Tema açaýyn diýdim

Tema açaýyn diýdim +3

@Yomudson | 12.05.2019 ý.
Eger bir gün öýlensem (soñky gargyşdan soñ mümkinmi bilemok) maşgala gatnaşyklary barada kitap ýazmagy niýetlenýän. Başda şu soragym bilen nä derejede gerekli bu kitap şony bilesim geldi. Sorag: siz haçanda öýleneniñizde (durmuşa çykanyñyzda) aýalyñyzy (ariñizi) nirde tutardyñyz (meselem: ejeñizi-kakañyzy ýokarda tutup aýalyñyzy\äriñizi hiç zatça görerdiñizmi)? Şu temada gaty pes ýagdaýymyz (meñ pikirim).
bu blog 156 gezek okaldy

Teswirler

@Nejis 1 hepde öň
Oylenmek niyetimde yok (natural)
@Montyoskyo 1 hepde öň
Öýlenmek barada pikir bolmansoň yzynam pikir edemok menä druk.
@Bashkan 1 hepde öň
Nirede ýaşaýanyňa bagly, aslynda eje-kaka gelin däl, gelinem eje-kaka däl. Biri geçmişiň, biri geljegiň şärigi we ş.m pikirler bar görýän ýerlerimizde. Ýöne Gowak medeniýetinden habarym ýok.
@Yomudson 1 hepde öň
dogry. men goryanlem shona dushunenoklar, ayallaryny\arlerini mashgalan lichny agzasy diyip goryan yaly, ya-da ene-atasy kabul edip bilenok. mashgala gurmagy bashga bir zat kabul edyalle oza
@Realistic 6 gün öň
Hersiniń orny bölekdir, şolar yalam hersine bolan soygi, sarpa da tapawutlydyr.Biri beylekiniñ yerini asla tutup bilmez.Ene atasyny ayalyndan pesde göryân ya da ene atasyny aýalyndan ýokarda goýyan ârden âr bolmaz.Ene atasyna mâhri ,sylagy yok âr nâdip ayalynam soyüp,sarpalap biler ya da diñe aýalyny beýikde görýan birinden neneñsi ynsanlyga garaşyp bolar? Siz â bilemok,yöne ozüm â ene atasyny sylamayan ayaldan ya ârden ,tapawudy yok, hiç hili gowulyga garaşmaly dâlmika diýyan. Kâhalatda adatdan daşary yagdaýlaram bolyar.Her nâhili yagdaý bolsa da,çykgynsyz yagdaý dörese de, her iki tarap muña akyly çatyan bolsa, akylly başly adam bolsa,baş alyp çykyp biler, eger şertler üytgâp,birini birinden üstün goymaly bolsa da. Garaz,ene atañ yerini ayal tutmaz, ayalyñ yerinem ene ata.Iñ esasam, bedeniñde akýan gandan aýrylyp hiç ýere gidip bilmersiñ.Yöne islesek islemesek de, aýal diñe adamsyny sylayan kişi bolup, gaýyn tarapa garşy sylaşyksyz bolsa,hiç hili oñşup bilmese, (Hazir beyle gelinler gaty kân), onda ol aýalyñ adamsyna bolan söygüsem şubhelidir. Beyle yagdayda ,koplenç, ene atany yokarda goýmak pikiri döreýar ynsanlarda.Sebâbi beyle aýallaryñ yañky aydyşym yaly, soñabaka adamsyny hem sylajagy ya söyjegi gümanadyr.Tersine, ene ata gelnine azar yamanyny beryân bolsa da, ene atany kesip atyp bolmaz, çykalga gözlemeli ene atany gözden salyp bolmaz,yol tapmaly. Men gelninden ogluny ya da oglanyñ ene atasyny gysganyanlar hakynda da eşitdim,şu yagdaya duçar bolan biri bilen söhbetdeş bolubam gördüm. Gynansak da, bizde aglaba ene atalaram, ârlerem, aýallaram entek bu duýgy düşunjeleriñ parhyna baryp, hersiniñ ara tapawudy hakda pikir edenoklar, etmegem islânoklar.Ynsap bersin adamlara diýâýmek galyar,gaty çylşyrymly yagday sebâbi.
@Alyhan 6 gün öň
Hersı öz ornunda bolmaly. Bırını beylekıden yokarda ya pesde goymaly dıyen kesgıtleme yok
@Tagtabit 4 gün öň
Öye gelen gelin maşgala agzasyna girya. Adamsy ene atasyna nahili sylag edyan bolsa gelinem şo sylagy görkezmeli. Gyz halyndaky yagdayy yok indi on, her izzillande çaga yaly saklayan ejesi yok yanynda. Özi eje bolmaly ertirde birigünde. Ene atan yeri hiç wagtam üytgemez, sen alan gelinin bn 10 yyl bari tanyş bolsanam ejen dine bir 9 ay garnynda götermesine degmez. Ejene-kakana sylag görkezip bilmeyan gelinden name garaşyang? Bilden aşakdaky işlerimi bir zat etse dp aldynmy ya? Söyensin diyeli, olam sen yaly söyen bolsa edil sen eje-kakana sylag edişin yaly sylagny, edebini, terbiyesini görkezmeli. Gyz gelin bolanson durmuşy eyyam gelinlik bolp gidya. Gyz halky ilin çagasy diyen bir ata sözem bolmaly. Wagty yaşy gelende çykjagy hemmesinde belli. (İki-yeke bozuklary hasaba alamok). Garaz sylagy ilki seni ösüp ulaldan, adam eden ejene-kakana et. Gelinine olardan son.
Älemjahan