Troýa aty aslynda näme ? Taryha gitýäs...
Troýa aty aslynda näme ? Taryha gitýäs...

Troýa aty aslynda näme ? Taryha gitýäs...

NazarSTG, 12.09.2020
Surat (Italýada bir willada tapylan Ahillesiñ kelle heýkeli, Troýa atyny oýlap tapan Ahillesdir)

Iki aşyk ýüzünden akan agzybir milletleriñ  gany. Bir söýgi üçin ölen müñlerçe adam, iñ soñunda bir tagta at bilen girilip gyrylan bigünä halk, bir zatlar kelläñizde janlandy gerek, hawwa, Troýa urşy barada gep açýarys.
Troýa urşy taryhyñ bilinen iñ belli uruşlaryndan biridir we Ýewropa Aziýanyñ arasynda bolan ilkinji uruşdyr. Troýa urşy Gresiýaly döwletler we Troýa arasynda bolup geçendir. 
Gresiýanyň şasy Agamemnonyň we Troýan şasy Priamyň ýolbaşçylygyndaky söweşiň sebäbi, Gomeriň ýazgylaryna görä, Troýa şazadasy Spartan şasy Menelaosyň aýaly şa aýal Helenany alyp gaçandan soň ýüze çykypdyr. Şo sebäpli hemme Grek döwletleri birleşip Troýanyñ üstüne çozandygyny aýtýar Gamer öz dessanynda. Ýöne tapylan taryhy tapyndylar we ýazgylar urşuñ diñe o sebäpli bolmadygyny görkezýär. Troýanyñ baýlygy gaty uly we mes şäher bolandygy üçin Grek döwletleri başdan bäri Troýa göz dikip ýören eken, bu bolsa bir bahana bolupdyr. Aslynda Troýa hakykatdanam baý şäher eken, hem 10 ýyllyk uruşda daşary bilen durşuna aragatnaşygy kesendede içindäki iýjekleri özüne ýetjek derejede baý eken. Aslynda Troýanyñ bardygy we bolandygy doly subut edilmändir, diñe gürrüñlerden ybarat bolupdyr. Ýöne 1870 nji ýyllarda nemes Arheleog Heinrich Shclimann bardygyny subut edende barlygyndan habardar bolunandyr. Shclimann Troýanyñ 3000 ýyllyk geçmişe eýe bolandygyny öwrendi we haýran galdyryjy hazynalar we ýazgylar bilen garşylaşandyr. Ýöne bu ýazgylary eserleri tapyndylary Shcilmann doly gorap bilmändir we ogurlanyp daşary ýurtlara äkidilipdir, soñ Russiýada boldugy öwrenildi. Şo eserler ýazgylar we tapylan zatlar şuwagtam Puşkin muzeýinde durandyr. Troýa gaty belent ada eýe bolan eken, Rim imperatorlygy hem özleriniñ aslynyñ Troýadan gelip çykandygyna ynanypdyrlar. 
Baýlygy bilen gabandyran Troýa şäherine ençeme gezek çozanlar bolupdyr ýöne hiç biri Troýany alyp bilmändir. Aýdylmagyna görä Troýanyñ halky çozuşlara öwrenişipdir we rahat bolupdyrlar. 
Troýalylaryñ ýok edilen urşy Grek şäherleri we Anadoly medeniýetiniñ ýagny Troýanyñ arasynda bolup geçendir. 
Uruş 10 ýyl dowam edipdir. Esgerler gaty ýadowdyrlar. Iñ soñynda Ahillesiñ kellesine bir pikir geler. Grekliler yza çekilen ýaly bolup yza tagtadan ýasalan uly at goýarlar, we gämileri bilen giderler. Atyñ içinde Ahillesiñ özi hem bar. Gämileriñ gidendigini gören Troýalylar haýran galyp aty kabul ederler. Ýöne gämiler çekilenokdy Troýalylaryñ görmejek ýerinde ýuwaşja geljek habara garaşýardylar. Atyñ uly bolmasynyñ sebäbi at kiçi gapylardan içeri alynmaly däl eken. Greklileriñ doly çekilenine ynanan we ýaraşmak isleýän Troýalylar aty kabul eder. Arak şerabyñ täsirinden syzan Troýalylar atyñ içindäki esgerler ýüzünden öldürler. Aslynda urşuñ gidişini üýtgeden bolsa Troýa şasy Priamyñ ogly Gektoryñ Ahilles tarapyndan öldürilmesidir. Gaty uly direnişini ýitiren Troýalylar şondada urşy dowam etdiripdirler we Greklere ejiz geldiklerini boýun aldyrypdyrlar. Grekler uruşy bes etdiklerini aýdyp ýaraşmak üçin Troýalylara bir tagtadan ýasalan at sowgat edipdir. Içindäki esgerlerden bihabar bolan Troýalylar sowgady kabul edip ony içere alypdyrlar we ýeñiş güni diýip begenip duran batlaryna Grekleriñ dönükligine sezewar bolup sowgadyñ içinden çykan esgerler tarapyndan gyrlyp öldürlipdirler. Atyñ içine giren esgerler ilki gizlinlik bilen şäheriñ gapylaryny açypdyrlar we eýleki Grek esgerlerini şähere salypdyrlar. Şeýlelik bilen 10 ýyllyk urşuñ dowamy bir gijede halkyñ bäbeklerinden garrylaryna çenli gyrylmasy bilen tamamlanypdyr. 
Indi atyñ içinde näçe esger bardy ? Bu barada köp gepler bar ýöne esasy bilineni içinde 90 dan gowrak esger bar eken, we ýene bir bilineni bolsa içinde 50 sany 23 ýaşly esger bar eken. Başga ýazgylara görä içinde diñe 20 sany esger bar eken we iñ bilineni şudyr. 20 sany esgeriñ atlary hem bilindi. 
Ýöne şuwagtam köp taryh alymlary Troýa atynyñ we bu wakanyñ bolmadygyna ynanýar. Olara görä bu Gameriñ toslap tapan hekaýasyndan başga hiç zat däl.
Siz näme pikir etýäñiz ?
BU BLOG 1909 GEZEK OKALDY.

Teswirler