Ser Uinston Çerçilden paýhasly sitatalar
Ser Uinston Çerçilden paýhasly sitatalar

Ser Uinston Çerçilden paýhasly sitatalar +3

@Graff | 23.06.2019 ý.
1. Eger siz dowzahyň içinden barýan bolsaňyz, togtamazdan ýoluňyzy dowam ediň.
2. Seniň duşmanlaryň barmy? Ýagşy. Diýmek, sen ömrüňde haçandyr bir wagt nämedir bir zat babatda berk durup, öz niýetiň amala aşmagyny gazanansyň.
3. Islendik krizis — bu täze mümkinçiliklerdir.
4. Akylly adam ähli ýalňyşlygy bir özi goýbermez, ol bu babatda özgelere-de mümkinçilik berer.
5. Demokratiýa garşy iň gowy delil — ortatap saýlawçy bilen bäş minutlyk söhbet etmekdir.
6. Üstünlik — bu entuziazmy ýitirmezden bu şowsuzlykdan beýleki bir şowsuzlyga ýöremek ukybydyr.
7. Laçyn ýel ugruna däl-de, ýele garşy uçanda belende göterilýändir.
8. Öz garaýşyny hiç haçan üýtgetmeýän adam akmakdyr.
9. Kapitalizmiň düýp kemis tarapy — oňaýlylyklaryň des-deň bölüşilmezligindendir; sosializmiň düýp mynasybeti gedaýçylygyň des-deň bölüşilmegidir.
10. Bürgütler dymanlarynda totuguşlar ýaňraýarlar.
11. Häkimiýet — neşedir. Ony ýeke gezek dadyp gören, onuň bilen ömürlik zäherlenendir.
12. Ömrüniň dowamynda her bir adama özüniň «beýik mümkinçiligine» büdremek nesibi berilýär. Gynansagam, biziň aglaba köpçüligimiz ýykylan ýerimizden galyp, hiç zat bolmadyk ýaly, üst-başymyzyň çaňyny kakyp, ýolumyzy dowam ediberýäris.
13. Saglyk hem baýlyk dilemäň, çünki Titanikdäkileriň ählisi baýdylar hem sagdyndylar, diňe birlän-ikilän kişä şowlulyk ýar bolupdy.
14. Hakykat jalbaryny geýýänçä, ýalan dünýäniň ýaryna aýlanyp çykýar.
15. Syýasat edil uruş ýaly jygba-jygly hem howpludyr. Uruşda sizi diňe bir ýola öldürip bilerler, syýasatda welin köp gezek öldürerler.
16. Meniň işdäm kän bir çylşyrymly zat däl. Iň gowusy bolsa, men aňsatlyk bilen kanagatlanýaryn.
17. Jedelde sözüňiziň soňky söz bolup galmagyny isleýärsiňizmi? Onda garşydaşyňyza şeýle diýiň: «Görýän welin, sen mamla öýdýän».
18. Sapak alarlyk säwlikleri ýeterlik derejede ir goýberen kişi uly artykmaçlyga eýe bolýandyr.
19. Adamlar bilmeýän syrlaryny saklamaga juda ezberdirler.
20. Men doňuzlary gowy görýärin. Itler bize aşakdan ýokary garaýarlar. Pişikler — ýokardan aşak. Diňe doňuzlar bize deň derejeli hökmünde bakýarlar.

dowamy bar...
Taýýarlan: @Graff
bu blog 192 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan