Urşyñ garañky tarapy - Shell shock näme ?
Urşyñ garañky tarapy - Shell shock näme ?

Urşyñ garañky tarapy - Shell shock näme ? +7

NazarSTG, 20.11.2020
Milýonlap adamyñ ölümine sebäp bolan, ynsanlygyñ ölen ýeri, jahan uruşlary siziñ pikir edişiñizden has erbet. Her kim ölenleri gürleşdi, ýöne diri bolan, 'ýöreýän ölüden' ybarat bolan adamlar barada gürleşen bolmady.
Shell Shock, (Gabyk zarbasy, gabak şok) 1 nji Jahan urşynda gabat gelinen, Iñlis psihology Çarlz Samuel Maýers tarapyndan uruş döwründe köp sanly esgeriñ başdan geçiren trawmatiki stres keseliniñ görnüşi. 
Ýogyn top okuna tutulan esgerler aşa 'ölerin' gorkusyna gaplanýarlar we bu gorky aklyny ýitirmesine, dälliremegine sebäp bolýar. Ýagny özüniñ öljegini pikir edende döreýän duýgunyñ netijesinde emele gelen kesel. Shell shock-a sezewar bolan esgerler öz bedenlerine eýe bolup bilenoklar, ýenede birden 'hahaha'-lap gülmeler, düşnüksiz sözler, gorkunç düýşler görmesi, eşidiş bozulmasy, ýadowlyk, gaşlaryny gözlerini dodaklaryny hereket etdirmeleri, titremek, aýakda durmakda kynçylyk, aglamak we boş boş seretmeler ýaly hadysalar bolup bilýär. Eger shell shock-a sezewar galan hassalara uruşdan galan bir zat görkezseñiz hem hassa dälliräýjek ýaly bolýar. Hakyky durmuşyna gelmeklikde kynçylyk çekýär. Gynansakda köp generallar uruş döwründe bu kesele sezewar bolan esgerleri gorkak hasaplady we köpüsine ölüm jezasy berlendir. Sebäbi başda lukmanlar hem munyñ nämedigini bilenoklardy. Gözleglere görä 1 nji jahan urşy gutarandan soñra Angliýada 80.000 kişiniñ bu zehin bozulma duçar bolandygy bilindi. Hemmesi aşa däli häsýetde bolmasada, ençemesi aklyny zehinini, ýadyny ýitirdi. Bu psihologik kesele Koreýa we Wýetnam urşunda hem köp sanda gabat gelinipdir. Bu kesele duçar bolan esgerler ejiz hasaplanyp masgaralanýardy, kiçi düşürilýärdi, urulýardy öldürilýärdi. Ençeme ýyllardan soñra Angliýa hökümedi şu sebäpden öldürilen esgerleriñ maşgalalaryndan ötünç sorap munyñ bir keseldigi kabul etdi. 
Esasan güýçli bombalaryñ ýarylmasynda emele gelen şok ýelleri hem beýne zyýan ýetirýär. Şok ýeliniñ gelip geçenini bedeniniñ üstünde duýan esgerler, ýyllar soñra hem bu ýagdaýy ýadyna salanlarynda endamlaryna eýe bolup bilmeýärler we titremelere sebäp bolýar. Şok ýeliniñ bedene geçen badyna beýne edil şu ugurdan bir zyýan berýär. Uruşlaryñ nähili dözümsüzdigini, garañky bir tümlükdigini görkezen bir kesel Shell Shock. Bu esgerler özleriniñ her wagt ölüp biljekdiklerini pikir etýärler, özlerine ynananok, goragsyz hasap etýärler. Uklap bilmeýärler, dogry tertipli we manyly gürleşmäni ýitirýärler. Lukmanlar başda barlanlarynda kellesinde hiç ýara yzy bolmadyk esgerleriñ aklyny ýitirendiklerini hasaba alýarlardy. Esger ok degmedik ýagdaýynda hem bu kesel bilen goragsyz hala gelýär. Görkezilýän 'barada' filmlerinden has rahatsyz edijidir. Ýaralananlaryñ işi ölenleriñkiden has kyn, sebäbi olar ömri boýunça bir ýetmezçilik bilen maýyp bolup ýaşaýarlar. Shell shock-a duçar bolan esgerler üçin hemme zat manysyz gelýär. Ýagny adamlykdan çykan, bir san ýaly. 
