""Sen Hakyky Däli...""8-nji bôlûmi

""Sen Hakyky Däli...""8-nji bôlûmi +3

Akapella, 31.07.2018

Serdar bilen bile ôŷe tarap ŷôrâp ugradyk, ol garşy meñ ŷûzime seredŷârdi, ŷône soñ hiç sorag bermedi..
Men ôzûm sôze başladym:

– Serdar saña soragym bar, eger kyn gôrmân jogap berseñ? - diýip ondan soradym.

Ol:
– Islân zadyñy sora Leŷli!
– Aŷdaly sen ôz doganoglan gyz jigiñi sôŷseñ, olam seni sôŷse, ŷône siziñ ganyñyz bir bolany ûçin geljegiñiz gôrûnmese, sen nâderdiñ?- diŷip sorag berdim.
– Bu soragyña jogap tapmak kyn dogrymy aŷtsam. Ŷône bilŷâñmi Leŷli durmuşda hemme zat bolup biler. Sôŷmen diŷip sôŷmân bolmaz, sôŷjek diŷip sôŷûp bolmaz. Kysmatyña ŷazylan bolsa sôŷersiñ, mañlaŷda bu zatlar, ŷône dogan oglan jigiñi sôŷmek ol Alladan gelen gûŷçli sôŷgi bolmasa, şeŷle seredeñde ony aljak gyzyñ diŷip sôŷesiñ gelmez. Sôŷersiñ ŷône diñe jigiñ hôkmûnde.- diŷdi.
– Dogry....- diŷip "nâdip başlasamkam" diŷip içimi gepletdim.
Ol ŷûzime seredip añan ŷaly:
– Leŷli seni nãme bimaza edŷâ aŷt, men dûşiner ŷaly bolsa dûşinjek bolaryn- diŷdi.
– Serdar... Men...mmm... Ŷañky saña beren soragymdaky ŷagdaŷa ôzûm dúşip górdûm. Sen başarsañ meni Bagyşla.. Sen meni gelin edip aljak bolijañ emma sen aljak gelniñ geçmişi barada habaryñ ŷok. Men ôz doganoglanym Rôwşeni sôŷdûm.- diŷip ŷúzimi aşak saldym...

Serdaryñ maña seredip soñam aşak bakanyny añdym. Birsalym gûrlemân ŷôredik. Soñ ol yzy ŷokmy diŷen ŷaly ŷûzime seretdi. Menem sôzûmi dowam etdim:
– Men ony şeŷle bir sôŷûpdirin, ŷône ol sôŷgi meñ ŷûregimi kerçelâp bôlek bôlek edip taşlajagyny bilen bolsadym....wahh... Hiç haçan men ol sôŷgâ ŷol bermezdim... - diŷip gynanjymdan ŷaña gôzûm ŷene çyglandy. Men Serdara âhli zatlary jikme jik aŷdyp berdim. Ol ŷol boŷy hiç zat gúrlemân diñe meni diñlâp geldi. Ôŷede nâdip ŷetenimizi bilmedik... 
Ôŷe ŷetip sagbollaşmakçy bolamda ol:
– Leŷli... Siziñ dawañyza men sebâp bolupdyryn. Eger isleseñ men señ durmuşyñda bolmadyk ŷaly ŷitip giderin. Ŷône ŷitmâkâm ŷekeje zat aŷtmakçy sen onsoñ ôzûñ gowja pikirlenip gôr...
Siziñ sôŷgiñiz Beŷik soŷgi, onuñ beŷikligine, onuñ hakyky sôŷgidigine şûbhâm ŷok ŷône ol sôŷgi men çykmadyk bolsamam bolmazdymyka diŷŷân. Sebâbi damaryñyzdaky akŷan ganyñyz bir. Siz olary ôz maşgalañyz hasap edŷâñiz, olaram sizi...
Rôwşenem seni sôŷeni ûçin şu kynçylyklary gôrendir... mmm.. Aŷ bolŷada- diŷip ŷôrejek bolanda,
Men ony hiç goŷberesim gelmedi, hamala ol gitse indi hiç haçan gelmejek ŷaly boldum.
– Serdar sen indi meni mûmkin ŷigrenersiñem, ŷône Allanyñ haky úçin bagyşlagyn meni.- diŷip ôtûnç soradym.
– Ŷok Leŷli, men seni ŷigrenmerin hiç haçan, beter tersine men seni ôñkidenem beter sôŷerin... Men seni sôŷdúm Leŷli. Ŷúregim bilen sôŷdúm. Ol sôŷgini kabul etmek bolsa, saña baglydyr, eger kabul etseñ dûnŷâdâki iñ bagtly adamlaryñ biri bolaryn, garaşaryn señ geljek kararyña, her gelen kararyñy sylaryn. Hoş ŷenede gôrûşŷânçâk- diŷip ŷôrãp gitdi. 
Men oñ yzyndan tâ garasy ŷitŷânçâ seredip pikire çúmip doñup galdym....

