Ýatdan çykmajak söýgi
 Ýatdan çykmajak söýgi

Ýatdan çykmajak söýgi +1

MissMeri, 17.11.2020
loving couple

Irden 8:30 töweregi, 80 ýaşyndaky bir ýaş uly adam başam barmagyndaky tikinleri aýyrmaga gelende, başagaýrak gün bolupdy. Gaty howlukýandygy aýdyň bildirýär we tolgunmakdan birneme titrän ses bilen irden sagat 9-da möhüm işiniň bardygyny aýtdy. Gynanç bilen men başymy ýaýkap, lukmanlaryň hemmesiniň meşguldygyny we bir sagadyň dowamynda edip bilmejekdigini bilip, oturmagyny haýyş etdim. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda gözüniň nähili gynanç bilen synlap, soň bolsa sagadyň wagtyna seredip, içimde ýüregim jyzlapdy şol wagt - we häzirki wagtda başga hassalarym ýoklugy sebäpli, ýarasyna özüm ideg etmegi makul bildim. Barmagyny gözden geçirenimden soň, ýaranyň gowy gutulandygyny gördüm we lukmanlaryň biri bilen maslahatlaşanymdan soň, ýarany bejermek üçin tikinleri aýyrmak we dermanlary üçin zerur gurallary aldym.

Barmagyna ýakyndan seredip iş salyşamda, biz gürleşip başladyk. Men saklanyp durup bilmän we ondan soradym:

- Howlukýanyňyzyň sebäbi, belki siz görüşjek bolýansyňyz?...

- Ýok, aslynda beýle däl. Men ýarawsyz aýalymy naharlamak üçin hassahana ýetişmeli.

Soň bolsa näme bolandygyny soradym. Ýaş uly adam, gynansak-da, Alsgeýmer keseli (huşuň ýady, pes bolan ýagdaý) ýüze çykdy diýip jogap berdi. Gepleşip otyrkam, tikinleri aýyryp we ýarasynyň bejergisini tamamlap ýetişdim. Sagadyma seredip, sen biraz gijä galsaň, ol aladalanarmy - diýip soradym. Meni gaty geň galdyrdy, söhbetdeşim gynansak-da, soňky bäş ýylda ol aýal, ol adamy tanamaýandygyny aýtdy.

- Ol meniň kimdigimi hem bilenok' - diýip, başyny ýaýkady.

Geň galyp, oňa sorag berdim:

- Seniň kimdigiňi bilmese-de, her gün irden ol ýere gidýärsiňmi?'

Ol ýylgyrdy-da, kaka ýaly meñ elimden kakyp, jogap berdi:

- Ol meniň kimdigimi bilenok, ýöne men onuň kimdigini bilýärin.
couple forever


                                                          @MissMeri
BU BLOG 1812 GEZEK OKALDY.

Teswirler