ÝAT BOLAR
ÝAT BOLAR

ÝAT BOLAR +2

white, 07.02.2020
Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.
Gaçara agaň, iniň, bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.
 
Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse – eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.
 
Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,
Dostuň ýhlas bilen, merhemet etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.
 
Göreş bir abraý, uruş bir destdir,
Kişini kemsiden – özi näkesdir,
Bir mümüne gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.
 
Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgusynyň wideo ýazgysyny görmek üçin: youtube kanalynda
https://www.youtube.com/watch?v=VF4fa-MuxUg
BU BLOG 4276 GEZEK OKALDY.

Teswirler