Şondan soñ men diñe Pikirlendim... Kân pikirlendim...

– Agyy gelŷâ ol wai hana gelŷâ, agyz ol gaty owadanja bolup gelipdir, Prosto Prins... 

Gyzlar aŷnadan jyklaşyp gúlişip ôzaralarynda gúrrúñ edŷârler. 
Men takatym ŷetmedi:
– Hanygy gôreŷin - diŷip olaryñ ŷanyna baryp jykladym gôrsem gôgûmtik kastŷum balakda, eli akja gúllije, saçlary owadan daralan ŷylgyryp Serdar gelŷâ. 
Bu gún ikimiziñ durmuşymyzyñ baglanjak gijâmizi, çúnki adaglanmak dabaramyzy Paŷtagtymyzyñ gôzel restoranlarynyñ birinde geçirmegi makul bildik. 
Serdar, meniñ ôzûme ômûrlik ŷanŷoldaş saŷlan ŷigidim gelip meniñ elime gúlini berip, elimden tutup, akja maşynda restorana gitdik. Ol ýerde áhli dogan garyndaşlarymyz úŷşip biziñ gelerimize garaşyp otyrdylar. Diktor gúrledi: 
Ŷaşlary ôz aramyza çagyralyñ diŷip şagalañly bizu garşy aldylar. Her kim bizi gutlady, Serdaryñ ejesi, kakasy bizi gujaklap ogşadylar, ejemjan ogşamaga gelende gôz ŷaşyny saklap bilmân bozuldy. 
Kakamjan... Wah sen bolan bolsadyñ, diŷip menem bozuldym...
Birŷerden Ata kakam geldi, olam ogşady, Altyn gelnejem gujaklap ogşady...
Guda tarap maña gyzyl dakdylar, ýalyk dañdylar.
Serdar bilen bir birimize ŷúzik dakyşdyk.. Tort kesip biri birimize tort dadyrdyk... Hemme kişi şatlanyp tans etdi. Bagşylarymyz ajaýyp aŷdymlar aýtdylar.. Serdar ikimizem wals tansyny etdik, biz ôzúmizi bagtly duŷup biri birimize ýylgyryp ellerimizi goŷberman oturdyk... 

Âhli zat gulala gúllik... Biz bagtly...

Soñ óýe geldik. Serdar ýylgyryp:
– Sagbol Leýli Toýda gôrúşeris - diŷip ŷylgyryp gitdi... 
Onuñ gôzleri bagtdan dolup ŷanyp durdy...

Hemmeler gaýtdy... Ejem bilen daýzam ýadap ýatdylar...

Men ôz otagymda içimi gúrledip otyrdym, restoranda bolan zatlary ýatlap... Birden elime jañ geldi. Alsam Altyn gelnejem

– Leýlijan Ejeñi ýatan bolsa oýarsana gyzym. Bize gelsin..- diýip aglaýa ôzem. Men gorkup:
– Nâme boldy? Altyn gelneje saglykmy, nâme boldy?- diýip soradym...
– Rôwşenjan awaria bolupdyr.....telefon goŷuldy...

Dúnýe ýumruldy başyma... Men ejemi oŷardym...
Soñ nâme etdim náme goýdum bilmedim...
 Diñe elimi dyzyma urup agladym... Rôwşen Rôwşenjanym nâme úçin beýtdiñ - diýip dâllirâp agladym.

Ynha bu gúnlerem Rôwşeniñ pata gúnleri. Ôlen bilen ôlúp bolanok diŷŷãler, emma men Rôwşen bilen bile ôldúm...
Serdaram meñ ýúregimi açjak bolýa... 
Oñada toý bolmaz diýdim.. Men ýúregimi ýere gômúp toý edip bilmerin indi diýdim.
Yzyny ýazmak maña gaty agyr... 
Ýône ýekeje diýjegim size hiç haçan ôz sôýgiñizi ýitirmejek boluñ! Çúnki Sôŷgi ŷeke gezek gelŷândir...
Galany biderekdir... 
Maña dogry dúşinersiñiz diŷip umyt edýán. 
Eger ôterâk geçen bolsam bagyşlañ...
Ŷazgarmañ meni...

SOŇY
BU BLOG 918 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Annam 2 ýyl öň
Nähili türkmen saýtlary bar şu "bolan wakalar" ýazylmaýan paýlaşaýyň.
@Çaldygoýdy 2 ýyl öň
Name boldy @ANNAM
@SerdarlySerdar 2 ýyl öň
Mazaly soñy geldimaý
Menä telefonyñ jydaman partlar öýtdim soñy gelinçä...