Sen ýok.Söýenim ýok.

Sen ýok.Söýenim ýok. +3

@ulykazy | 15.05.2019 ý.
Ýene güneş batdy,gyzaryp iñrik,
Agşam zerli donun atyndy egne.
Menem dünýäñ bir burcunda otyryn,
Müñ dürli oý pikir getirip sere.

Ýan bermezek gussa bilen birlikde,
Ýekelik kemsidip basyp dur üstüm.
Häzir men derdimi kime aýdaýyn?!
Sen ýok,söýenim ýok basyldy sustum.

Cözläp ýüregimiñ gamly bajygyn,
Ÿazýaryn,ýanýaryn sowuk howada.
Ýekeligiñ gussasyny paýlaşyp,
Duýmandyryn güýz günleri sowanda.

Sowukda kalbymy ýyladan bolmaz,
Söýenimem bir wagt terk etdi meni.
Senem uzaklardan nazar salmarsyñ,
Gelmersiñ gygyryp çagyrsam seni.

Gelmersiñ,duýmarsyñ üşãp durşumy,
Kimse gulak salmaz bu zaryn heñe.
Söýenim ýok,senem menden uzakda,
Men derdimi kime aýdaýyn Eje?!

Şagül Dovadova.

Çeshme: duralga.ru
bu blog 45 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan