Sowgat
Sowgat

Sowgat +9

Nefertiti, 07.07.2020
Gahrymanlar we wakalar oýlanyp tapylandyr. Durmuşdaky gabat gelmeler we şagal-möjekler bilen hiç hili alakalary ýokdur!
 
Şonda men özümi hakyky alhimik ýaly duýupdym. 
Deňziň kenarynda çägeden köşk gurup otyrkam, deňiz tolkuny bilen bir çüýşe geldi. Hawa, men şonda begenipdim: “Dirilik suwuny gözlemesem-de, özi üstüme ýüzüp geldi-ow” diýip. Soň seretsem, onuň içinde kagyz bar eken. Şonda-da umytdan düşmedim. Belki şol Suwuň ýa-da pelsepe daşynyň formulasy ýazylandyr. 
Öz ýanymdan pikir edýän, şu wagt bagyň içinde oturan bolup, üstümden alma gaçany bilen men görnükli fizik bolamok ahyry. Ýa bolmasa şu kagyzdan formula çykany bilen men güýçli himik däl-ä.
Ne bela samsyklyk. Bu çüýşäni men başyma ýapaýynmy? 
Çüýşäni elimiň tersine deňze tarap zyňmakçy boldum. Soňam ony zyňmaly däl diýen karara gelip, kenarda bir ýerde bukup goýmagy makul bildim.
Dogry, meniň kararym birhiliräk hem. Meniň ýerime başga biri bolanda haty şol bada açyp görerdi. Ýagny, munça pikir edip uzaga çekip oturmazdan. Şol biderek bilesigelijilik mende ýokdy. Belki çala dörän hem bolsa, ony öldürmek isländirin. Köplenç başymyza bela şol sebäpli gelýär ahyry. 
 
Aslynda ýazmaly zadym deňiz baradady. Sebäbi bijeden deňiz barada ýazmak çykdy. Ýöne deňiz barada kän bir maglumatym ýok (Garakçylar we olaryň gämileri barada hem ýazyp bilerdim, gaýbana). Wakanyň soňy bar (edil deňiz barada bolmasa hem).
BU BLOG 2902 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Gara_gash 4 hepde öň
,,Belki şowlulyk getirendir ,, diýen umyt bukup goýdurandyr
@Nefertiti 4 hepde öň
Mümkin) Heniz ondan habarsyz.
@Tokmak 4 hepde öň
Ahyry ýazypsyňyz-da, tüweleme. Dowamy köp bolsun!

Bu hekaýanyň hem dowany uzaklaşdyrman ýazaýsaň. Ol sowgadyň nähili sowgatdygy gyzyklandyrdy.
@Nefertiti 4 hepde öň
Ýöne bu araky söz berenim (okan kitabym barada) däl-dä. Hökman) (Bu bir bije çekilen)
@Tokmak 4 hepde öň
Hawa, oňa hem garaşýaryn. Bir ýazybilseň, oňa-da nobat ýeter.
@myhman 4 hepde öň
"şagal-möjekler bilen hiç hili alakalary ýokdur" - dalde "şagal-möjekler bilen hiç hili BaglanshygY ýokdur" bolmaly,

Bu bir bije çekilen - dalde - Bu bir bijesi chuwen - bolmaly

@Nefertiti 4 hepde öň
Aslynda şagal-möjek hem bolmaly däl beýle diýjek bolsaň (alaka sözüni ýazan manymy alyp bilmedik bolsaňyz aýratynlap düşündirip hem oturmaýyn). Bijäm çüwmedi. Bije çekenimde düşen tema şu.
@myhman 4 hepde öň
@Nefertiti, shagal-mojegi ayyrsan men diyenim manysyz bolya, alaka turk sozi, turkmençesi baglanshyk bolya, turkmen sozi bolan alakanyn o yerdaki hiç hili manysyna dushunup bilmedim, kyn gormesen dushundiray,
Senin bijan çuwdi diyemok, temanky diyyan
@Nefertiti 4 hepde öň
Düşündim. Dogry. Men bolsa özüm tarapdan seretdim (temany bije hökmünde çeken men-ä (bilet ýalyrak) ) Teswiriňiz üçin minnetdar! Düşünesiňiz gelse düşündirerin.
@myhman 4 hepde öň
@Nefertiti, ok, sen shey diyyan bolsan sheyledir, beylekiler dushundimika shony bilesim gelya
@Nefertiti 4 hepde öň
Bilmedim)
@Anuşkam 3 hepde öň
Ay manysyna dushundimde kabir sozlene dushunmedim..olam hich
@Anuşkam 3 hepde öň
Ay manysyna dushundimde kabir sozlene dushunmedim..olam hich