Ýyldyzlaryň Reňkleri
Ýyldyzlaryň Reňkleri

Ýyldyzlaryň Reňkleri +3

@maxwell | 09.09.2019 ý.
Daşarynyň sergin howasyndan dem almak we şäherin ýagty çyralary sebäpli kän görünmese — de görünenje ýyldyzlary synlamak üçin daşaryk çykdym. Ileri tarapda, ady we şekli hemmämize mälim bolan, Uly Ýedigen ýyldyzlar topary görünyär. We “susagyň” egri sapynyň egriligi boyunça dowam edýän hyýaly çyzgy çyzyp, ýola dowam etseň gyzylymtyl bir ýyldyza eltýär. Ady Arktur. Dik depede öňden tanyş ýyldyzlardan Wega, Deneb we Altair üçburçlugy bar. Üçburçlugyň birinji burçuny emele getirýän Wega, adyny gadymy rowaýatlardaky Orpheus-yň jadyly mukamyny çalýan saz guralyndan alan Lir-in alfa ýyldyzy. Ikinji burç, bizden 16 ý.ý uzaklykda yerleşýän Altair, Bürgüdin alfa ýyldyzy. Üçünji burç, asmanyn kemeri Akmayaň Ýolunyň üstünde ýerleşýän, Deneb. Deneb-den soň, Wega bilen Altairiň ortasyna ýakyn ýerde ýerleşýän, Guw ýyldyzlar toparynyň beta ýyldyzy bolan, sarymtyl görünýän Albireo-a gözüm düşdi. Albireo goşa ýyldyz bolup, asmandaky iň owadan goşa ýyldyzlardan biri. Ýyldyzlaryň biri altyn reňkde beýlekisi mawy.
1 — nji surat.Albireo.
Has ýakyndan.
2 — nji surat.Albireo.
Gyzgyn jisimleriň hemmesi, daş — töwerege şöhle saçýar. We bu ýagtylygyň reňki, onuň temperaturasyna bagly. Ýyldyzlaryň reňkleri, olary biri-birinden tapawutlandyrýan parametrleriň biri. Olaryň reňkleri, üstündäki temperaturalary, göwrümleri, massalary, düzümindäki elementler we ýaşlary biri-biri bilen özara baglanyşykly bolup, ýyldyzlary reňklerine görä synplandyrmak mümkin. Reňkleri O, B, A, F, G, K, M harplary bilen bellenilýär. Bu harplaryň ýatda galyjy bolmasy üçin “ oh be a fine girl/guy, kiss me” ýaly sözlerem ýok däl.
3 — nji surat.
(O, B, A)da täze hem iri, äpet ýyldyzlar bar. Ýyldyzlar milliardlarça ýylyň dowamynda ewolýusiýa geçirip, (F, G)de yerlerini alýarlar. (K, M)däkiler bolsa ömürleriniň belli bir bölegini geçiren, “ýaşy bir çene baran”, “garry” ýyldyzlar ýerleşýär.
1 — nji jedwel.
*0 Kelvin = -273.15ºC, 1K = -272.15ºC
O. Ýyldyzlar toparynyň her biriniň asman gümmezinde tutyan meýdanyny bar. 10 Lacertea, Suwulgan — Lacerta ýt-yň çäklerinde ýerleşýär. 10 Lac ýyldyzynyň massasy, Günüň massasyndan 26.9, radiusy 8,27 esse uly. Şöhle saçyşy Güne garaňda 102,000 esse güýçli. Temp. 36,000K.
B. Bu renk synpyndaky ýyldyzlara mysal hökmünde Üç yyldyzdan Rigel(“Üçýyldyzyň (Orion ýyldyz toplumynyň) iň ýagty ýyldyzy Rigel ýyldyzy hasaplanylýar. Radiusy boýunça Günden 80 esse uludyr. Onuň üstüniň temperaturasy 13 müň gradusa golaý bolup, ol Äleme, Güne garanyňda 66 müň esse güýçli şöhle saçýar”) we Zodiakdaky Virgo (Gyz, Sünbüle) ýyldyzlar toparyndan Spica…
Ýokarda berilen reňk synplaryny öz içinde-de bölünýär( 0–9a çenli (B1, G2…A9)) Ýyldyzlar, 7 esasy reňkden(Gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, gök, melewşe) başga-da dürli ýygylykdaky elektromagnit tolkunlaryny saçýar. O, B, A-daky ýyldyzlaryň älema saçýan şöhleriniň köp bölegi Ultramelewşe, melewşe tolkunlary, K, M-dälikerde bolsa gyzyl we Infragyzyl tolkunlary agdyklyk edýär.
4 — nji surat. Üç ýyldyz — Orion.
5 — nji surat. Orion
HR Çyzgysy
Hertzsprung-Russell Çyzgysy (HRD) ilkinji gezek 1911–1913-nji ýyllarda Daniýaly himik, astronom Ejnar Hertzsprung we Amerikaly astronom Henry Norris Russell tarapyndan esaslandyrylypdyr. Bu diagramma ýyldyzlaryň esasy häsiýetlerini görkezýär.
6 — njy surat. HR Çyzgysy.
HR çyzgysynda, aşakda keseligine ýyldyzlaryn reňk synpy we olaryň üstündäki temperatura , dikligine bolsa Şöhle saçy;y görkezilýär. Ýyldyzlaryň aglabasy, çep ýokarky burçdan(aşa gyzgyn we aşa ýagty bölüm) sag aşaky burça(“sowuk” we sönük ýyldyzlaryň ýerleşýän bölümi) dowam edýän diagonal çyzgynyň üstünde ýerleşip, ömürleriniň easy bölegini bu ýerde geçirýär. Bu bölüme “Easy ýyldyz yzygiderliligi” diýilýär. Esasy yzygideligin ortasyndan ýokarlygyna sag tarapda Gyzyl äpetler, çepde bolsa mawy renkde şöhle saçýän uly ýyldyzlar ýerleşýär. Dürli gyzgynlykdaky kiçi ýyldyzlar Akgöýdükler — karlikler ortadan aşakda çep tarapda ýerleşýär. Suratda görkezilen ýyldyzlaryň käbirleriniň üstünde olaryň massalary, aşagynda bolsa ortaça ömürleri ýazylypdyr.(“Çyzgyda ýyldyzlaryn ýerini kesgitleýän iň esasy zat olaryň massalary”). Bu ýazgylara seredip massasy uly bolan ýyldyzlaryň ömürleriniň gysga bolýandygyny görmek bolýar. Munyn sebäbi: “Ýyldyz uly boldugyça, onuň jümmüşindäki temperatura hem şonça ýokarydyr we şeýle ýyldyzlarda wodorod çalt “ýanyp”, geliý gazyna öwrülýär. Mawy ýyldyzlar esasy yzygiderlikde bolmak bilen, wodorody 10⁶ -10⁷ ýylyň dowamynda, Gün bolsa öz wodorodyny 10¹⁰ ýylyň dowamynda “ýakar”. Diýmek, Günüň içki energiýasy ýene milliardlarça ýyla ýeter.

