Tapylmaz.

Tapylmaz. +2

Annagul, 21.05.2020
Adamlar, bir miinut menden nesihat  alyň,
Köçä çykyp, ýolda güp-güp geplemäň.
Ýa bolmasa, ýoldan barýan bir agyr ýüklä, 
 Bu ýüki nira alyp barýaň diýip eglemäň.
 
   Bir toýa baryp, toý gormedikden bolmaň,
   Köp iýip, köp içip masgara bolmaň.
   Ýa bolmasa, toýa baran ýene birine,
   At dakyp, uly bir jenjele girmäň.
 
Adam ömüri  gysga, ýatdan çykarmaň,
Söw-söw gezip, ömrüňizi ötürmäň.
Ýa  bolmasa gelniňize at dakyp, 
Size aýal bolanyna, pushman etdirmäň.
 
   Nirede bolsaňyz, habardar boluň,
   Arak içip, iki ýana entemäň.
   Ýa bolmasa, özüňi gopbamsy tutyp,
   Bir biçaräni, özüňe gahar etdiirmäň.
 
Kim bilipdir ertir nämeler bolar,
Bu gün pully, ertir köçede elini serer.
Ýa bolmasa, dana diýip at alan,
Ertirki  toýda sam-sam sözleri aýdar.
 
   Diliňiz bar bolsa, manyly sözleri aýdyň.
   Eliňiz bar bolsa, haýyrly  ishleri ediň.
   Ýa bolmasa, sizde akyl bolmasa,
   Hushy ýerinde adamyň sözüni alyň.
 
Samsyk sözleriňiz bir teňňä geçmez, 
Sizi akyl diýen bir obada tapylmaz.
Ýa bolmasa sizi orta çykaryp,
Döshüňize orden dakan tapylmaz.
 
   Br söz diýdim danalardan utandym. 
   Dogry söz diýip, ýalanlardan ýeňidim
   Ýa bolmasa, shunça gazallar ýazyp,
   Meni okap, shahyr diýen tapylmaz.
  
   
   
   
   
    
 
BU BLOG 1331 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MucizeM 1 hepde öň
Awtory özüñizmi?
@lifeisgood07 1 hepde öň
Goşgynyň hemme setirleriniň bogun sany dogry gelmeli, diňe kapýa däl
@Shahan1900 1 hepde öň
On mun gosgylaryny goyyber.
@Annagul 1 hepde öň
Okyjynyň ýadynda galýan, ruhhyny göterýän, aikiw meseleri göterýän goshgy-gazallarda kapyýa we bogun sany bolmagy hökman däl. Siz köne edebiýata gidýärsiňiz.
@lifeisgood07 1 hepde öň
Onda hemme düzerdi goşgyny, goşgy düzüliş stili şuwagta çenli üýtgemedi indem üýtgemez. Kellä gelen zady ýazanyň näme peýdasy bar sazlaşyk bolmasa
@Annagul 1 hepde öň
Teklibim, köneçillikden saýlan. Dashary ýurtlaryň blogerlerini öwren. Olar biziň edebiýatymyzdan ugur almaýarlar.
@lifeisgood07 1 hepde öň
Men köneçil däl, Ýewropa beýle medeniýetli bolmany kimden öwrenenmiş bizden. Ilki gündogaryň oýlap tapan zatlaryny öz atlaryna geçiren bolup ýörler. Biziň edebiýatymyzyň beýlekilerden hiç kemi ýok, hatda olaram boguna kapiýa görä ýazýarlar. Bolýa sen özüňi liberal düşünjeli adam hasaplaýan bolup bilersiň, ýöne goşgylaryňda millilik äheňi bar ýenede özüň bilýäň
@Annagul 1 hepde öň
Biz beýle äheňde sözleshsek, terslesheris. Men bolsa tersleshmek islämok. Ýöne, sen oýlan. Ýazýan zatlaryň iň bolmanda bir adamyň günini gowulandyrdymy?. Men bolsa durmushda öz ornumy tapmak isleýärin. Aýydan sözlerim halkyň arasynda galmagyny isleýärin. Ýogsa nämä gerek ýazmak.
@lifeisgood07 1 hepde öň
uff bolýala seň bilen çekeleşmäge ýok, energiýa gutardy