Sen maňa kömek etmek isleýäňmi?
Sen maňa kömek etmek isleýäňmi?

Sen maňa kömek etmek isleýäňmi? +9

@Graff | 20.10.2019 ý.
Umyt — tümlükde elini uzadýan ynam...
Jorj Aýls
     1989-njy ýyldaky 8,2 ball ýer yranmasy Ermenistanyň çäginiň bir bölegini ýer bilen ýegsan etdi diýip bolar, dört minuda hem ýetmeýän müddetde 30000-den hem gowrak adam heläk bolupdy.
     Bu weýrançylygyň hem ber-başagaýlygyň içinde bir maşgalabaşy aýalyny öýde galdyryp, oglunyň okaýan mekdebine tarap ylgapdyr. Ilkinji sarsgyndan soňra ogluna beren wadasy kakasynyň ýadyna düşüpdir: «Her näme bolsa-da, men hemişe seniň ýanyňda bolaryn!». Onuň gözleriniň owasy ýaşdan dolupdyr. Oglunyň okaýan otagynyň binanyň sag tarapky, artky burçdadygyny ýadyna salypdyr. Ol şol ýana okdurylyp, diş-dyrnak bolup, harabany dörjelemäge başlapdyr. Ol yhlas bilen gazmagyny dowam edýärkä, betbagtlyga uçran ata-eneleriň birnäçesi gelipdir. Olar ellerini gursagyna urup: «Oglum!», «Gyzym!» diýip, yzanda-çuwanlyk bolup eňreşýän ekenler. Akylly-başly adamlaryň käbiri bolsa ony öňki mekdepden galan üýşmek harabadan tamasyny üzdürmäge çalşypdyrlar. Olar şeýle diýipdirler:
— Öte giç!
— Olar ölendirler!
— Seň olara delalatyň ýetmez!
— Öýüňe gaýt!
— Kaýyl bolaý, bolan işe çäre ýok!
— Beterinden saklasyn!
Erjel kaka welin olaryň her haýsyna diňe bir jümle bilen jogap gaýtarypdyr:
— Sen maňa kömek etmek isleýäňmi?
Soňra bolsa ogluny örtüp ýatan daşlary ýeke-ýekeden aýryp taşlamagyny dowam etdiripdir.
Ýangyn söndürijiler toparynyň baştutany hem gelip, ony raýyndan gaýtarmak isläp, şeýle diýipdir:
— Şunuň ýaly ýykgynçylykda birden ýangynyň tutaşmak howpy uly bolýar. Janyňa haýpyň gelsin. Özümiz bir alajyny ederis. Gaýt öýüňe.
Ogluny agtarýan kaka bolsa öňki jogabyny gaýtalapdyr:
— Siz maňa kömek etmek isleýärsiňizmi?
Polisiýa işgärleri hem gelip, ony öýüne gaýtarjak bolupdyrlar:
— Jany ýanan Taňrysyna gargar etme, biderek azap çekýäň, bary gutardy. Sen beýlekilerem howp astynda goýýaň. Dolan öýüňe, bu biziň işimiz!
Onuň jogaby üýtgemändir:
— Siz maňa kömek etmek isleýäňmi?
Emma oňa hiç kimden hemaýat bolmandyr. Ol tenha halda mertlik bilen jebirli zähmetini dowam edipdir. Oňa göwnüne jaý edip anyklamak derkar eken: «Oguljygym dirimi ýa ölümi?».
      Ol harabany köwmegini bes etmän, çaklaýan ýerini gyzyl-dörjük edipdir. 8 sagat gazypdyr, soň 12..., 24.., 36 sagat... Ahyry wagt 38-nji sagatdan alyp durka bir harsaň daş bölegini goparyp taşlanda ol jigerbendiniň sedasyny eşidipdir. Adyny tutup, jansyz gygyrypdyr:
— ARMAND!
Ol owazyna jogap alypdyr:
— Kaka! Bu men, kaka! Men ýanymdaky çagalara-da gorkmazlygy ündedim. Eger seniň başyň dik bolsa, hökman meni gutarjaklygyňy aýtdym. Meni halas etseň, olar hem halas bolar. Sebäbi sen: «Her näme bolsa-da, men hemişe seniň ýanyňda bolaryn» diýip wada beripdiň. Sen sözüňde tapyldyň, kaka!
— Nähili ýagdaýlaryňyz? — diýip kakasy sorapdyr.
— Synpdaky 33-imizden 14 bolup galdyk, kaka. Jaý ýumrulanda otag üçburçluk ýaly bolup çökdi. Biziň diri galmagymyza sebäp boldy şol. Biz gorkýas, ajykýas, suwsaýas. Geleniň üçin sag bol, kaka!
— Çyk, oglum!
— Ýok kaka! Ilki beýleki çagalar çyksyn. Sebäbi sen meni alyp çykarsyň, halas edersiň ahyry. Her näme-de bolsa, seniň meni taşlamajagyňy men bilýärin!
                                                                                             Mark Wiktor Hansen.
taýýarlan: @Graff
bu blog 116 gezek okaldy

Teswirler

@Biolog 3 hepde öň
@Graff seniň bu bloguň Aşgabat ýer titremesini ýada saldy.
Örän täsirli.
@Graff 3 hepde öň
@Biolog köp minnetdar!
@zwezda 3 hepde öň
men hem munu okamda 1948 ýyldaky bolan ýer titreme ýadya düşdi
@Graff 3 hepde öň
@zwezda okanyňyz üçin minnetdar! :)
@darkweb 2 hepde öň
tuweleme gowy yazylan. ene atalar seylede bolmaly
Älemjahan