Taryh Sorag - Jogap!
Taryh Sorag - Jogap!

Taryh Sorag - Jogap! +4

Aýlara, 06.02.2020
Türkmenistanda ýurduň taryhyny öwrenmeklige aýratyn uly üns berilýär. Taryh dersi islendik bir ugurdan okalanda hem gerekli hasap edilýär. Islendik ýokary okuw jaýlarynyň giriş synaglarynyň biri hökman taryhdyr. Şol sebäpli taryha gyzyklanma bildirýänler üçin taryhdan sorag-jogap geçirmek isledim. Taryhda köpsanly gyzykly faktlar bar we birimiziň bilýänini beýlekimiziň blmeýän bolmagy mümkin sorag-jogap esasynda gyzykly maglumatlary täsinlikleri biri-birimiz bilen paýlaşyp bileris diýen pikir bilen şu blogy döretdim!

 Soraglara jogap bermek we gyzykly soraglary biziň bilen paýlaşmagyňyzy soraýaryn!

 1. Mälik şanyň aýalynyň ady näme?!
 2.Taryhda ýüz diňli gala ady bilen belli bolan gala haýsy gala?!
 3.Ýewropada ilkinji döwlet nirede ýüze çykdy?!
 4.Tumar şanyň oglunyň ady näme?!
 5.Mekgäniň açary kime berildi?!
 6.'Bizden soň dünýäni sil alsyn' diýen fransuz hökümdary kim?!
 7.Russiýanyň ilkinji prezidenti kim?!
 8.Dutarda ilkinji saz çalan adam kim?!
 9.'Türkmenistanda neşir işini kämilleşdirmek hakynda' karar haçan kabul edildi?!
 10.Dünýäniň ösüşine erbet täsirini ýetiren üç taryhy şahsyýet kimler?!
11.Seljuklardan ilkinji bolup deňizde syýahat eden hökümdar kim?!
12.Ilkinji kanun nirede we haçan ýüze çykdy?!
13.Taryhda 6 ýaşynda tagta çykan şahsyýet kim?!
14. Parfiýa hat-ýazuwy näçenji ýylda tapyldy?!
15.Dünýäde päk söýgi hakynda döredilen poema haýsy?!
16.Noly ilkinji gezek kimler oýlap tapdy?!
17.Ispaniýa haýsy döwletleriň birleşmegi bilen döredi?!
18.GDA haçan döredildi?!
19.Muhammet Pygamberiň ogullary we gyzlarynyň ady näme?!
20.'Azyk önümleri mikro elementler bilen baýlaşdyrmak hakynda' kanun haçan kabul edildi?!
BU BLOG 4365 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@rosso 1 aý öň
6. Napalyon
7. Yelsin
10. Cingiz han, Hitler, Timuchin
11. Malazgirt soweshini yenen kimdi? Shol
16. Hindiler
17. Endulus
18. 1945de
@rosso 1 aý öň
11. Apl arslan
@Aýlara 1 aý öň
6.Nädogry.
7.Dogry
10.Çingiz han dogry ýöne Temuçin bilen Çingiz han ikisi bir adam. Temuçin özüne 1206-njy ýylda Çingiz han adyny alýar.
1.Çingiz han;
2.Adolf Gitler;
3. -?
11.Malazgirt söweşinde Seljuklaryň baştutany Alp Arslan bolýar Wizantiýanyň baştutany Roman Diogen bolýar. Ýöne Alp Arsan bu soragyň jogabyndaky şahsyýet däl.
16.Hindilerden öň kimler?!
17.Nädogry.
18.1945-nji ýylda BMG döredildi. GDA näçenji ýylda döredildi?!

