Uruş gowgasyny görenden sora, niçe mertlik bilen girdiler göre, hany pederlerim yzyňa gara, hakdan uzak düşmäweri adamzat.
Uruş gowgasyny görenden sora, niçe mertlik bilen girdiler göre, hany pederlerim yzyňa gara, hakdan uzak düşmäweri adamzat.

Uruş gowgasyny görenden sora, niçe mertlik bilen girdiler göre, hany pederlerim yzyňa gara, hakdan uzak düşmäweri adamzat. +1

white, 14.02.2020
DEPELERINE baky ýaşaýşyň ýaşyl reňki siňip, Gökdepe adyny alan bu gadymy şäheriň ady öň Şährihaýwar bolupdyr. Şol welaýatda belli bolan Şähriyslam şäheri ýaly Şährihaýwarda gülläp ösüpdir. Ekerançylykdyr maldarçylyk bilen meşgullanyp, asuda ýaşap ýören halk şäher-kentlerini timarlamagy hem diýseň gowy görer ekeni. Şeýlelikde halkyň yhlasy we zähmetsöýerligi bilen Gökdepe galasy gurlupdyr. Iň oňat şahyr ogullary, rowaýata siňen milli gahrymanlary türkmen halkyna beren bu toprak-bu gala XIX asyryň ahyrlarynda has hem gurplanypdyr. Ine, duşman goşunlarynyň bu gala aýratyn üns bermeginiň sebäbi nirede ekeni. Her daban ýeri gözüniň görejine deňelip söýlen gala şeýle güýçli bolmadyk bolsa, onda duşman öz basybalyjy göreçlerini oňa dikmezdi. Ýa-da ony partlatmak üçin, bir tonna 120 kilogram därini sarp etmezdi. Namysjaň, watansöýüji adamlary bolan bu şäheri hiç bir çozuş bilen, hile-al bilen alyp bilmejegine göz ýetiren duşman onuň haýsy hem bolsa bir ýerinde özlerine ýol açmagy müwessa bilip, köp möçberdäki därini sarp etmeli bolýarlar. Şeýlelikde 1881-nji ýylyň taryha giren ilkinji aýynyň 12-nji güni 12 sagat 30 minutda galany partladyp, täzeje ýeňiş bilen natlanyp, gözleri gana dolan duşman esgerleri galanyň içini gyran-jyran edip ýördüler. Olar her bir daban ýer üçin jan alyp jan beren galanyň adamlaryna bir million 140 müň oky niýetläpdirler. Galanyň içinde 45 müň çemesi adam bolan. Şeýlelikde her adam başyna 25 okdan ýetýär. Bu sanlary okan şahyr Gurbannazar Ezizow: “Bir başa bir ölüm ýeterlikkä, bir başa 25 ölüm artygrak dälmikä?”diýip ýazypdyr. Ýöne atyň kellesi ýaly uly ýürekli, gaýduwsyz, gorkmazak, batyr halk öz mähriban Gökdepeleri üçin 25 gezeg-ä däl, hatda ýüz gezek ölmäge-de taýýardylar. Eger-de şeýle hyjuw, Watana bolan belent söýgi bolmadyk bolsa, galada 23 günläp uruş gitmezdi. Taryhy maglumatlar eli ýarag tutan ýaş çagalardan başlap, garry-gurtulara çenli her bir goraýjynyň bu mukaddes ýer üçin, gara başlaryny orta goýandyklary barada habat berýär. 
Gökdepe urşunda bir kiçijik oglanyň aýratyn ílmez-ýitmez gahrymançylyk görkezendigi hakynda Ýokary okuw mekdebinde okap ýörkäk, Gökdepeli gyzlaryň birinden eşidipdik. Göwnümize bolmasaAtamyrat etranynyň Hatap obasynda ýaşaýan Guwanç agadan eşiden gürrüňimiz hem hut şonuň dowamy ýaly bolup dur. Maldarçylyk ugrundan ýokary bilim alansoň asly gökdepeli Guuwanç aganyň duz-nesibesi Lebap topragyna çekipdir. Ýöne onuň ähli dogan-garyndaşlary, ýedi arkasy gahryman Gökdepe galasynda ýaşap geçipdirler we ýaşaýarlar. Ine, bu gürrüňi hem Guwançaga garry atalarynyň biri aýdyp beren ekeni. 
