Synag.

Synag.

Annagul, 20.05.2020
Gadym, bir döwürlerde bir shahyr bolan. 
Dynman ol öz goshgylarynda öwünen.
Ol diýipdir:-Menden ökde shahyr ýok, 
Gazal, goshgy ýazmakda häli öňe geçen ýok.
 
 Meniň goshgylarymy gelin-gyzlaram söýýär,
 Goshgymy okan  gyzlar, maňa hut  ashyk bolýar.
 Käbirleri hushuny ýitirip ýykylyp galýar.
 Meger bu meniň ökdedigimizi görkezýär. 
 
Su öwünjeň shahyr belany basyna satyn alan,
Bir gün, ýurdyň patyshasy ony huzyyna çagyran.
Seretse gapysynda ençeme nökerler duran,
Olaryň içinde eli aýpaltaly jellat hem bolan.
 
Jellat oňa gözlerini alardan,
Misli onuň sypaty kelle alardan bolan.
Nökerler ony idenekledip äkiden, 
Eltip patyshanyň öňüne dikilgazyk eden.
 
Ynha, patysha altyn tagtynda otyr, 
Hyzmatkärler, bu ýerde hatar bolyp dur.
Patysha diýen oňa;-Sende bir ish bar,
Serwinäz atly bir gözel gyzym bar.
 
-Ine, shu gyzym gaty bir ynjyk,
Shu gyzyma gerek , ony wasp etjek,
Sen barada eshitdik biz öwgüli sözler,
Hamala ähli  gyzlar diňe saňa ashyk.
 
Öwünjeňi öwseň özünden gider,
Ketgen bolup, çöl içinde pezzerer.
Biziň bu shahyrymyz hem şeýle bolupdyr, 
Bu öwgüden bir sagat agyp düshüpdir.
 
Özüni bilmän çashyp ýatypdyr, 
Patysha onuň bu bolushyna gülüpdir.
Indi ony özüne getirmeli bolupdyr, 
Bir çelek sowuk suw onyň paýy bolupdyr.
 
Ol indi özüne:-Kim men diýipdir,
Eger çyksa, sha gyz indi meňki diýipdir,
Ynha sha gyzyň  göwnün awlaryn,
Gazallarym bilen ony özüme  maýyl ederin.
 
Şeýle hyýalar bilen  gyzyň adyna gazallar ýazan,
Shol bir sözi totygush  deý gaýtalan. 
Sha gyzyn deňän  güllere, aýa ýene ýyldyza,
Duryp bilmän gyza,saňa  ashyk men diýen.
 
-Eý, adamlar aýydýan sözleriňizden habardar boluň
Nämeler diýýäňiz, bilmän  belaýa galmaň.
Shol gün gelip, shahyr goshgysyny okamaly bolupdyr,
Ullakan köshgüň ici  dürli myhmanlardan  dolupdyr. 
 
Ynha, altyn tagtda indi patysh gyzy oturan,
Onuň altyn lybaslary göz gamashdyryp ýaldyran.
Ondan bark uran ýaslyk, beýiklik we gözellik ysy,
Sha gyzyň ýanynda her kim özüni bagtyýar saýar.
 
Bu shahyr hem birbada şeýle halata düshen,
Emma öwünjeňlik, onda gopbamsylyga öwrülen.
Ol gyza ýüzlenip;- Sen meniň magshugym diýen.
Güller içinde gül sen, aý hem sençe ok diýen.
 
Gerekmeýen  wadalary sha gyzyna sugshyran,
Patyshanyň öňünde duranyn ýatdan çykaran.
Basharmajak ishin aýdyp, gyz ýanynda öwünen.
Garyp bilen patyshanyň ýoly bir däl, unudan.
 
Tagtda otyran sha gyzyň peshenesi piseren.
Altyn lybas, altyn tagtda ýylan deýin shakyrdan.
Güle,aýa deňelen patysha gyz, indi ýyrtyja öwrülen,
 Jöwher gylyç  bu akmagyň kellesini togalan. 
 
Hiç kim bilmändir sebäbini, öwünjeňi öldüren. 
 Bir desse güli alyp patysha gyz, agyl tarap ýönelen.
Ýene barmy içiňizde, töweregine herrelen,
Meni geçä deňejek, elindäki gülleri geçilere iýdiren.
 
Shonuň üçin ýigitler, gyzy güle deňemäň.
Owadan sözler bilen gyz kellesin aýlamaň.
Bu nadan shahyr deý gyz ýanynda öwünmäň.
Gyz  öňünde synagda özüňizi ýitirmäň.
 
 
 
 
 
 
 
 
 
BU BLOG 1335 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Winston 2 hepde öň
Ok
@Shirwan 2 hepde öň
Bu zatlary näme üçin 4 setire bölüşdirip gürrüň berdiň?
@Annagul 2 hepde öň
Goshgy, gazal ýazyp bilýänimi barlap gördüm. Arada shu aýydýanym ýitip gitdi. Poema, dessanlar ýazmak maksadym bar. Näme üçin bizde roman ýazýan ýok.
@Shirwan 2 hepde öň
Kim aýtdy roman ýazýan ýok diýip? Aldapdyrlar sizi.
@lifeisgood07 2 hepde öň
Bogun sany dogry gelenoga, täzeden düz gosgyňy
@Shahan1900 1 hepde öň
Iki bende cenli okadym. Halamadym