TOEFL-synagy soranlar ucin
TOEFL-synagy soranlar ucin

TOEFL-synagy soranlar ucin +4

Gatygyzykly, 25.03.2020
TOEFL – bu, edil IELTS ýaly, iňlis dilini biliş derejäňi ölçeýän halkara synagdyr. Onuň doly ady «Test Of English as a Foreign Language» bolup, «Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy» diýmegi aňladýar. 1960-njy ýyllaryň başlarynda Amerikadaky ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da okamaga dalaşgär, daşary ýurtly talyplaryň iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen ýüze çykýar. Stanford uniwersitetinde taýynlanan synagyň administrasiýasy başda birnäçe gezek guramalaryň arasynda üýtgäp, soňra 1973-nji ýylda «ETS» (Educational Testing Service) TOEFL synagynyň ýeke-täk administratiw guramasy bolýar.

Häzirki ýagdaýda TOEFL 165 ýurtda 4500-den gowrak synag merkezleri tarapyndan kabul edilýär. Başda çykan wagty el bilen ýazyp jogaplanýan ýa-da kagyz görnüşinde (PBT: Paper Based Test), düzülen synag soňy bilen kompýuterde hem jogaplanýan görnüşde (CBT: Computer Based Test) we 2005-nji ýyldan bäri bolsa internet arkaly jogaplanýan görnüşlerde hödürlenýär (IBT: Internet Based Test).

2006-njy ýyldan bäri CBT, ýagny kompýuter görnüşli synag geçirilmeýär we onuň netijeleri güýjüni ýitirdi. Käbir ýurtlarda PBT dowam edýän bolsa-da, IBT esasy synag görnüşi bolmagynda galýar.

 

TOEFL IBT jemi 4 bölümden ybarat:

Reading – Okap düşünmek bölümi ortaça 700 sözden ybarat bolan 3-5 aralygynda tekstden we ahyrynda her tekste degişli soraglardan ybarat. Tekstler akademiki tematikaly bolýar we köplenç ýokary okuw jaýynda birinji ýylda okadylýan kitaplarda oňa meňzeşleri tapylýar. Tekstler esasan sebäp-netije, deňeşdirme-degşirme we argumentasiýa ýaly söz bilimi funksiýalaryna düşünmäge ukyplylygyňy barlaýar. TOEFL IBT-däki täze sorag görnüşlerinde tablisa doldurmak ýa-da jemleme görkezmek hem talap edilýär. Dogry jogaby bilmek üçin tema barada öňden maglumata eýe bolmak hökman däl.

Listening – Diňläp düşünmek bölümi her biri 3-5 minut aralygyndaky 6 sany ses ýazgysyndan ybarat. Bu böleklerde iki sany okuwçy özara gepleşýär, dört sany akademigiň arasynda leksiýa ýa-da diskusiýa bolýar. Iki adamyň arasyndaky gepleşikler talyp bilen mugallymyň ýa-da administrasiýa işgäriniň bolup geçýär. Leksiýalarda bolsa esasan akademiki leksiýanyň bir bölegi berilýär we içinde diňleýjiler bilen lektoryň arasynda diskusiýalar hem geçip bilýär. Geçilýän leksiýanyň ýa-da diskusiýanyň temasy barada öňden maglumata eýe bolmak hökman däl. Her bölek diňe bir gezek diňledilýär, synaga girýänler bellik alyp, synagy jogaplanlarynda öz belliklerine ýüz tutup bilýärler. Her gürrüňdeşlik böleginiň ahyrynda 5 sany sorag berilýär, leksiýalaryň ahyrynda bolsa 6 sany sorag berilýär. Soraglar umumy pikire düşünmek, möhüm jikme-jiklikleri bellemek, gürleýän kişiniň maksadyny we garaýşyny anyklamak ýaly birnäçe ukybyňy barlaýar.

Speaking – Gepleşik bölümi 6 sany bölekden ybarat: iki özbaşdak we dört sany netijelendirmek bölegi. Iki sany özbaşdak bölekde synaga gatnaşýanlar tanyş temalara degişli soraglara öz pikirleri bilen jogap bermeli. Olar bu bölekde jogap berenlerinde, öz ideýalaryny dury we yzygiderli ýagdaýda beýan edişleri bilen synalýarlar. Netijelendirmek bölekleriniň ikisinde synaga girýänler kiçi tekst okaýarlar we akademiki leksiýa ýa-da talyp durmuşy barada gepleşik diňleýärler. Berlen soraglara tekst bilen gepleşikden alnan garyşyk görnüşli maglumatlar bilen jogap berýärler. Galan iki sany netijelendirmek böleginde synaga girýänler akademiki leksiýa ýa-da talyp durmuşy barada gepleşigi diňleýärler we eşiden zatlary barada soraglara jogap berýärler. Netijelendirmek böleginde synaga girýänleriň okalan we diňlenen materiallardan gerekli maglumatlary almak we täsirli jogap bermek ukyplary barlanýar. Synaga girýänler bellik alyp bilýärler we jogap berenlerinde öz belliklerinden peýdalanyp bilýärler. Jogaplaryň ählisi ýazga alynýar we «ETS» synag gullugynyň «Online Scoring Network» ulgamyna, ýagny «Onlaýn baha beriş» merkezine iberilýär.