Duşman goşunlary galany partladyp, içine girende 13 ýaşlaryndaky Topar diýen bir oglanjyk öýle namazyny okamagataýýarlanýan ekeni. Bitermen agaç ýaly, gününi sanap ers-mers bolup ösüp barýan bu oglan ene-atasynyň perzent ýoksuzlygynyň zaryny çekip, ençeme tebip-mollalara gatnap, öwlüýä-maşaýyga ýykylyp alan dilegi ogly bolupdyr. Şonuň üçinem yzyndan ýene-de çaga bary dogulsyn, köpçülik-topar bolsunlar diýen dogaýy-dilegler bilen muňa şu at goýlan ekeni. Oglanyň kakasy mert, gaýduwsyz, atarman-çaparman, öz ilinde at alan Ýarly bu wagt galany goraýan ekeni. Yzly-yzyna bäbekläp, bedeni gurpdan gaçyp, mejalsyz ýatan Jemal gelnejä bolsa dünýäden bihabar diýýär. Topar 5 wagt namazyny sypdyrman okapdyr. Yzyndan bolsa çök düşüp, Alla ýalbarypdyr. Gara bulut ýaly bolup ýetip gelen duşman goşunlarynyň ýer bilen ýagsan edilmegini, kakasynyň gylyjynyň kesgir, atynyň çapgyr bolmagyny, ejesiniň sag-aman aýak üstüne galyp, ýene-de özlerine mähir paýlamagyny dileg edipdir. Özünden kiçi 4 sany çülpe jigisine bagt arzuwlapdyr. Topar ençeme ýyllap garaşylan, arzuwlanan perzentligine garamazdan, Ýarly ony ähli tarapdan türgenleşdiripdir. Ol entek 2-3 ýaşlyja çagaka, kakasy öňüne alyp at çapýan ekeni. Gözüniň agy saralyp ýeten çagasyny adamsynyň beýdişine dözmeýän Jemala garap: “Alla ýaşyny beren bolsa, hiç zadam bolmaz, bu erkejik oglan ahyryn. Atyň üstünde goý, birneme içi silkinsin, berçinlensin”diýipdir. Yzyndan bolsa: “Görmeýäňmi aýajyklaryny saklaýşyny.Edil bürgút çagasynyň dagyň ýylçyl daşyndan berk penjeleýşi ýaly, atyň iki gapdalyndan aýaklaryny berk saklaýar”diýip guwanypdyr. Şeýle-de Ýarly gaty mergen bolupdyr. Ol ep-esli aralykda oturan adamyň kellesindäki silkme telpegini atyp gaçyrýan ekeni. “Odlum hem gaýduwsyz, hem mergen bolsun”diýip şu zatlary öwreden ata- “musulman bolsun, eli-gözi ähli haramlykdan arassa bolsun”diýibem ony metjide gatnadyp, sapak berdiripdir, namaz öwredipdir.
