SOLTAN SANJAR

SOLTAN SANJAR +3

Aýlara, 24.03.2020
  SOLTAN SANJAR


                        (1086--1157)


Doly ady: Muizeddin Abul Harys Sanjar.


Ol heniz 11 ýaşyndaka Horasana häkim bellenýär


1118nji ýylda bolsa BEÝIK SELJUK DÖWLETINIÑ SOLTANY diýip yglan edilýär.


Heniz dirikä özūne kūmmet gurduryp, ony "Ahyret öýi" diýip atlandyrýar.
1157njy ýylda aradan çykansoñ, öz wesýetine görä, şol ýerde jaýlanýar.


Soltan Sanjar mawzoleýiniñ gurulmagyna sebäp bolan bir syrly hadysa, rowaýat bolup halk arasynda saklanyp galypdyr. Men şony size ýetirmegi makul bildim.


Soltan Sanjar bir asman perişdesine aşyk bolýar. Perizat aýdýar:
--- Meniñ 3 şertim bar. Şolary berjaý etseñ men saña durmuşa çykmaga raźy, şertlerim şular:
1. Meniñ saçymy daraýşyma seretmeli däl.
2. Ýorän wagtym söbūgime seretmeli däl.
3. Hič wagt bilimden gujaklamaly däl.
Şu şertleri kabul etseñ saña durmuşa çykmaga razy, diýýär.
Soltan bu şertlere razylaşýar. Ýöne ynsan bilesigelijiligi ūstūn çykyp, şertini bozýar. 
Ol periniñ saçyny daran wagty bildirman synlaýar. Görse, peri kellesini eline alyp saçyny daraýar eken.
Ýörände aýagy ýere degmeýändiginem görýär.
Periniñ bilinden gujaklanda bolsa, asla sūñksizdigini bilýär.
Şeýlelikde hemme şertler Soltan tarapyndan bozulýar.
Buña gahary gelen peri ak kepderä öwrūlip,asmana galýar.
Şonda Soltan periniñ yzyndan:
--- Meniñ gūnämi öt !!! Seni görūp durmasam ölerin, diýip gygyrýar.
Peri yzyna öwrūlip:
--- Meni görjek bolsañ dūnýede heniz deñi-taýy ýok, örän beýik we gözel ymarat saldyr. Onuñ çūr depesinde bir deşik bolsun. Her anna gūni men şol ymaratyñ depesindäki deşikden saña serederin, diýip uçyp gidýär.
Şondan soñ Soltan özūne şu kūmmedi gurduranmyş....


Her bir rowaýatyñ añyrsynda hakykat ýatandyr. Haas dogrusyny Allah bilýändir. Bu syrlara akyl ýetirerden ynsan balasy ejizdir....

Çeşme:nexttm.com
BU BLOG 2018 GEZEK OKALDY.

Teswirler