiniñ bir oglan bilen duranyny górúp şeŷdip gúrlemán gidáŷmese, señ bilen gelip urşsynmy dagy?!.. Başga náme soragyñ bar? - diýdim.

– Ýok soragym başga. Ýóne seni has golaýdan tanasym gelýá ynan Leýli. Seni gowja górdúm. Ejem ilki guda gitdim diýip señ suratyñy górkezende şol surata asla seretmedimem. Soñ señ doglan gúniñi gutlap gaýtmaly diýilendede zordan ejemiñ gównúni ýykmaýyn diýip gitdim. Haçanda señ ýanyña baramda bolsa meñ pikirlerim, hereketlerim dúýbinden úýtgedi. Ýóne ol oglan gelip elindáki gúlini zyñanda bolsa,... 
Señ sóýúşýániñ bardyr diýip pikir etdim... Şondan soñ men señ durmuşyña goşulmazlyga karar etdim. Ejemede Ol gyzyñ halaşýany bar bolaýmasa, başga gyz gózláý diýdim. Ýóne şonda-da men arkaýyn dál-dä şol zatlary senden bileýin diýip gaýtdym. - diýip Serdar janyrgap dúşindirdi. 
Ol gúrláp barýarka onuñ daş sypatyny synlap górdúm, ol górmegeý, gara gúri saçlary bar, kirpikleri edil gyzyñ kirpigi ýaly uzynja, yogyndan ýaýylyp ýatan gaşlary bar, bugdaý reñkde, úst başy arassaja, ózúne úns berýáni bildirýár kówúşem arassa ŷalpyldap dur. "Bu oglana aşyk bolup ençe gyz ýanan bolmagy múmkin, " diýip içimi gúrletdim.

– Men barada başga náme gyzyklandyrýan bolsa sora aýdaýyn - diýdim.

– Hemme zat gyzyklandyrýa, meselem aýdaly sen ynha irden turduñ onsoñ náme edýáñ, aýdyber diñleýán - diýip meñ ýúzime seretdi. 

Men ýúzimi aşak edip:
– Maña beýdip ýúzime seredip sorag berseler hiç zat aýdyp bilmerin. Ýórâýeli beýdip durman - diýip ýóráp ugradym.

Serdaram meñ bilen bile ýórâp başlady:
– Ýór ýolda ýóne ózúñ barada aýtmalysyñ hókman - diŷip ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym. Şeýdip ýôráp başladyk, men oña ózúm barada aýdyp berdim, çagalygymdan başlap şu gúnime çenli áhli başymdan geçenleri, ýóne Rôwşeni sóýýánimi aýdyp bilmedim, sebábi ol barada hiç kimiñ bilmezligini isledim. Indi  ózúmem oña bolan sôýgúmiñ ýúregimde tizirák ólmegini isleýárdim.
Serdaram ózi barada aýdyp berdi.

 Howada gyşyñ gúni diýer ýaly dál, tomus ýaly garalyp ýagyş ýagjak ýaly, ÿagyşyñ ysy gelip durdy. Garaz şeýdip biz biri birimiziñ taryhymyzy soraşyp ahyry óýúmize ŷetdim. Óýe ýetemizde ýagyş çisgáp başlady.

– Ynhada meñ óýúm, onda náme sagbol Serdar meni óýúme çenli ugradanyña. Ýagyşam ýagjak senem eziláýme - diýdim.

– Sagbol meñ aladamy edýániñe, Leýli biz indi górúşerismi? Sen maña gúnde seni okuwdan soñ óýúñe ugratmaga rugsat edermiñ? - diýip sorady. 

Men bolsa çalaja ýylgyryp náme diýjegimi bilmán durdum. Sebábi men ýúregimde diñe Rówşendi, ýóne ejemede sóz beripdim. Şondan ýylgyryp sesimi çykarman duranymy gowy górdúm.

Ol bolsa gúldi-de:

– Molçaniýe znak soglasiýe - diýdi-de: 
– Onda nâme sagbol Leýli ýenede górúşŷánçák - diýip begenip sagbollaşyp gitdi.
Menem óýe girdim. Óýde ýeke ózúm ejem işden gelen dál bolmaly,  eşiklerimi çalşyp saçymy çóşúp darap, soñam iýip içmáge aşhana bardym. 
Aşhanada gaty kán eglenmedim. Sebábi hiç zat iýesimem gelmedi. Óz jaýyma geçip paltomyñ júbsindáki nauşnigimi çykaryp telefonyma dakyp, óz gowy górýánje aýdymymy açdym. 
Soñ aýnadan daşaryny synladym. Ýagyş çynyny edip çabga ýagyp başlady, adamlar ýagyş ezmesin diýip ylgaşýardylar. 
Men daşaryny synlap 
                  ↪Iska Muslimiñ "Damjalar"↩ 
aýdymyny diñláp, Rówşen bilen geçiren gúnlerimi ÿatladym. Çúnki ol aýdymyñ sózleri meñ úçin dúzilen ýalydy, hasam şu setirleri:

Maña señ mâhriñ ýetmedi
Otyryn oýlanyp hem içimi gepledip
Meni sóýmánsiñ..
Aklyma wirus ýaly giripsiñ eýýám sen
Maña giñlik gerek
Maña sabyr gerek 
Maña sen gerekdiñ
Sensiz çykmady janym
Ýóne ruhum ólúpdir
Içimde kyýamat bolup dur

Saña aýtjaklam kándi meñ
Ýóne aramyzda gúrriñe ýer goýmadyñ
Gózúmden çykan ÿaşlar meni boýlady
Ýalandan sóýseñem senden doýmadym....

Aýdym aýtdygyça men góz ýaşymy saklap bilmedim...
Wah náme úçin meñ durmuşym beýle bolduka.. Náme úçin Rówşen menden ap añsatjak ýúz ówúrdikâ... Náme úçin meni sóýýán diýip ózúni sóŷdúrip, indem meni biderejik zat úçin oda oklap gidip bildiká.... Şu pikirler meñ gúnde içimi kem kemden iýýárdi..
Serdar diŷişi ŷaly şondan soñ gúnde okuwdan gaŷdyşynym ôŷe ugradyp, soñ gaŷdŷardy. Ol mylaŷym, mâhirlidi. Wagt geçdigiçe gún gúnden men oña ôwrenişip barŷardym. Biri birimiz barada gúnde tâzelikler bilŷâs. Ol gûnde okuwdan çykamda ôñûmde durŷar. Men ony gôrûp ŷylgyryp gelŷân, edil bolmalysy ŷaly gûnde ŷadaman gelŷâr.
Şeŷle gûnleriñ birinde men okuwdan çykyp gelŷârkâm Serdaryñ añyrda duranyny gôrûp oña tarap ŷôrâp ugradym, birden baglaryñ arasyndan biri elimi çekip meni baglaryñ arasyndaky ŷodajyklara idenekledip goŷberdi. Men nâmeleriñ bolŷanyna dûşinmedim bir seretsem Rôwşen dur. Gôzlerime ynanmadym, Rôwşeniñ gahardan ŷaña halys ŷûziniñ owadanlygy, mâhirligi gaçypdyr. Men:

– Nâme gerek saña, meni nâme ûçin beŷdip bârik çekdiñ ??? - diŷip soradym.

Ol bolsa maña gaty gahar bilen:
– Nâme ûçin meni beŷtdiñ hâ nâme ûçin Leŷli?
Ŷa men seni şo durança sôŷmedimmi hâ?
Ŷa men saña şonça sôŷgi bermedimmi?
Ŷa men saña heŷ birje gezek biwepalyk etdimmi? Nâme ûçin etdiñ bu zatlary nâme ûçin? - diŷip elini galgadyp uraŷaslary geldi. Ŷône ŷumrugyny dûwip zordan saklandy. Onuñ bu boluşyny hiç wagt gôrmándim. 
Ol meñ ŷûzime çiñerilip seredip menden ol soraglaryna jogaba garaşŷardy. 
Menem:
– Rôwşen maña gygyrma. Men señ bilen dûşinişjek wagtym sen meni diñlemân gitdiñ. Señ balañ maşynda otyrdy ol wagt sen gaty howlukmaçdyñ. Ŷadyña dûşdimi hâ? - diŷip agy garyşylykly sesim çykdy. 
Soñ biraz ŷuwdunyp:

