Winston Churchill-den paýhasly sitatalar_2
Winston Churchill-den paýhasly sitatalar_2

Winston Churchill-den paýhasly sitatalar_2 +2

@Graff | 24.06.2019 ý.
(Dowamy. Öňi geçen temada)

21. Uruş bu özgeleriň bähbidi üçin bütinleý bigünä adamlaryň heläk bolmagydyr.
22. Durmuşyň iň bir beýik sapagy akmaklaryň hem mamla bolýanlygyndadyr.
23. Adamy öldüreniňden ony para-peşgeş bilen satyn alanyň has ýegdir, şonuň ýaly-da öldürileniňden satyn alnan kişi bolmak has ýagşydyr.
24. Dört çagany terbiýeläp ýetişdireniňden, tutuş milleti dolandyrmak has aňsat.
25. Biz uly wakalaryň we kiçijek adamlaryň eýýamynda ýaşaýarys.
26. Agaç paşmaklardan agaç paşmaklara çenli ýol dört arkadan (nesilden) ybaratdyr: birinji arka — toplar, ikinji — artdyrar, üçünji — sowrar, dördünji — fabrige dolanyp barar.
27. Taryhy öwreniň, taryhy öwreniň. Syýasy taýdan ýiti düşünjeliligiň ähli syry taryhdadyr.
28. Gatnaşygy bozmagyň iň oňat usuly — ony inçeläp, düşünişjek bolup başlamakdyr.
29. Parlamentiň maksady — ýumruklaşyp uruşmagy söz urşy bilen çalyşmakdan ybaratdyr.
30. Iki kişi uruşsa, üçünji kişi utuş gazanýar.
31. Eger ganhory öldürseň, ganhorlaryň sany üýtgemeýär.
32. Pessimist her mümkinçilikde kynçylyk görýär, optimist her kynçylykda mümkinçilik görýär.
33. Her bir üýren ite daş atjak bolsaňyz, siz barmaly ýeriňize hiç haçan ýetmersiňiz.
34. Geçmişini unudan halk geljegini ýitirendir.
35. Iň bir göz gamaşdyryjy ýagtylyk hem kölegesiz bolmaýar.
36. Men — optimist. Başga bir kişi bolmakdan hiç hili bähbit görmeýärin.
37. Arka tarapyna gara tuty tutýan bir kişi tapylmasa, hiç bir ýyldyz hem ýagty saçýan bolup görünmez.

    Bir gezek çykyş mahalynda žurnalist zenan syýasatça şeýle sowal beripdir:
    — Her gezek çykyş edeniňizde zalyň hyryn-dykyn dolýanlygyny duýmak siziň üçin ýakymlymy?
    Uinston Çerçill şeýle jogap beripdir:
    — Ýakymly, juda ýakymly, ýöne her gezek doly zala göz aýlanymda bir zat babatda oýlanman durup bilemok, eger-de men söz sözlemän, eşafota çykýan bolanlygymda tomaşaçylar, meger, iki esse köp ýygnanardylar...

(Gyzykly bolandyr diýip umyt edýän)
Taýýarlan: @Graff
bu blog 58 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan