Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) düýşi

Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) düýşi +1

Atakaka, 04.08.2019
Semure b. Jündüb şeýle habar berýär: “Resullullah (sallallahu aleýhi wesellem) köplenç sahabalaryna: “Siziň içiňizde düýş göreniňiz barmy?” diýip sorardy. Şondan soň oturanlaryň arasynda kim düýş gören bolsa, düýşüni gürrüň bererdi. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) hem Allanyň halan uslybynda ol düýşi ýorardy. Bir gezek Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ertir säher bilen şeýle diýdi:
“Öten agşam düýşümde ýanyma iki sany adam gelip, maňa “ýöre” diýdiler. Men-de olar bilen bile ýöredim. Soňra biz arkasyny bir zada ýaplap oturan bir adamyň ýanyna geldik. Seretsem, onuň baş ujunda, eli bir bölek ullakan daşly birisi dur. Ol adam elindäki daşyny oturan adamyň depesinden inderýär we onuň kellesini ýarýar. Ondan soň daş-da ýere gaçyp togalanyp gidýär. Ýaňky adam ol daşyň yzyndan ylgap, ony eline alyp yzyna dolanyp gelýänçä, oturan adamyň kellesi oňat bolýar duruberýär. Eli daşly adam bolsa, şol öňki hereketlerini gaýtalap dur. Soňra ýanymdakylara:
-Subhanallah, bu nedir? – diýdim.
-Sen ýene ýöräber – diýdiler.
Ýene-de ýöredik we arkan ýatan bir adamyň ýanyna geldik. Bir seretsem, onuň başujunda eli çarşakly birisi dur. Ol ýatan adamyň gapdalyna geçip, elindäki çarşagyny onuň agzynyň, burnunyň bir gyrasyndan sokup, çarşagyny towlap, agzyny, burnuny ýirýär hem-de gözüniň birini düýbünden çykarýar. Soňra ýatanyň beýleki gapdalyna geçip, edil ýaňky edişi ýaly, onuň beýleki gözüni çykarýar we agzynyň, burnunyň beýleki gyrasyny ýirýär. Ýöne ol onuň ýüzüniň bir tarapyny edýänçä, beýleki tarapy oňat bolýar duruberýär. Ol şonda-da bu işini dowam etdirip dur. Men-de durup bilmän:
- Subhanallah, bular nedir? – diýdim.
- Sen entäk ýöräber – diýdiler.
Biz-de ýöredik. Ahyry tamdyra meňzeş bir küräniň ýanyna geldik. Bir görsem ol küräniň içinden düşnüksiz sözler, erbet goh-galmagaldyr agy sesleri eşidilýär. Ol küräniň içine seretsek, içi ýalaňaç erkekmi-de aýaldan doly. Aşaklaryndan bolsa ot tutaşdyrylypdyr. Ot tutaşdygyça-da olar wägirişip, dady-perýat edýärler.
Men-de:
-Bular nedir? – diýdim.
-Sen ýöre-ýöre – diýdiler.
Ýöredik. Bir derýaň boýuna bardyk. Suwuň reňki bolsa, edil ganyň reňki ýaly gyp-gyrmyzy. Bir seretsem, derýada biri ýüzüp ýör. Derýanyň kenarynda-da töweregine birgiden daş üýşürilgi bir adam dur. Ol derýaň içindäki adam bolsa güýjüniň ýetdiginden ýüzüp, hälki, ýanyna bir topar daş üýşürilgi adamyň ýanyna gelýär we agzyny açýar. Ol adam-da onuň agzyna bir daş atýar, ol-da täzeden ýüzüp gidýär. Soňra aýlanyp ýene-de derýanyň kenaryna gelýär. Edil öňküsi ýaly, her gelende-de agzyny açýar, beýlekisi-de oňa bir daş ýuwutdyrýar.
-Bu ikisi nämedir? – diýdim.
-Ýöre-ýöre – diýdiler.
Ýöredik, soňra biz, şeýle bir murdar, şeýle bir aýylganç, hatda “Bu ynsanmyka bir” diýiljek bir adamyň ýanyna geldik. Seretsek, ol adam ot ýakyp, ol oduň daşyndan aýlanyp dur.
-Bu näme? – diýdim.
-Ýöräber, ýöräber – diýdiler.