Göz öñüne getiriñ, komandiriñiz size 1 sagatdan soñra hüjüm etmelidigini we durmaly däldigini aýtýar. 'Hüjüm' sözi ýañlanandan soñra durman ylgaýañ, ýokardan hem bomba ýagyp dur, birde 2-3 metr añyryña düşen top, birde dostyñ üstüne düşüp parçalaýar. Ýöne durmak ýok, sen diñe duşman merkezini basmaly. Ölmezligiñ kepili ýok, şo wagt haçanam bolsa ölüp bilersiñ, ýagny ölmezlik diñe 'şansa' bagly. Ýöne durmak ýok, diñe ylgamaly, öz ölümüñe... Esgerlerde hem şo ýagdaý gabat gelýär we janyny ýitirme gorkusy peýda bolýar. Bu ýagdaýy şeýle düşündirip bileris, size bir ýaragyñ ujy bakyp dur we haçan atyljagy belli däl, ýöne hökman atylmaly. 
Shell shock geçiren esgeriñ duýgusy birden üýtgänligi sebäpden öljek bolup durandygyny duýar, endamynda eýe bolmadyk hereketler peýda bolar, sebäpsiz agyry duýar. Ýokardaky aýdyp geçenlerim bilen bu zatlaryñ köpüsi galyjydyr. Bu kesel diñe uruş meýdanynda dälde ýesir alynan esgere edilen kösençden soñrada döräp biler. Uruşdan soñra bu esgerleriñ, irden derrew birden turup ýarag gözläp duranlary hem bolupdyr. Käbiri 'Ýatyñ' sözüni eşitse hem partanyñ ýada oturgujyñ aşagynda uçar gelýän ýaly gizlener. Ýada uruşdan galan esger papagyny görkezseñiz hem aglap başlar. Biriniñ tanyşy gürrüñ berýär, dosdy mina basyp ölüpdir, böküp ýöreýär diýýär.
Uruş filmlerdäki ýaly 'Uruş, gan, ýeñiş' bilen bolup geçenokdyr. Esgerleriñ ýüzlerine degen gurşunlar esgeriñ ýüzüni tekizleýär, ony görüp bolmajak hala sokýar, rahatsyz ediji bir sypat peýda bolýar. Uruş gidip durka ölmejek bolup ölen ýaranlaryñ jesedini alyp galkan edip ulanýarlar. Bombalaryñ düşen ýerinde döreden çukurlarynda ýatmaly bolýar käwagt. Bomba düşende endamyñ titräp gitýär. Ölen esgerleriñ köpüsi ýerde kagyz bolupdyr, tañklar basyp geçýär. Her gezek durman yzygiderli gaýtaryp durýañ howadan ýaña. Iñ söýýän ýaranlaryñ ahy nalasy tutýar her tarapyñy. Uruşda başdaky meýdanlarda urşan esgerleriñ köpüsi ker bolýar. Hemde uruşda esgeriñ gaçmasy erbet zat däldir, adaty zatdyr. Sebäbi ýokardakylara ynsan bolan çydap bilmeýär. Gorkaklyk hasap edip bilersiñiz, ýöne sizem gaçardyñyz. 1 nji we 2 nji Jahan uruşlarynda hem gaçanlaryñ sany öñde uruşanlardan köp bolupdyr. Watana söýgi görünmeýär o ýerde hakykatda, hakykat elmydama ajydyr. 
Ýenede 'Uruş käbirleri üçin toý', 'Uruşdan gaçan namartdyr', 'Bizi hiç kim durduryp bilmez', 'Uruşmadyk ejizdir, gorkakdyr' ýaly sözlere köp meýil etmäñ, o sözler diñe bolup bilmejek hadysada galýar. Sözde milletçileriñ köpüsi  gorkakdyr. Uruş elmydama gytlyk, ýoklyk getirer. Bu her uruş üçin geçerli. 
Ýokardakylar aýtýar 'soñy ýeñiş'
Aşakdakylar aýtýar, 'soñy ölüm...'
Bir esgeriñ psihlogiýasyny pikir etdiñizmi ? 
Bombalar ýagyp durka birden bir agyry duýýañ, görseñ ok degipdir, ýere ýykylýañ, bir film ýaly geçýär durmuş gözleriñ öñünden, garalýar taraplar, dem almak kynlaşýar, soñunda bedeniñ agyrlaşýar, we agyr bir uka gitýäñ...
Iki açgöz garadan gaýtmaz Döwlet adamynyñ mesirgemesi netijesinde milýonlarça jan pida bolýar. 
Uruş beýle añsat däldir, jesedi hem tapylanok köpüsüniñ, uly topar mazarlaryna zyñyp goýberýärler jesediñi. Adyñ hiç bir ýerde galmady. Ugrynda jan beren watanyñda dogan çagalar adyñy hem bilmez. Buýruk bereniñ buýrugy üçin öz janyñy gurban etdiñ, olar näme etdi ?, sözde gynanandygyny bildirip uruşyñ netijesindäki ýerleri paýlaşjak bolup dur. 
