Soñky söz / Çary Ýegenmyradow

Soñky söz / Çary Ýegenmyradow +7

@Dipsomaniac | 09.07.2019 ý.
Bu höwes erkime goýmady meni,
Indi men şoňa-da ýetmäge taýyn.
Bagta tarap barýan iň soňky ýoly
Tapdym 17-nji gününde maýyň.

Bu gün bir üýtgeşik gün boldy,
gökde
bulutlar meňzeýär bölegne kamsyň.
Ol meniň iň soňky ykbalym,
ýöne
men mawy asmana bakýaryn gamsyz.

Ýaşaň siz, adamlar,
erkana boluň,
Mensiz bir adamlyk giňän dünýäde.
Onsoňam hiç haçan «bagtly bolmaga
mümkinçilik ýokdur — diýmäň — dünýäde».

Men gaty begenýän, kakam pahyryň
horlansa-da, menden soňa galanna,
Aşymy-suwumy berer ol hökman,
Bermese-de, il içinde halanmaz.

Hoşlaşyk sözleri gysga aýdylar,
Bu däbe hemişe kaýyldyr her kim.
Size gowy günler arzuw edýärin,
Çünki başga zada ýetmeýär erkim.
bu blog 102 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan