Çykmadyk gyzyñ Instagramda paylaşan suratlaryna "beýan"

Çykmadyk gyzyñ Instagramda paylaşan suratlaryna "beýan" +3

@Dipsomaniac | 19.08.2019 ý.
Soňky döwür ýurdumyzda ulanmaklyk ýoň bolan Instagram barada 
kelam agyz aýdyp geçsek. Has hem nygtamaly zadymyz çykmadyk 
gyzlarymyzyň profilindäki paýlaşylan şahsy suratlary. Bu suratlary 
seljerip saýhallap, üstünde barlag geçiren “ bolsa 5 bolmasa 25 “ atly 
tanyşymyzyň kiçijik beýanatyny size ýetireliň . Gör bak näme diýýär?
1.Her gün hökmany ýagdaýda surat paýlaşylmaly. Köplenç hem bu 
suratlaň 80% selfie, 20%-i hem tutuş bedenden ybarat görnüşinde öz 
suraty bolmaly.
2.Paýlaşylan Suratlarda maşgala agzalary ýer almaz. Gyz doganynyň 
suratyny paýlaşmaklyk dagy özi üçin howp bolup durýar şol sanda 
Agasy/oglan jigisi/ kakasynyň suratlaryny paýlaşmaklyk hem
dalaşgärler üçin uly howp bolup durýar.
3. Joralary bilen düşen suraty dagy hiç haçan hem paýlaşylmaz, sebäbi 
olar gyzyň bäsdeşleri bolup durýarlar. Oglan tanyşlary bilen düşen 
suratynyň goýulmasy waşşe kyn, goýulan ýagdaýynda hem az wagt 
geçmän aýrylar.
4. Yzarlaýjy sany yzarlaýanlarynyň 4-5 essesidir.
5. Surata ýazylan teswirler aram aram pozulup durulýandyr, aýratyn 
hem halanmaýan erkeklerden gelen “ betje zat ekeniň” , “edinäýmeli 
ekeniň” , “süýjimä sen” ýaly teswirler bilen gyz ulanyjynyň eýle 
beýlesini elleýän, “azarlan” häsiýetli teswirleri gören badyna delete 
düwmesine basar. Ýöne ýaňky aýdyp geçen teswirleriň eýelerini gara 
sanawa goşmaz, sebäbi bu gyzyň profili dörýän oglanlar üçin aýratyn 
bir atmosferany döredýänligi üçin aýap saklanýandyr.
6. Käteler, hatda aram aram garyndaşlarynyň, goňşylarynyň 
bäbejiklerini gujaklap surat paýlaşýandyr, siz ýöne pikirem edýän 
dälsiňiz beýtmeklik bilen ol adamlara “ ýetişdim, eje bolmaga taýýar 
men “ ýaly gizlin habary ýollaýanlygyny.
7. Dini görüşini taryp edýän käbir suratlar hökmany suratda 
paýlaşylmaly, “ agzymy açýan wagtym “ , “ gurban baýramyňyz kabul”
ýaly taryp edilen suratlardyr.
8. Näme iş edýändigini näçerak pul gazanýandygyny äşgär edýän 
suratlary paýlaşmaklyk bilen özi üçin “ näçeräk galyň “ tölenilmelidigini
gizlin nygtap geçýär.
9. Suratynyň has hem köp ýerde görülmesi, has hem meşhur bolmasy 
üçin “#” goýar. “#erkek #oglan #gözleýän #belli #edemok” ýaly
görnüşinden.
Bellik : Has kem ýerden gaýdylan bolsa ýa-da öteräk geçen bolsa 
mylaýym teswirleriňiz bilen dogurlap ýa-da merkini berip bilýäňiz. Islän 
adam oglanlaň suratyna hem beýan ýazyp biler, ýöne näme etjek 1 sany 
yzarlaýjysy bolan oglanlary :-D


cheshme : bihepden terjime
bu blog 345 gezek okaldy

Teswirler

@rezero 3 hepde öň
:D #wow #nejis #fake :D
@retro 3 hepde öň
ýolaý birzatlar ýazaýyn diýip girdim welin blogy görüp goýbolsun etdim :D
@oraZIK 3 hepde öň
Suratyn ashagyndaky kommentde shol gyzy yrjak bolyan alfa macholara nebsim agyrya
@sari 3 hepde öň
sana name ilin suratlaryndan, islan adam islan zadyny eder. yone men bir zada gen galyan, turkmen oglanlaryn sheyle samsyk comment goymalary meni cringe level hard etdiryada. meselem: "suyjujam nomerini berayda". eger gyz bolsam shular yaly samsyk comment yazyanlary gowy edip gepimi sokup son block etmekchida arman gyz dalda
@Dipsomaniac 3 hepde öň
neme , mana name bolsa, bu yazylan beyan bilen senin name ishin? Tozoda geziber , islan zadymy yazyan pozyan mana eyt beyt diyip bilmersin, , arman gyz dalda diyyan bolsanam jynsyny uytgeday meselesi yokdur
@Dipsomaniac 3 hepde öň
neme , mana name bolsa, bu yazylan beyan bilen senin name ishin? Tozoda geziber , islan zadymy yazyan pozyan mana eyt beyt diyip bilmersin, , arman gyz dalda diyyan bolsanam jynsyny uytgeday meselesi yokdur
@sari 3 hepde öň
men senin blogyna zat diyemok islanini yaz yone bir soragym bardy sana name ilin suratyndan? turkmenlerin damarynda bar oytyan shul ilin birzadyny tankytlamak. meselem senem surat goyyan diyeli instagrama mashynly suratlar diyelida. menem sana yazsam/pikir etsem "mashynym bar diyip gyzlara gorunjek bolyar" diysem. sana shonda gowy gelermi ya-da yaman. "otmese ozune bas" shuna eyerip pelsepe yoretjek bolup gor. islan adam islanini edya yone beydip blog achylanda birinin ustunden gulunyan yaly gorunya, beyle bloglar yazyanchan dunya habarlaryndaky habarlary yazyp gor. gysgacha men senin blogyn bilenem ishim yok yonekey sorag sorayan sheyle zatlarda "sana name il name edende?"
@Dipsomaniac 3 hepde öň
onda sana name men bolshum bilen? Yaman durshun bilen paradokslay inim, gowsy sen men bilen gidishmede ozuni duzetsene, shonda adam borsun olmesen
@Tarcetti 3 hepde öň
cringe name diymegay :D
@sari 3 hepde öň
agressive bolmak gerekdal. men adam welin sen negative tolkun bilen urshjak bolyan. men dine sorag soradym. sonam sagaman yasha belki gelejekde senden elon musk chykar
@mezarro4 3 hepde öň
instada sheydip ozuni reklama edyan ganjyklan arkasynda duryan bolsan senem sholardan govy dal yagdayyn inim.
@Röwşen 3 hepde öň
Uly il men barada nähili pikir edýärkä, näçe ýürejik knopkasyna mynasypkam, ol maña näme üçin like goýdy ýa-da goýmadyka ýaly meseleleri bilen ýaşamaklyk kyn bolsa gerek.
@Tarcetti 3 hepde öň
birje sorag bar. cringe name diymek @sari?
@sari 3 hepde öň
bashgasy adyna utanmak. samsyk hereket ya-da bashga zat edende cringe diysen bolya
@FAT_TONY 2 hepde öň
Cykyp cykmadygynyn tapawudynam bir aydyp bersen. instagram bn name dahly bardygyny
Älemjahan