Stressiň kelle beýnisine täsiri

Stressiň kelle beýnisine täsiri +5

@Graff | 28.09.2018 ý.
“Stress”-iň kelle beýnisine täsiri
Hemmämiz biz bir zady alada edip gaharlanan, gyjyndyrlan ýagdaýda bolup gördük. Uzak wagt uklap bilmän birzadyň pikirini edýärdik. Hemme adama stressiň aladalanmasy tanyş... 
Stress hemmişe negatiw aladalanma däldir. Ol kömekçi bolup biler. Meselem: biz uly auditoriýanyň öňünde çykyş edemizde ýa-da sportsmen bolup ýaryş bolanda, stress biziň güýjimizi sazlaýar. Ýöne adam uzak wagt stress yagdaýyda bolsa onda stress adamyň tutuş organlaryna erbet täsir edýär. Bu temada stressiň kelle beýnisine negatiw täsirleri hakda aýdyp geçmegi makul bildim. 
Hroniki stress ýa-da başgaça “distress” köplenç maşgalada ýa-da işde  dartgynly ýagdaý bolýanlygy üçin döreýär we kelle beýniň gurluşyny, funksiýasyny üýtgetýär. 
Stress gipotalamo-gipofiziorno-adrenalin sistemasy  bilen sazlanýar. Ol endokrin mäzi we böwrek üsti mäzler bilen baglanşyklydyr. Biziň beýnimiz stress ýagdaýyny tananda ol organlara signal geçirýär we kartizol garmonyny sintezleýär. Kortizol gormony biziň organizmizi bütünleýin işjeňligimizi ulaltýar ýöne pikirlenmämizi ösdürmeýär. Meselem: adam dowul tapma – aljyran wagty başga bir ýere gitýär, nämedir bir hereketler edýär we nädip şol ýere baranyny, nädip şol hereketleri edenini bilmeýär, ýadyna düşmeýär. Affekt ýagdaýydaky hereketler hem muňa degişli bolýar. Şu ýagdaýda bolan adam telefonda gürleşip soň näme hakda gürleşenini bilmän biler. Şeýlelikde ýat bilen pikirlenme bozulýar. 
Ýene-de bir zyýanly tarapy kortizolyň köp bolmagy neýronlaryň sinapsyna zyýan ýetirýär, kelle beýniniň frantal bölümi zeperlenýär. Bu nämä zyýan ýetirýär? Beýniniň şol bölümi pikirlenmä, ýada we sosial aragatnaşyga jogap berýär. Barlaglaryň netijesinde bellik edildi: kortizol  domofin islegleriň merkezini has duýgur etýär. Ol bolsa öz gezeginde şertli refleksa jogap berýär. Siz bir zat etýäňiz beýni domafin öndürýär we siz lezzet alýaňyz. Domafin: "sen gowy edipsiň indikide-de şeýle hereket et" diýýän ýaly. Uzak wagt stressda bolmak Alsgeýmer keseline (ýatkeşligiň ýok bolmagy) getirip bilýär diýip çaklaýarlar.
Şonuň üçinem uzak wagtlap stressda bolmakdan daşda duruň. Munuň üçin dürli usullary ulanyp bilersiňiz. Meselem: ýeke ýa-da maşgalaň, dostlaryň bilen gezelenç etmek, tans etmek, gülküli kino, oýna tomaşa etmek, dürli oýunlary oýnamak we beýlekiler.

Gyzykly bolandyr diýip umyt edýän.
 
© Graff
bu blog 83 gezek okaldy

Teswirler

@donnie 3 hepde öň
google translate-a türkmen dilinem goşupdyrlar öýtýän)
@Qwerty 3 hepde öň
vpn ishlese stress yitya
@Jepax 2 hepde öň
Kelle beyni ??? Hmmm , bashga nirinde beyin bar?
@Gamzeli 1 hepde öň
Gaty dogry, meñ ün yazylan yaly bolupdyr. Uzak wagtlap stressda bolyanym ün meñ yatkeşligim yityan eken..((
@Graff 1 hepde öň
@Jepax bu otnositel düşünje, beýniniň atlandyryşynyň bir görnüşi... :)