Umyt Grillounge (trafik)
Umyt Grillounge (trafik)

Umyt Grillounge (trafik) +2

@123456 | 07.11.2019 ý.
Salam Älemçiler. Ýagdaýlarňyz gowy diýip umyt edýän. Soňky wagtlar üns berýän welin ýaşlaryň durmuşynyň manysy gymmat telefon, gowy maşyn we selfiden ybarat ýaly (ýa-da bu meniň göwnüme). Umuman bugünki açan blogym işden, durmuşdan ýadanlar we kellesine dynç berjekler, azajyk ünsüni başga zatlara bermeklik üçin aýlanyp görmegi maslahat berilýän restoranyň biri barada ýazyp geçmekçi.
Ady: "Umyt GrilLounge"
Ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheri, Moskowski köçe, 5 aýak dynç alyş söwda merkeziniň 7-nji gaty
Bahasy:  5 ýyldyz :)

Bu ýerde örän köp kişiniň bagty açyldy we häzir hem açylmagy dowam edýär diýsem hem ýalňyşmaryn. Umuman öz söýgüliňe, gelniňe, ýakynlaryňa ýatdan çykmajak çäreleri, doglan günleri, ýaş toýlary gurnamaklyk üçin örän gowy ýer diýip biljek. Bahalary orta derejede ýaşaýan adamlar üçin gymmat bolup biler. Aşgabat şäheriniň owadanlygyny synlamaklyk üçin örän ajaýyp ýer saýlanylyp alnypdyr. Ýalňyşmaýan bolsam bu restoranyň Hudaýberdiýew köçede hem bir nokady bolmaly. Restoranyň dizaýny Ýewropalaşdyrylan görnüşde bolansoň barýan adamlary özüne çekýär. Serwis gowy. Naharlary diýseň tagamly bişirýäler, türk poworlar bolmaga çemeli (Freş suwlaryny halamadym ýöne). Gyşda ýörite kabinelerde oturyp bolýar (aşakda suratda bar). Ýöne ol kabinalarda oturmaklyk üçin azyndan 600 manatlyk söwda etmeli. Kabinanyň içi uly (15-20 adam sygýar).
Gyz yryp bilmeýän oglanlara maslahat, yrjak bolýan gyzyňyzy şol ýere äkidip romantik etseňiz, ynanaýyň gyz siziňki diýip hasap edip bilersiňiz :) ...
Rezerw etmeklik üçin restoranyň telefon belgileri: ☎️ +99361997174, 478086
Bu restoran barada başga-da bilýän zatlaryňyz bar bolsa kommentariýada ýazmagyňyzy haýyş edýärin.
bu blog 1119 gezek okaldy

Teswirler

@Clumsy 4 gün öň
:D bayramcylyk caresi diy diymayinow care diyilse kella gidilyan careler geldi. Paytagtyn yokarsynnada bar gowja yer wn bahasy gaty gymmatmysj diydiler
@SLOTH 4 gün öň
wah ashgabatda bolsam gunne barjakla)))
@123456 4 gün öň
pulun yetermika gunde barmaga
@KimdirBiri 4 gün öň
hyzyn ady "owadan"my xD
@SLOTH 4 gün öň
@123456 Karz berersinna))
@Schastye 5 sagat öň
Adamlar ýaşaýyş görnüşleri boýunça 4 topara bölünýär: 1.Beýik ýaşaýanlar; 2.Orta tipde ýaşaýanlar; 3. Pes ýaşaýanlar; 4. Has pes ýaşaýanlar;
Älemjahan