TÜRKMENISTANDA ELEKTRON (KOMPÝUTER OÝUNLARY) SPORTY
TÜRKMENISTANDA ELEKTRON (KOMPÝUTER OÝUNLARY) SPORTY

TÜRKMENISTANDA ELEKTRON (KOMPÝUTER OÝUNLARY) SPORTY +5

@Panturkist | 08.01.2019 ý.
Bilişiňiz ýaly Dünýäde elektron sport industriýasy soňky ýyllaryň dowamynda has ösdi. Eýýäm ençeme ýyl bäri halkara elektron sporty (kompýuter oýunlary) boýunça ýaryşlar geçirilip gelýär. Esasan-da bu sportda Counter Strike, Dota2, FIFA ýaly oýunlar ünsi has özüne çekýär. Bu ýaryşlarda goýulýan baýaraklar hem ýyldan-ýyla köpelýär. Mysal bermek gerek bolsa bu ýylky Counter Strike: GO boýunça ýaryşlaryň köpusini gazanan Daniýanyň Astralis komandasy (bir komandada 5 adamdan ybarat) 2018-nji ýylda jemi ýaryşlardan (hemaýatkärlerden daşary) 3,651,650.00 ABŞ dollary gazandy.
Ýurdumyzda-da geçen ýyldan başlap elektron sportuna çalajadan üns berilmäne başlandy. Hat-da eýýäm elektron sporty boýunça federasiýamyzam döredildi (https://tmesf.org). Geçen ýyl bolsa Aşgabat AIMAG 2017-ä Dota2 boýunça ýaryş goşuldy. Onda ýurdumyzyň kibersportsmenleri-de çykyş etdiler. Bu ýylyň başynda bolsa Türkmenistanyň Counter Strike: GO boýunça ýygyndy topary Hytaýda Aziýanyň çempionatyna gatnaşdylar. Sportsmenlerimiz toparçasynda hiç-hili ýeňiş gazanyp bilmän soňky orunda tamamlan hem bolsalar bu biziň üçin uly gazançdyr, tejribedir. 2018-nji ýylyň Sentýabr aýynda bolsa ilkinji gezek ýurdumyzyň Counter Strike: GO boýunça açyk çempionaty geçirildi. Munda ýeňiş gazanan topar WESG dünýä çempionatynyň Merkezi Aziýa boýunça saýlaw tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Saýlaw oýuny bolsa bu aýyň başyna geçirildi we türgenlerimiz Gyrgyzystandan 0-2 hasabynda utulyp soňky tapgyra geçip bilmediler.
Şeýlelikde ýurdumyzda elektron sportunyň ösjegine uly ynamym bar. Sebäbi bu ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin Boot Camp-ler (taýýarlyk-trenirowka merkezleri) hem döredildi. Bu sportyň welaýatlara-da ýaýramagyny, ýurt içinde has çekişmeli we baýrakly ýaryşlaryň gurnalmagyny umyt edýäris.
bu blog 87 gezek okaldy

Teswirler

@Yomudson 1 hepde öň
:D tema peydaly welin, netije :D
@Jepax 1 hepde öň
Gyzykly we dawaly tema.

Kiberspordy bir kär hasap etmeli mi ya etmeli dal, cagalarymyzy bu gazancly sporda ugrukdyrmalymy? We bu ugurdan 5 milyon halkymyz bolan, we oyun oynamaga mumkinciligi bolan yash halky hasaplasan welin belki 10 mun toweregi adam sanymyz welin gowy gazanc ederlik derejede yaryshmak gaty kyn bolaymasa.
@123456 1 hepde öň
gyzyksaňa gowudyr bu welin
@PikNIK 1 hepde öň
Hany kontr oynalynda uyshup
@oraZIK 1 hepde öň
Pubgden turgenler yetiship gelya
@Demir57 5 gün öň
Gaty mantiksiz dami. Akylsyzlyk men pikrimce bu internet ulgamy bilen indi yurtdaky geljek nesil dots contr ya halflife bilyamika bir men pikrimce mundan artyk kisin habary bolmanka bu masgaracylyga goni ortadan galyrmaly federasyany yapmaly.. 1Gb 70 manat bahazy bolan dowurda kim dota pul berer akyl garmalayaa
@Demir57 5 gün öň
Arslan dagyñ oynap yoren pohu bul. Mana sms yazyp gulki bolyadyrlar...
Älemjahan