Ýyldyzlaryň ýadrosyndaky wodorodyň ýanmagy bilen onuň ösüş ýagdaýy çaltlanýar. Gyzyl äpetleriň dykyz we gyzgyn ýadrosynda geliýniň ugleroda öwrülmegi bolup geçýär. Geliýniň mukdarynyň azalmagy bilen täsirleşme gutarýar. Ýyldyz gysylyp başlaýar we ol sowuk kiçi ýyldyza öwrülýär”[1]. Harplar we Arap sanlar ýyldyzyn reňkini, Rim sanlary bolsa ýyldyzyň görnüşini anladýar. Mes. Gün: G2V. V: Esasy yzygideligindäki (karlik) ýyldyz.

Astronomlar ýyldyzlardan gelen şöhläni analiz etmek bilen olar barada ýokardaky maglumatlary (bu diňe bir bölegi) almagy başarýarlar. HR Çyzgysynyndan peýdalanyp, “ ýyldyzlaryň belli bolan massalaryny we şöhle saçyşlaryny deňeşdirmek bilen, olar barada täze maglumatlaryň hem birgidenini anyklap bolýar”

Çeşmeler:
  1. Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. sahypa 135,136, 126–127,
  2. Gökyüzünü Tanıyalım, 2018. Tübitak Popüler Bilim Kitapları 47. Mehmet Emin Özel, A. Talat Saygaç. ISBN 978–975–403–072–3. s:31–32
  3. https://www.universeguide.com/star/10lacertae
  4. https://www.wikizeroo.org/index.php?q=aHR0cHM6Ly9lbi53aWtpcGVkaWEub3JnL3dpa2kvMTBfTGFjZXJ0YWU
  5. https://www.enchantedlearning.com/subjects/astronomy/stars/startypes.shtml
  6. https://rasyonalist.org/yazi/yildiz-astrofizigi-hertzsprung-russell-diyagrami/
bu blog 80 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan