Synçylygyň syry
Synçylygyň syry

Synçylygyň syry +2

@Graff | 12.06.2019 ý.
     Bir meşhur futbolçy aýalyny öldürmekde aýyplanyp, tussag edilipdir. Jenaýatkär hökmünde ol saklanan hem bolsa, onuň ýanýoldaşynyň jesedi tapylmandyr eken.
     Ýagdaý edil meşhur dedektiw filmlerdäki ýalymyş. Futbolçy günälenýäniň kürsüsinde ýüzüni sallap oturanmyş. Ymgyr köp pul töläp hakyna tutan aklawjysy bolsa onuň bigünädigini kazylara subut etjek bolup janykýarmyşyn:
     — Hormatly kazylar, men öz müşderimiň ýazyksyzdygyna tüýs ýüregim bilen ynanýaryn. Munuň şeýledigine sähel salymdan siz hem göz ýetirersiňiz. Nädipmi? Häzir men 1-den 10-a çenli sanajak, şonda müşderimiň öldürenligi boýnuna goýlan aýaly, ine, şu gapydan girer… 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10…
     Kazylar, oturdaşlar aýdylan işige tarap dönüp garapdyrlar. Emma içeri giren bolmandyr.
     Aklawjy öz käriniň ussadydygyny görkezip, aýgytlaýjy jümleleri hemleli aýdypdyr:
     — Gördüňizmi? Ol zenanyň ölüdigine hatda siziň özüňizem ynanaňyzok. Sebäbi ähliňiz ol häzir içeri girer diýip gapa göz dikdiňiz. Men hökümi şu ýagdaýa görä kesmegiňizi talap edýärin.
     Kazyýetde ol meşhur futbolçynyň günälidigi bellenilip, höküm hem şoňa laýyk kesilipdir.
     Binadan çykyp barýarkalar munuň näme üçin beýle netije bilen tamamlananlygy barada gyzyklanyp, aklawjy bu kazyýet işiniň başlygyna ýüz tutupdyr:
     — 10-a çenli sanan mahalym beýlekiler bilen birlikde sizem gapa garapdyňyz. Näme üçin beýle ýowuz höküm çykardyňyz?
     — Dogry, menem gapa seretdim, emma siziň müşderiňiz welin gapa tarap gabagynam galdyrmady — diýip, ol jogap gaýtarypdyr.
     Hekaýatyň hikmeti: Synçylygyň syry hemmeler bir nokada seredýärkä şol nokada gönügen garaýyşlara nazar salmakdyr.

@Graff
bu blog 46 gezek okaldy

Teswirler

@Foton 1 hepde öň
Mbahhh... Sudya-da bet ekenay.
@Foton 1 hepde öň
Yone bizin kanunchylygymyz boyuncha jeset tapylmasa ayyplap bilenoklar adam oldurmekde.
Älemjahan