Togtamaň!
Togtamaň!

Togtamaň! +3

Graff, 18.10.2020
Stiw Jobs (1955-2011) — inžener, telekeçi, Apple, NezT we Piхar kompaniýalaryny esaslandyryjylaryň biri we baştutany. Ol ykdysady krizisden (çökgünlikden) basylman, öz zähmeti bilen tutuş jahany özgertmegi başardy. 
«... Maňa öz işimi dowam etdirmäge kömek eden ýeke-täk zat, meniň öz işimi söýmegim boldy. Size söýýän, göwün diýen zadyňyzy tapmak derkardyr. Bu gatnaşyklar babatda bolşy ýaly, iş meselesinde-de dogrudyr. Işiňiz siziň ömrüňiziň agramly bölegini doldurar, doly derejede razy, kanagatlanan bolmaklygyň ýeke-täk usuly hem, siziň pikiriňizçe, beýik iş bolup görünýän zat bilen meşgullanmakdyr. Beýik işleri etmegiň ýeke-täk usuly hem — edýän işiňizi söýmekdir. Eger siz şindi öz işiňizi tapmadyk bolsaňyz, gözläň! Saklanmaň! Ýürek bilen dahylly işleriň ählisi babatda bolşy ýaly, tapan çagyňyz akyl ýetirersiňiz. Şeýle-de islendik bir oňat gatnaşyk babatda bolşy ýaly, iş hem ýylsaýyn gowulaşmak bilen bolýandyr. Şonuň üçin hem tä tapýançaňyz, idäň! 
Togtamaň!» 

@Graff
BU BLOG 419 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 10 sagat öň
Elbetde Stiw Jobs baý, düşünjeli we alym adam. Ýöne baýamak, ýaşamak we akyda düşünjesinde bize zerur adam däl, meniň diýjek bolýanym Stiwe öýkünip, ýa şonuň aýadan zatlaryna ynanyp hereket etmek dogry bolar diýip biljek däl. Dünýäniň häzirki zaman baý adamlary näme üçindir akyl beren bolýalar. näme olar şol baýlygyny öz akyllary bilen ýa zähmeti bilen gazanandyr diýip pikir etmelimi? Başgada dünýäde akylly dana adamlar bara.

Allahtagalla aýdypdyr.
"-Baýlygy islänime bererin
-Ylymy diläne."