Viktorina №8

Viktorina №8 +1

@white | 01.12.2018 ý.
Ynsan ömründe her hili wakalar bolýar. Olaryň käsi säher salymdan unudylsa, käbiri bütin ömrüň dowamynda ýadyňdan çykanok. Meniň kakam durmuşynda şeýle unudylmajak wakalaryň biri biziň asyrymyzyň başynda bolup geçipdi. Türkmenistanda ýaşamagy hem işlemegi, Orta Aziýanyň beýleki birnäçe ýerlerine syýahat etmegi geljekki ýazyjynyň bütin ömründe, döredijiliginde öçmez yz goýdy. 

Dekabr aýynyň açyk säherinde Kaspi deňzini böwsüp gelýän gäminiň bortundan kem-kemden ýakynlaşyp türkmen kenaryny uly tolgunma bilen synlap duran pursatyndan bäri 76 ýyl geçdi.

“Bir-birine sepleşip gelýän gum depeleriniň endygan çylgymlary, gülgün reňke boýalan deňiz hem ýapgyt kenar meniň aklymy haýran etdi. Bir çeträkde abanyp duran galanyň golaýynda balykçylar uzyn, gara, ujy çiş ýelkenli gaýyklary bilen ýüzüşip ýördi...

Gämimiz şol wagtlar kiçiräk oba çalym edýän Krasnowodskiniň duralgasyna baryp togtady. Dukanlaryň ýanynda uzyn boýly, gyrmyzy donly, buýralary zire-zire bolup seçelenip duran silkme telpekli türkmenler atlarynyň jylawyndan tutup durdular.

Sorag: Bu beýan edilen ýazgylar, kimiň setirleri?

Baýragymyz: 3TMT görnüşinde siziň TMCELL hasabyňyzy doldurmak

Şerti: Ilkinji we dogry jogap beren agzamyzyň teswiri kabul edilýär. Soragyň jogaby 24 sagadyň dowamynda bilinmese, ol güýjüni ýitiren diýlip hasap edilýär we soragyň jogaby @white tarapyndan görkezilýär.

bu blog 116 gezek okaldy

Teswirler

@Muhammedow 2 hepde öň
Wasiliy Yan diyiba cykya :)
@Demir57 2 hepde öň
Meni jogap bermek kan gyzyklandyrmady bar unsumi 76 yyl bolup gecdi diya setirlerinde ya men yalnysh dusundim. Yada sol adam men 95 100 yas tovereginde.
Uns berseniz kakam geldi diya atam diyenok. Mana dusndirip biljek adam barmy
@white 2 hepde öň
@Muhammedow jogaby ginishleyin berseniz? Setirler kiminki?
@Vettel 2 hepde öň
"К Последнему Морю" Vasiliy Yan
@Vettel 2 hepde öň
"К Последнему Морю" Wasiliy Yan
@white 1 hepde öň
@Muhammedow @Vettel @Demir57 gurrun Wasiliy Yan barada gidyar ol dogry yone setirler kiminki?
@Bashkanka 1 hepde öň
wasiliy yanynky
@Muhammedow 1 hepde öň
Nemee bu Wasiliy yanyn kitaby dami?
"Aziyanyn mawy alyslyklary" diyya
@white 1 hepde öň
Bu soragyn jogaby: Mihayil Wasilyevich Yancheweskiy. Ol Wasiliy Yanyn ogly, setirlerde ol ozunin kakasy barada beyan edyar.
Älemjahan