Taryh Sorag - Jogap!

Taryh Sorag - Jogap! +2

Aýlara, 17.02.2020
1.Türkmenistanda demir ýol näçenji ýylda döerdildi?
 2.Türkmenistan haçan ÝYH agzasy boldy?
 3.Ilkinji türkmen suratkeşi kim?
 4.TMCELL haçan döredildi?
 5.Dinominasiýalaşdyrylan türkmen manady haçan işe girizildi?
 6. "Merw welaýataynyň häkimi"diýilen ynanç haty kime berildi?
 7.Mawerennahr sözüniň manysy näme?
 8.Parfiýa hat-ýazuwy näçenji ýylda tapyldy?
 9.Ýezdigerdiň ogly kim?
 10.Parfiýa hökümdarlaryndan kimleri bilýärsiňiz?!
BU BLOG 4017 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@pikirchi 1 aý öň
1.1880
@Aýlara 1 aý öň
@pikirchi Türkmen demir ýoly 1880-nji ýylda döredilenok.Ol diýýäniňiz dünýäde ilkinji demir ýoluň döredilmegi.
@rosso 1 aý öň
4. 2004
5. 2009
7. Deryanyn anyrsy
10.Mitridat
@Aýlara 1 aý öň
4.Dogry!
5.Dogry!
7.Dogry!
10.Dogry welin,başgalar?
@rosso 1 aý öň
ÝYH name?
@Aýlara 1 aý öň
@rosso ÝYH-bu Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy
@Aýlara 1 aý öň
@rosso ÝYH-bu Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy
@rosso 1 aý öň
Indi sana sorag. Biz name ucin taryhy bilmeli? Nama gerek?
@Aýlara 1 aý öň
@rosso Gowy sorag. Hökman bilmeli diýlenok ýöne bilinse-de zyýany bolmaz-a :) Özüm gyzyklanýan welin,şol sebäpli sorag goýýan :)
@Observer 1 aý öň
1.1880-nji ýylda Krasnawod şäherinde gurluşygy başlanýar, 1885-nji ýylda Ashabada (häzir Aşgabat) çenli uzaldylýar.
2. ÝYH näme? Özä bir gurama bolmaly, adyny ýaýyň içinde ýazan bolsaň has maksada laýyk bolardy.
3. Bilemok.
4. 2004-nji ýyl.
5. DENOMINIRLENEN manat 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda dolanşyga girizildi.
6.Bilemok.
7.Mauharim sözünden gelip-çykyp "Günbatar Yklymy" diýmegi aňlatýar.
8.Bilemok.
9.Bilemok.
10.Walogez, Mitridat, Artaban.
@Observer 1 aý öň
Hem-de, geçenki sorag-jogap bloguňda 6-njy soragyň jogabyny ýalňyş beripsiň. Ol sözi Lýudowogiň özi aýdanok, onuň faworitkasy (wagtlaýynça aýalyndan daşary keýp edýäni) markiza de Pompaduar aýtýar.
@Aýlara 1 aý öň
hawa,ony gördüm.Ýöne ol tema esasynda mekdep programmadan daşary bilgim ýok. Ol nädogry däl.Sebäbi mekdep programmada berlende şeýle ýazylan.
@Aýlara 1 aý öň
@Observer
1. Türkmen demir ýoly 1880-nji ýylda döredilenok.Ol diýýäniňiz dünýäde ilkinji demir ýoluň döredilmegi.
2.ÝYH-bu Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy
3.Bolýa.
4.Dogry!
5. DENOMINASIÝALAŞDYRYLAN türkmen manady 2009-njy ýyl 1-nji ýanwarda dolanyşyga girdi. Dogry!
6.Bolýar.
7.Olam dogrydyr. "Derýanyň aňyrsy" diýmegi aňladýar diýip bilýärdim. Goşmaça maglumat üçin minnetdar!
8.Bolýar.
9.Bolýar.
10.Mitridat we Artabany bilýärdim Walogez hiç duşmandyryn.Ol kimden soň hökümdar bolýar?
Jogaplaryňyz üçin minnetdar!
@Observer 1 aý öň
Ilkinji demir ýollar baryp Britaniýa imperiýasynda 1790-njy ýyllarda hereket edip başlady. Taryhdan gyzyklanýan bolsaňyz diňe mekdep materiallardan okamaň, başga çeşmelerdenem okaň.
Walogez Parfiýanyň ilkinji hökümdary hasaplanýar. Ýarym rowaýaty adam diýseňem bolýar.
@Aýlara 1 aý öň
@Observer hm... bolyar. Ýöne Denominasiýalaşdyrylan diýip adalga bar.
@Jenap_Jon 1 aý öň
Taryh bilen aram gowy dal.Ärsak namesi bolya parfiyan
@Observer 1 aý öň
Hem-de, DENOMINIRLENEN, Denominasiýalaşdyrylan diýip ykdysady adalga ýok.
@Aýlara 1 aý öň
@Jenap_Jon Parfiýa döwleti döremezden ozal Selewkileriň golastynda bolýar.Şolwagt onuň satraby Andragor bolupdyr. Andragoryň ýolbaşçylygynda Parfiýa özbaşdak döwlet bolýar ýagny Selewkileriň düzüminden çykýar. Emma Andragor döwleti köpwagt öz elinde saklap bilmeýär.Ondan soň Parfiýada ýaşaýan parnlar taýpasy gozgalaň turuzýar we taýpanyň serdary hem Ärsak bolýar.Ol Selewkilere garşy grek-baktriýa patyşasy bilen ylalaşyp berk zarba urýar. Şolwagtam Selewkileriň patyşasy Selewk II Siriýa gitmeli bolýar.Ýagdaýdan peýdalanyp Ärsak döwletiň gündogaryny eýeleýär (b.e.öň 247-nji ýylda) we özbaşdak Parfiýa döwletini döredýär. Ýagny Ärsak Parfiýa döwletini dörediji hökmünde taryha giren şahsyýetdir.
@honor 1 aý öň
1.Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji aýynda, ýagny 1991-nji ýylyň oktýabrynda gurulýar.
2.ÝYH 1992-nji ýyl.
3.Nazar(Nazarmuhammet) Ýomudiskiý(1860-1897) Nikolaý Nikolaýewiç(Annamuhammet) Ýomudiskiniň ogly. Kyýat hanyň çowlugy.
4.2004ý
5.2009ý
6.Merw welaýynyň häkimi Mahyýe halyf Aly(656-661) berýär.
7.Amyderýanyň aňyrsyndaky welaýatlar Mawerannahr-Derýanyň aňyrsy diýlip atlandyrylýar.
8.1948ý.
9.Peroz(459-484)
10.Ärsak,Tridat,MitridatI.MitridatII, FratII,OrodI,ArtabanI,OrodII,FratI,ArtabanV we ş.m
@honor 1 aý öň
1.1991ý 11 noýabr
@Aýlara 1 aý öň
tüweleme! Dogry jogap!