Duşman galanyň daşyny gabap, atylýan tüpeň oklarynyň tarkyldasy, top oklarynyň gümmürdisi eşidilip ugrandan Topar galanyň iň gowşak hazaplanýan, “şu ýerden-ä geler-ow”-diýip çak edilýän Gündigar ganatyny goraýan kakasynyň ýanyna ugrapdyr: “Kaka jan, meni hem öz ýanyňa al. Meniň söweşmeli, Watan goramaly wagtym geldi” diýipdir. Ýöne aýaly ýarawsyz ýatan Ýarly birtopar çülpe çagany eýesiz goýup biljek däldi. Şonuň üçin ol ogluna öýde bolup, jigilerine seretmegi, namazyny bolsa iň kyn pursatlarda hem sypdyrman okamagy sargapdyr. Atasynyň diýenini özüne kanun saýýan oglanjyk öýüň aladasy bilen bolupdyr. Egni ezýaka ak köýnek-balaklyja, başy tahýalyja Topar eline kündügini alyp, täret etmäge duran pursatynda, gala partladylyp, duşman esgerleri içeri giripdirler. Olar öýlere kürsäp girip, öňünden çykan çaga0çugadyr, garry-gurtyny okdan geçiripdirler. “Namazyň yzyndan alladan edilýän dileg bitermiş”diýen gürrüň bilen ýüregi doly oglanjyk bu garma-gürmelikde namazymy bozduraýmaýyn, Allajan bilen arama serhet düşäýmesin”diýen gorky bilen bu wagt namazyny mal oty üçin ýasalan iki gat bassyrmanyň ikinji gatynda okaýan ekeni. Ol çalt-çalt okap, çaltrak dilege ýetmekçi bolupdyr. Emma öýlerine golaý gelen duşmanyň wagşyçylykly hereketi oňa namazyny doly gutarmaga maý bermändir. “Ataň çagyrsa bolup gel, eneň çagyrsa bozup gel”diýip gulagyna guýlan gürrüň ony tarsa ýerinden galdyrypdyr. Onuň gözüniň öňünde gandan doýmadyk duşman esgerleriniň biri näsag we gurpsuz, ejesiniň: gollaryndan tutup süýräp barýarmyş. “Ejejan”diýip çyrlaşýan dört jigisiniň dört ýerden eşidilýän zaryn owazlary, ejesiniň “Waý Topar jan, nirede sen, balam”diýen çagyryjy sesi ony herekete getirýär. “Ýa illalla, Muhammedu resulalla”diýip, silkinip ýerinden galan oglan ýokardan göni zalym esgeriň üstüne böküpdir. Onuň bokurdagyndan ýapyşan kiçijik elleri urlup depilse-de, duşmany göýbermändir. “ÝA lmeli, ýa galmaly”diýip, sakyrtga ýaly ýapyşyp ýatan Toparyň dilijigilerine buýruk beripdir. “Nunna jan, jigim, ejemi alyň-da ýer dölä ýetiň, gizleniň!”Oňa çenli özi ogulsyz-gyzsyz bolup, ömür boyy Ýarlyň çagalaryna guwanypýören aýal dogany Sargan eje bir ýerlerden yglap gelip, Jemala tekge beripdir. Entek erkeklik güýjüni doly alyp ýetişmedik, Toparyň kiçijik elleri duşmany bogup öldürip bilmändir. Demi tutulyp, gözi hanasyndan çykara golaýlan esger Topardan sypyp ýaraga ýapyşypdyr. “Tüwerekdäki ölüp ýetenleň biriniň ýaragyny alaýyn-la”diýip, egilen Topara towuk ketegi pena bolupdyr. Wagşy duşman gaharyna Jemaldyr Sargan ejäni birbada okdan geçiripdir. Ýer dölä ýetip barýan çagalar ýena-de çyrlaşyp, ejelerine tarap okdurylypdyrlar. Muny gören duşman iti guduz açypdyr. Ol ýaragyna ok sürüp ylgap barşyna, ýerde ýykylyp ýatan çagalaryň iň körpesi iki ýaşlyja Saçuzyny palçykly ädigi bilen basyp öldüripdir. Bu ýagdaýy görüp, Nunnadyr Pälwan oňa ellerine taýakdyr daş alyp, aglap topulypdyrlar. Oňa çenli gapdaldan başga bir wagşynyň yzly-yzyna atan oklary olaryň ikijiginem ýere ýazypdyr. Göz açyp-ýumasy salymyň iözüniň öňünde bolup geçen bu waka Topary dälilik derejesine ýetiripdir. Ol eli egri gylyçly ylgap gelşine, ýaňky duşmanyň janyny jähenneme iberipdir. Özüniň iň eziz, iň ýakyn adamlaryny ýitiren 13 ýaşly oglanjyk şol pursat çagalyk bilen hoşlaşypdyr. Şol pursat, şol aýylganç pursat ol är çykypdyr. Bileje oýnap-ösen üç jigisidir kükreginden mähir emdiren ejesini, “Ýarly jana ýaran bolan jigim jan”- diýip özüni söýen Sargan ejesiniň üstüne öýden çykaran dokma palasyny ýapyp, çar ýana ylgan Topar diri galan jigisini tapmandyr. Bäş sany ölini, bir sany dirini yzynda galdyryp, ýanyna ylgap gelen ogluny Ýrly tanamandyr. Gan guýma gözleri, içiňden geçip barýan Toparyň, ejesiniň ýyly ojagyndan başga hiç zady görmedik, adam-a däl, hatda garynjany-da öldürmäge dözmeýän ýüregi ýuka Toparyň, ýene-de ýekeje ýyldan 14 ýaşap, gyzlaryň hüýr jemallary düýşüne girjek Toparyň gara saçlary –çaga saçlary 70 ýaşly gojanyňky ýaly ap-akdy. Ol diňe “Kaka jan, men olary garap bilmedim, ejiz geldim” diýip ýetişdi. Şondan soň kakasy onuň eli egri gylyçly bir ata atlananyny görüp galdy. Birem: “Watan üçin ÝA Alla!”diýen sesini eşidip galdy. Şondan soň ol gaýdyp ogluny görmedi. Diňe atyň üstünde jyn ýaly bolup oturan ak saçly oglanjyk, onuň çaltlygynda işledýän egri gylyjy baradaky rowaýata öwrülen gürrüňleri eşitdi. Topar bolsa 20 güniň içinde ençeme duşman esgerleriniň läşini toparlady. Ol galanyň häli günorta çüňkünden çykyp, bir salymdan Demirgazyk ganatyna ýel bolup ýetýärdi. Ýüniň ugruna bolsa nirede söweş bolup duran bolsa, söweşe girýärdi. Pişik çalasynlygy bilen duşman urşujylarynyň üstüne bökýärdi, jaýlaryň ýokarsyna münüp, olaryň boýnuna kement zyňyp, atdan agdarýardy. Ol duşmanlaryň okly – därili ençeme gutularyny partladyp ýok etdi. Bu ot bolup lowlap ýören oglanjyga duşmanlar näçe ýigrenseler-de, tutup, atyp, görüp bilmeýärdiler. Biňe tüm garaňkylykdan onuň: “Watan üçin, Ýa Alla!”, “Ejemjan üçin, Huw Alla!”, “Jigilem üçin, Golla Eziz Alla! “diýen şaňňyja çaga sesi eşidilýärdi. “Bu çaga däl-de, göze görünmeýän jyn-arwahdy”diýip, ala-başga dünýä duşman ýolbaşçylary hat-da: “Şu oglany ele salyp, özümize dönderip bolaýsa, onda orslaryň söweş güýjýne ägirt uly kuwwat goşdugymyz bolar”diýip gürrüň edişýärdiler. Şeýlelikde urşuň 23-nji gününde bu batyr oglanjyk uly söweşde wepat bolupdyr. Onuň uly adamlar bilen deň hatarda durup, jan alyp, jan beren bu söweşi bilenem, Gökdepe galasy synypdyr. Galanyň iň belent ýerinde asylyp goýlan mukaddes baýdagy goraýan iň batyr türkmen ýigitleriniň arasynda söweşip ýören Topara duşman oky degipdir. Onuň çaga ýüreginden parran geçen ok-al ganyny ene ýere döküpdir. Toparyň namysjaň gany siňen şol ýerde soň-soňlaram gijelerine “Şehit ody” lowlap duranmyş. 
Aradan ençeme ýyllar geçip, heňňamlar öwrülse-de, ýylyň şol söweş bolan güni dolanyp gelende, adamlar Toparjygyň “Watan üçin Ýa Alla!” diýen merdemsi sesini eşidipdirler” diýen gürrüňler – türkmen halkynyň eziz topraga, beýik Watana bolan çüňňur söýgüsiniň aňlatmasy hökmünde entek-enteklerem halk arasynda ýaşap ýör! 

Awtory : Ogulbeg Jumaýewa . "Nesil" gazetinde çap edilen
BU BLOG 3118 GEZEK OKALDY.

Teswirler