Añsatdyr öýtýäñmi çagalaryñy, ene - atañy, jigleriñi doganlaryñy, bu durmuşy taşlap gitmek ? 

'Uruşy ýatlamak kyn,
Ýatlamazlyk kyn, 
Ol döwür üçin agyr kyssadyr,
Ol uly betbagtçylyk ölenler üçin,
A diriler üçin, iki essedir.' (Gurbannazar Ezizow)
BU BLOG 1614 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 2 hepde öň
Makalaň başyndaky kesel barada gyzyklanyp okadym.
Ýöne soňundan aýdan zatlaryň meni pikirlendirdi. Ýagny şoweş kyndyr ýöne söweşmeli ýagdaý bolsa sen soweşjek dälmi.?
@MyratDowlet 2 hepde öň
Dogry aýtýaň hiç kim ene atasyny çagalaryny yzynda goýup ölüm bilen garşylaşasy gelenokdyr. Gorky duýdusy herkimde bar. Ýöne watany goramaly bolsa şirin jandan geçmelem bolsa goramaly.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Häzirki döwürde 1 we 2 jahan şöweşlerindäki ýaly taktikalar az az ulanylýandyrlaý. Bu meň pikirimçe.
Mundan başgada amerikan esgerler ýada ösen ýurtlar gorkyny basmak üçin "stay alert" sakgyç çeýneýärler.
Sol sakgyç gorkyny ýatyrýar.
@NazarSTG 2 hepde öň
Dosdym ilki bilen gep söweşip söweşmezlikde gidenok. Uruş näme üçin başlady şony bilmeli. Uruş bolanda eger basybalyjylykly gyrmak niýetli bolsa şo ýurdyñ içindäki guramalar partiýalar hem garşy bolup bilýärler indi. Sebäbi ýalñyş buýruk berlipdir. Ýagny Döwlet bilen raýat oñuşman bilýär. Ýagny şeýlelik bilen seniñ Watanyñda gan dökmek isleýän biri bar, ýalñyş karar berýän biri bar. Gan dökmek isleýäniñ, milýonlarça adamyñ ganyna, bir halkyñ ölümine sebäp boljak biriniñ buýrugyny ýerine ýetirip gañkeş boljak bolýañmy ? Şo sebäpli şuwagt köp ýerde Döwletden uly guramalar BMG, ÝUNESKO, syýasy guramalar, syýasy partiýalar. Indi öñki ýaly däl bir ýalñyşlyk hemme ýerde ýaýraýar. Protest hereketler gaty uly orun gazanýar bu döwür. Meselem getireýin, Amerikan Wýetnam urşunda nädüzgin karar sebäpli günäsiz halkyñ gany döküldi, şonda Amerikan halky Watan goramaklyk barada näme diýdi ? Netijede olañam esgerleri ölýär. Amerikan halky urşa gitjek boldumy ? Nämäñ urşy gaýta urşyñ bes edilmegi üçin hökümedi protest etdiler konstitusiýa binasyny otlap adalat islediler. Sebäbi kararyñ ýalñyşlygy belli. Diñe Amerikan halkyndanam däl hemme ýerden nälet we haýbat geldi. Soñunda Amerika esgerlerini çekdi. 41 45 de olar ýaly zat ýokdy. Internet ýok, syýasy partiýa guramalar bilelik edaralary kän ýok. Ýöne indi beýle däl, adamzat köp zada düşünýär. Şo sebäpli BMG eýle beýleler guruldy. Geo Watan goramak bolsa söweşmeli, Watan goramak bolsa ýöne, basybalmak bilen goramak aýry zat. Häzir sen bir ýerik goşun sok, derrew BMG diýdi NATO diýdi haýbatlardan dolýar. Ýene kiçijek meselem, senden uly bolan biri öñüñde duran birini öldürmegiñi isleýär, ol saña zadam etmedi. Sen öldürermidiñ ?, netijede senden uly saña buýruk berýär. Watan hem şolar ýaly, Watan çozulanlardan goralyp urşulýar. Basybalyja garşy urşulýar, ilatyñ ganyny dökmek üçin däl.
@MyratDowlet 1 hepde öň
"basybalmak bilen goramak aýry zat"
Şunyňa goşulýan. Goldaýan.
Men ýalňyş düşünendirin pardon.
Meň kasdeden zadym duşman üstüňe hüjüm etse sen gorajak dälmi diýip soradym. Meger sen basybalmakdan gürrüň edýän ekeniň.
@Tokmak 1 hepde öň
Uruş erbet zat, Alla gorasyn!