Ýöredik. Ahyry, her dürli gül-gunçalar ösüp oturan, ýaýylyp ýatan gülälekli meýdana ýetdik. Seretsem, meýdançanyň ortarasynda uzyn boýly bir adam dur. Eger biraz gijiräk galan bolsam, onda onuň seleňläp göge ýetip duran başyny görüp bilmezdim. Daşyny-da henize bu güne çenli görmedik çagalarym. Çagalar şeýle kän welin, sanap gutarar ýaly däl.
-Bular näme? – diýdim.
-Ýöräber, ýöräber – diýdiler.
Ýöredik. Bir agajyň ýanyna geldik. Men henize çenli beýle beýik we owadan agajy görmändim. “Bu ýere gir!” diýdiler, girdik. Seretsem, kerpiçlerine çenli altyndyr kümüşden gurlan, giden bir şäher. Şäheriň derwezesine bardyk we ol gapynyň açylmagyny isledik. Gapy açyldy. Seretsek, bizi garşylamak üçin birgiden adam garaşyp dur. Özünem olaryň ýarpy göwreleri-hä şeýle bir owadan, şeýle bir gözel, beýleki ýarpy göwreleri-de diýseň gorkunç, diýseň pis. Ýanymdaky şol iki kişi olara: “Gidiň-de derýa giriň” diýdiler. Seretsem, öňümizde çüýşe ýaly dury suwly, lummurdap derýa akyp ýatyr. Özünem, şeýle bir giň welin, aňyrsyna-bärsine göz ýeter ýaly däl. Suwuň reňki bolsa, edil arassa süýdüň reňki ýaly. Ýaňkylaryň hemmesi bu derýa girip çykdylar. Soňra bolsa, dolanyp biziň ýanymyza geldiler. Seretsem, olardaky hälki erbetlikleriň ählisi aýrylypdyr we şeýle gözel şekile giripdirler. Ýanymdakylar maňa: “Bu Adn (Jennetde bir derejäniň ady) Jennetidir. Şu-da seniň mekanyňdyr” diýdiler. Gabagymy galdyryp seretsem, ak buluda meňzäp duran bir köşk dur. Olara:
-Allah bereketiňizi artdyrsyn. Meni-de goýberiň, gireýin – diýdim.
-Häzir bolmaz, emma sen ol ýere girersiň – diýdiler.
-Bu gije geň-ajaýyp zatlar gördüm, bu görenlerim nämäň alamatydyr? – diýdim.
-Biz saňa bulary aňladaly diýip, başdan-aýak bolup geçen zatlary düşündirmäge başladylar. Ilki görenimiz, depesine daş bilen urlup, sütem edilýän adam, Kuran okamagy öwrense-de ony okamaýan we uklap, parz namazlaryny wagtynda ýerine ýetirmeýän adamdyr. Ol erni, burny çarşak bilen towlanyp, düýbünden ýyrtylyp, tä ýeňsesine çenli süýndirilen we gözi köwlenip çykarylan adam-da, öýünden ertir bilen ýaman niýetli çykyp, tä uzaklara çenli ýalan gepler ýaýradan birisidir. Tamdyra meäzeş küräniň içinde, astynda ot goýberilen ýalaňaç erkekler we aýallar bolsa, zyna edenlerdir. Derýada ýüzüp ýören we aralygynda kenara gelende agzyna daş atylýan adam bolsa, faiz iýen (prosent alan süýthor) kişidir. Ot ýakyp daşyndan aýlanyp ýören, aýylganç görnüşli birisi bolsa, jähennem işleri bilen jogapkärli Mälik atly melekdir. Gülälekli meýdandaky uzyn boýly adam bolsa Ybraýym Aleýhisselamdyr. Töweregindäki çagalar-da heniz kiçijik ýaşda ölen çagalardyr...
-Eý, Resulallah, olaryň içinde müşrikleriň çagalary-da barmydyr? Ol günäsizje çagalaryň içine olar hem girýärmi? – diýip soraldy.
-Müşrikleriň çagalary-da ahyretde musulman çagalary ýalydyr. Ol, ýarpy göwresi owadan, gelşikli, galan bölegi-de aýylganç kişiler bolsa, ýagşy amallar bilen birlikde ýaman işleri-de edenlerdir, ýagny hem sogap, hem günä ýüki bilen gelenlerdir. Eden ýagşy-ýagşy işleri üçin Allah Tagala olary bagyşlandyr..
BU BLOG 168 GEZEK OKALDY.

Teswirler