Ussadyň elleri galtaşsa...
Ussadyň elleri galtaşsa...

Ussadyň elleri galtaşsa... +7

@Graff | 01.07.2019 ý.
     Satyjy eline alan skripkasyny mazaly synlanyndan soňra, «Munuň üçin arrygyňy gynap, zehiniňi ýakanyňa-da degenok, muny geçen ýerine tizräk satyp dynan ýagşy» diýip, köne skripkany depesinde göterip, mähellä ýüzlenipdir:
     — Ahow, adamlar, skripka satyn almaga meýilliňiz bar bolsa, geliberiň, kim gala tölese, bu gadym senet şonuňky bolar. Kim näçe berip biljek?! Sesleneweriň... Bir dollar, bary-ýogy bir dollar... Kim iki berip biljek?.. Iki dollar... üç diýjek kimse barmydyr? Onda üç dollara satylýa...». Ýok!
     Birden märekäniň içinden bir çal saç goja saýlanypdyr. Eli kemençeli ýaşuly märekäniň ortasyna baryp, köne skripkanyň çaňyny sylypdyr, halparan kirişlerini dartdyrypdyr. Soňra ol şeýle bir şirin hem maýyl ediji saz çalypdyr, hamala, gökdäki melekler hem bu saza ses goşup, aýdym aýdýan ýaly bolupdyr.
     Saz soňlanypdyr. Birhaýukdan soň satyjy ýene dillenipdir: «Ýeri, köne skripka näçe nyrh kesýäňiz?» diýip, indi ony kemençe bilen bile galdyrypdyr. — Müň dollarmy ýa iki?.. Iki müň dollar! Üç müňe hyrydar çykjak barmydyr? Üç müň — bir, üç müň — iki... Skripka satyldy» diýip, ol söwdanyň nokadyny goýupdyr.
     Adamlar el çarpyşypdyrlar, käbirleri bolsa geň galyp sorapdyrlar: «Biz-ä haýran, onuň bahasynyň birden beýdip asmana çykaýmagyna näme sebäp bolduka?» Bu sowalyň jogaby hem kän garaşdyrmandyr: «Oňa ussadyň elleri galtaşdy».
     Durmuşyň gerdişinden egbarlap, lagar düşen adamlaryň hem köpüsi özlerine kembaha garap, mähelläniň gözüniň alnynda özlerine, edil köne skripka ýaly, juda ujypsyz nyrh kesýärler. Ýöne, ine, birden Ussat peýda bolýar, onsoň agzyny öweldip aňkaryp duran mähelle bolýan zatlardan baş çykaryp bilmän, geň-taň hala düşýärler. Olar göwün diýen gudrata kesýän nyrhlarynyň, Ussadyň elleriniň galtaşmagy bilen, gymmata eýe bolup biljek ekenligine haýran-serasima bolup galýarlar.

Taýýarlan: @Graff
bu blog 63 gezek okaldy

Teswirler

@Turkmensoft 1 hepde öň
@Graff mekdepde ýa-da edebiýat agşamlarynda okuwçylara onlaýn gyzykyly tymsallary okap bermäge mümkinçilik döretýänligiň ajaýyp zat. !!! Berekella !!!
@Graff 1 hepde öň
Minnetdar! :)
Älemjahan