Ynha, ýene bahar

Ynha, ýene bahar +2

@kararsyz | 27.11.2019 ý.
Ynha, ýene bahar…
Baharda guşlar
Bir wagtlar süýji-süýji saýrardy.
Ýaz lybasyn geýinerdi tebigat,
Ol gözel görnüşe göwün haýrandy.

Ynha, ýene bahar…
Ýöne bu sapar
Küýseýär ýüregim ýaşyl baglary.
Şu beton daglardan gutulmak isläp,
Gamgyn ýürek näçe sapar aglady!

Ynha, ýene bahar…
Ýaz ýagşy ýagar,
Ýöne ýagar kömür reňkli asfalta.
Ýagaýmaz ol açylan ter güllere,
Ýalbaryplar seretsem-de asmana.

Ynha, ýene bahar…
Baharda guşlar
Bir wagtlar gamgyn-gamgyn saýrardy.
– Uzak diýarlarda bir bahar güni
Aşyk ýigit köçe bilen barýardy.



Sungat Gurbangeldi

bu blog 3242 gezek okaldy

Teswirler

@Biolog 1 hepde öň
Mlds