Şu yssy howada näme içmekligi maslahat berýäňiz?
Şu yssy howada näme içmekligi maslahat berýäňiz?

Şu yssy howada näme içmekligi maslahat berýäňiz? +4

@pirka | 08.08.2019 ý.
Salam hormatly agzalar. Bugünler iş meseleleri bilen daşaryk köp çykamsoň meni birzat ünsümi çekdi. Aşgabatda Kämil, Elwan, Hezzet, A market ýaly marketlerde içimlik daşary ýurt suwlaryň birnäçesini tapsa bolýar (gymmat bahaly), emma şäheri içinde ýaşaýyş jaýlaryň aşagynda ýa-da ownuk dükanlarda suwlaryň görnüşleri örän azlyk edýärmi ýa-da meniň göwnümemi? Düýn 30 mkr-da bir magazine girenimde näme suw aljagymy bilmän azyndan 2 minutlap pikirlenip durandyryn. Ahyrynda ýene şol öňküje içýän goşa çynar suwumy aldym. Içýän, iýýän zatlarym barada gyzyklanmany halamsoň telefonymda "Obyektiw" atly programmada surata alyp shu barada gözletsem, programma maňa şu aşaky suraty çykaryp berdi:
Goşa Çynar (ýaşyly)
Nämçün uly hususy kärhana (HJ ýa-da telekeçi) bolup, beýdip logany ogurlanlaryna meniň özüm hem düşünmedim. Ýöne onda-da tagamyny halaýan bu suwyň. Yssy howada örän gowy gidýär. Süýjüligem kän däl, gazam. Umuman men bu blogymda öz dükanlarymyzda gazly suwuň kemlik edýändigini aýdasym geldi. Menden başga-da goşa çynar içýän barmy ?
bu blog 89 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 2 hepde öň
Sonkyda name icsenem bolman durasy yokla menince :D
@pirka 2 hepde öň
haha, çaý bolsada gowy giderdi diýýänmi)))
@Gnusmas 2 hepde öň
@pirka bilyana :D
@Schastye 2 hepde öň
Lipton
@Pishijek 1 hepde öň
suw bn çaýdan başga üýtgeşik içýän zadymam ýok meňä
Älemjahan