Writing – Ýazuw bölüminde synaga girýäniň akademiki tematikada ýazuw ukyby barlanýar. Ol jemi iki sany bölekden ybarat: netijelendirmek bölegi we özbaşdak bölek. Netijelendirmek böleginde synaga girýänler akademiki tematikada bir tekst okaýarlar we şol tema degişli diskusiýa diňleýärler. Synaga girýänler diňlenen materialdaky esasy meseleler bilen okalan tekstdäki meseleleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirip kiçiräk tekst ýazýarlar. Özbaşdak bölekde bolsa synaga girýänler bir pikir barada öz garaýyşlaryny düşündirýän we öz garaýyşlaryny goldaýan argumentler görkezýän ýazuw işini ýazýarlar. Jogaplar «ETS» synag gullugynyň «Onlaýn baha beriş» merkezine iberilýär we işlere 4 sany barlagçy tarapyndan baha berilýär.

Wagt: «Reading» bölümi 3-5 tekstden ybarat bolup, her tekstiň ahyrynda 12-14 sany sorag bar, muňa 60-100 minut berilýär. «Listening» bölümi 6-9 bölekden ybarat bolup, her bölekde 5-6 sany sorag bar, muňa 60-90 minut berilýär. 10 minutlyk arakesmä çykylýar. «Speaking» bölümi 6 bölekden ybarat bolup, muňa 20 minut berilýär. «Writing» bölümi bolsa 2 bölekden ybarat bolup, muňa 50 minut berilýär.

Netijeler: TOEFL IBT synagynda her bölüm üçin 0-30 aralygynda baha berilýär. Umumy baha dört bölüme degişli bahanyň jemi esasynda çykarylýar we umumy baha 0-120 bal aralygynda bolýar.

Testiň haýsy hem bolsa bir bölegi goşmaça bolup, onuň netijeleri hasaba alynmaýar. «ETS» geljekki soraglara ugrukdyrmak maksady bilen goşmaça materiallary goşýar. Synaga gatnaşýanlara uzyn bölüm berlende, olar ähli soraglara deň derejede üns bermeli, sebäbi olar haýsy soragyň artykmaçdygyny we hasaba alynmajakdygyny bilmeýärler. Meselem, eger-de synagda «Reading» bölüminde 3 tekstiň ýerine 4 tekst bar bolsa, onda olaryň haýsy hem bolsa biri goşmaça berlendir, ýöne olaryň islendik biri hasaba alynmaýan bolup biler.

Paper-Delivered Test. Internet görnüşli synagyň internet ýa-da kompýuter meseleleri sebäpli elýeterli bolmadyk ýerinde TOEFL PDT alynýar. Onda edil IBT-niň netijelendirilişi ýaly netijelendirilýän «Listening», «Reading» we «Writing» bölümleri bar.

Paper-Based Test. TOEFL synagynyň kagyz görnüşli warianty bolup, PBT 2017-nji ýyla çenli PDT bilen orny çalşyrylýança hereket edýärdi.

Netijeler synag gününden başlap iki ýyl möhlet bilen ulanylyp bilinýär.

 

Bölümler:

  1. Listening (30-40 minut). Bu bölüm 3 bölekden durýar. Birinji bölek gysga gepleşikler barada, 30 soragdan ybarat. Ikinji bölek uzyn gepleşikler barada, 8 soragdan durýar. Iň soňky bölek bolsa leksiýalar ýa-da gürrüňdeşlikler barada, 12 soragy özünde jemleýär.
  2. Structure and Written Expression (25 minut). Bu bölümde sözlemleri dogry doldurmak barada 15 sany ýumuş we ýalňyş tapmak barada 25 sany gönükme berilýär.
  3. Reading Comprehension (55 minut). Bu bölüm okalmaly tekstler barada, 50 soragdan ybarat.
  4. Writing (30 minut). TOEFL synagynyň PBT görnüşinde ýazuw bölümi hem bar. Bu bölümde bir sorag berilýär we şol soraga 250-300 söz aralygynda düzme ýazmaly.
Jemi PBT baly 310 bilen 677 bal aralygynda bolýar we ol üç sany bölümiň netijeleri esasynda hasaplanýar: «Listening» (31-68), «Structure» (31-68), «Reading» (31-67). CBT görnüşinden tapawutlylykda, bu synagyň ýazuw bölüminiň netijeleri jemi bala goşulman aýratyn hasaplanýar we ol 0 bal bilen 6 bal aralygynda netijelendirilýär.

TOEFL PBT 2017-nji ýylyň maý aýynyň soňlarynda güýjüni ýitirdi we onuň ýerine synagyň internet görnüşi elýeterli bolmadyk ýerleri üçin niýetlenen TOEFL PDT ulanylýar.

Bellik: Kabul edilýän iň pes TOEFL IBT baly:  61.

©Gatygyzykly

https://www.gatygyzykly.weebly.com
BU BLOG 2190 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Gatygyzykly 1 hepde öň
Size peydasy degermika diyyan dostlar.
@white 1 hepde öň
Sagbol, awtor bular peýdaly maglumatlar
@Perizada 1 hepde öň
Sag bolun kop-kop!
@Perizada 1 hepde öň
Hsk barada bilyanleriniz bar bolsada goyayynda.