Jogap bereniňiz üçin minnetdar! :)
@rosso 1 aý öň
6. Shuny bilyardim, yadymdan cykdy. Belki Luois 4.
10. Belki Aleksandr
18. 1991
@rosso 1 aý öň
1. Turkan
2. Tapmadym
3.Fransiya
4. Kambıs
5. Al-Eşşeybiy maşgalasy
8. Ardeşir
9. 2014
11. Caka beg
12. MO 3200 sumerler tarapyndan
13. Mehmed (osmanly patyshasy)
14. MO 600
15. jogaby menem gyzyklandyryar
16. Brahmagupta (Hindiler)

google
@white 1 aý öň
@Aýlara agza gyzykly mowzugyňyz üçin sagboluň
@Aýlara 1 aý öň
Okanyňyz üçin size minnetdar!
@Aýlara 1 aý öň
6.Ýene-de nädogry.
10.Nädogry.
18.Dogry!
1."Türkan" Dogry!
2.?!?!
3.Nädogry.
4.Kambis däl! Kambis Tumar şanyň urşan tarapy ýagny duşman tarapyndan bir hökümdaryň ady.
5.Nädogry.(munyň jogaby bir hökümdaryň ady)
8.Ýokla Aradaşir Papakan(Papak ogly) sasany döwletini esaslandyryjy ol dutar bilen baglanyşygy ýok.
11.Nädogry.
12.Dogry!
14.Nädogry.
15.?!?!?
16.Hindilerden Öň?!?!?!?!??!
9.Nädogry.

Jogaplanyňyz üçin minnetdar!
@rosso 1 aý öň
google'dan tapanlarym shular. indi gozlemage yaltanyan
@Aýlara 1 aý öň
Tüweleme! Şunçasyny ýaltanman gözlän bolsaňyz!Men bolsam ýaltanardym gözlemäge))
1. 8-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
2. 7-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
3. 5-nji synp Dünýä taryhy.
4. Okuw kitabyndan daşary.
5. Okuw kitabyndan daşary.
6. 8-nji synp Täze taryh.
7. 10-njy synp Dünýä taryhy.
8. 5-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
9. 11-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
10. Okuw kitabyndan daşary.
11. 8-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
12. Okuw kitabyndan daşary.
13. 8-nji synp Türkmenistanyň Taryhy.
14. 8-nji synp türkmenistanyň taryhy.
15. 5-nji synp Gadymy dünýä taryhy.
16. 5-nji synp Gadymy dünýä taryhy.
17. 6-njy synp orta asyrlar taryhy.
18. 11-nji synp Türkmenistanyň taryhy.
19. 7-nji synp türkmenistanyň taryhy.
20. 11-nji synp türkmenistanyň taryhy.

@rosso 1 aý öň
yok-da bu kitaplar elimde. hawa, soraglaryn hemmesem tanysh, mekdepde okanym yadyma dushyar weli bu yyllar kan kellede galanok.
@Aýlara 1 aý öň
hawa dogry! şonda-da köp soraga dogry jogap berdiňiz! Minnetdar!
@Observer 1 aý öň
6.bu setir fransuz hokumdara degishli dal. Lyudowigin favoritkasy markiza de Pompaduar degishli bolmaly
@Observer 1 aý öň
7.Boris Yelsin
12. Wawilon. Nawuduhunossor ilkinji kanunlar yygyndysyn yazan
17. Kastiliya, Granada, Argon shalygy
18. 1991-nji yylda “Belowež ylalashygy” netijesinde GDA doredildi.
19 Ogullaryny bilemok. Gyzlary Ashe we Patma bolmaly.
@Aýlara 1 aý öň
6. Fransuz hökümdary Lýudowik XV-iň sözi.
7. Dogry!
12.Adamzat siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Şumer-akkad medeniýeti ilkinji kanunyň hem dörän ýeridir. Taryhda ilkinji kanun Mesopotamiýada (Tigr bilen Ýefrat derýasynyň aralygy) ýaşap geçen şumerler tarapyndan miladydan öňki 2100-2050-nji ýyllarda ýazylypdyr. Bu kanunlar Şumer-akkad patyşasy Ur-Nammu tarapyndan döredilipdir. Bu kanuna hem «Ur-Nammu» diýlip at berlipdir.
17.Dogry!
18.Dogry!
19.Gyzlary:Zeýnep,Rukyýa,Ummü Gülsüm,Patma.
Ogullary: Kasym, Ybraýym, Abdylla

Jogaplaryňyz üçin minnetdar!
@Observer 1 aý öň
6-njy soragdaky sözi Lýudowik XV özi däl-de Lýudowigiň faworitkasy (terjime etmäge söz tapmadym) markiza de Pompaduar aýtýar. Isleseňiz internetdan gyzyklanyp bilersiňiz.