– Sen menden maña birzatlar aytmansyñ diŷeñde men doglan gun barada aŷtmansyñ diŷŷânsiñ ôŷtmândim, şol wagtlar guda gelipdi maña, sen şony bilensiñ ôŷdûp şonda erbet ŷagdaŷa dûşdim. Sebâbi seni ŷitirmekden gorkŷardym. A sen meni ŷitirmekden ŷekeje gezek bir gorkup gôrdûñmi hâ bol jogap ber - diŷip onuñ dôşlerine ŷumruklap urup agladym. 
Ol bolsa iki elimi goşarymdan saklap: 
– Sen aglap ŷol aljak bolma, elbetde seni ŷitirmekden gorkdum... Ŷône sen meni ôldûrdiñ Leŷli, Sen meni diriligime ŷakdyñ, senden beŷle biwepalyga garaşmandym, meñ gôzlerim seni başga oglan bilen duranyñy gôrer ôŷdip ŷatsam tursam pikirime gelmãndi - diŷip ŷúzini aşak sallady.

– Rôwşen men ol wagt oñ bilen ŷôritelâp gúrleşmek ûçin çykmandym. Men joralarymy ugratmaga çykypdym. Şonda ol bir ŷerden çykdy ôzúmem geñ galdym. Soñam óŷe gitjek wagtym sen geldiñ, gôrdúñ. Men ôzúme ŷer tapmadym şondan soñ dúşinŷâñmi?! Kúl bolan ŷeke sen dãl menem senden beter boldum. - diŷip aglap gôz ŷaşymy saklap bilmedim. 

Ol bolsa ôzúniñ keç ykbalyna sogúnŷardi. Meni sóŷenine nâletleŷárdi. Men bolsa, bu zatlary eşidip oturyp bilmedim, yzyma ôwrúlip ŷôrâp ugradym.

Ol yzymdan:
– Leŷli meni taşlap gidip barŷansyñ eşidŷâñmi meni, sen ôzûñ ŷúz ôwûrensiñ menden. Men dâldirin. Şu zatlaryñ başyny sen başlansyñ - diŷip maña agzyndan gelenini sogúndi.

Men yzyma ôwrûlip:
– Ôñler oŷun edip diŷŷâdim sen hakyky dâli diŷip, indi çynym bilen diŷŷân SEN HAKYKY DÄLI, SAMSYK ekeniñ meñ ejeme ŷetip sôgûnen adam meñ úçin ôlendir ŷadyñdan çykarma şony - diŷip uly sesim bilen agladym: SEN MEÑ ÛÇIN ÔLENSIÑ RÔWŞEN. Men señ ŷûziñe indi garyndaş hôkmûndede seretmeŷân. Señ ejeñ kakaña gynanŷan şeŷle biderek ogullarynyñ bardygyna - diŷip ŷôredim. Ondan soñ ol nâme diŷdi, nâme sôgûndi bilmedim....

Şeŷlelik bilen men ômrûmde ilkinji hem iñ soñky sôŷgûmi ŷitirdim. Olar ŷaly sôŷgi indi mende hiç haçan bolmajagyny men bilŷârin....

 Esasy gapa ŷetemde bolsa meni alada edip ôñûmde Serdar dur. Onuñ maña kóp garaşany ŷûzinden bildirŷârdi. Meñ ŷúzim bolsa aglanyñ ŷúzidigi kôre mãlim. Ol meni gôrûp ŷylgyrdy,  menem çalaja ŷylgyrdym. Meñ ŷúzime seredip:

– Leŷli gowulykmy, ŷúziñ nâme birhili señ? - diŷip aladanyp sorady. Şonda men ony indi allamaly dãldigini, âhli bolŷan zatlary aŷtmagy ŷúregime dúwdim....

Serdar bilen bile ôŷe tarap ŷôrâp ugradyk, ol garşy meñ ŷûzime seredŷârdi, ŷône soñ hiç sorag bermedi..
Men ôzûm sôze başladym:

Dowamy bar
BU BLOG 630 GEZEK OKALDY.

Teswirler