Ýolda

Ýolda +1

Annagul, 21.05.2020
Biz hemishe diýen ýaly ýolda. Hatda biz uklaýan pursatymyzda hem, ertir ýene ýolda bolmak üçin, uklap dem alýarys. Dem alanymyzdan soň bolsa ýölumyzy dowam edýaris. Kimdir biri aýdar:- Bizä edil su wagt öýde. Hiç bir ýere atlanmaýas. Hawa. Edil shu wagt siz öýde. Ýöne haçana çenli. Ertir ukydan turup, çaýyňyzy içip siz hem ýolda. Iň bärkisi goňshylara barmak üçin, siz hem ýolda. Ýada iň kiçijik ýollary aýdaly. Bu otagdan ikinji bir otaga geçmek üçin, siz ýene ýolda. Biziň ýolda bolmaýan pursadymyz umuman ýok diýen ýaly. Eger biziň özümiz ýolda däl diýsek, iň bolmanda  hyýalymyz hemishe ýolda. Onsoň biz hyýallarymyzy uzak ýollara göýberýäris. Ol bolsa bir topar ýerleri aýlanyp gelip özüniň nämeleri görendiginni bize aýydýar.
     Onsoň ýene biziň ýolda bolanymyz gowy. Çünki biz bu wagt ýashaýyshda bar adam. Ýashaýyshda bar adam ömrüni ýolda geçirýär. Meniň bu sözüme ynanmasaňyz synag edip göräýiň. Jaýyňyzyň içine girip gapyny temmeläp birnäçe gün hiç ýere çykmaň. Derrew sizi idäp gelen tapylar. Sizi idäp gelen ýolda bolar. Siz gapyny açyp, ony oturan jaýyňyza göýbermeli bolarsyňyz we siz ony garshylaýan pursatyňyzda,  barybir ýolda bolarsyňyz. Biziň hemishe ýolda bolýandygymyza eger çyksa siz indi ynanyp bashlan bolsaňyz gerek. Ýöne näme üçin biz  ýolda bolýarys. Özäm hemishe diýen ýaly. Bu soraga jogap berip biläýsek gowy bolardy.
     Eger çyksa, biziň ýola çykýanymyzyň esasy sebäbi, biziň özümize,  köp halatda bagly däl. Bizi ýola çykmana durmush mejbur edýär. Sebäbi biz hemme gören we eshidýän zatlarymyzy ýolda görýäris we eshidýäris. Bu sözümiň subutnamasy aňsat. Ýene synag edip görüň. Öýden çykman ýatyň. Ine shu öýden çykman ýatan wagtyňyz, eger çyksa siz hiç zat görmersiňiz we hiç zar eshitmersiňiz. Onsoň dünýäden habardar bolmak üçin siz ýene ýola düshersiňiz. Onda ýol näme?. Näme üçin biz ýol barada şeýle ürç edip ýazýarys. Ýoluň nämedigini bilmek isleýäňizmi?. Munyň üçin gowysy ýola düshüň.  Sebäbi shonda siz anyk göz ýetirersiňiz, ýoluň nämedigine. Munyň üçin ýakyn bir dostuňyzy saýlap alyň. Eger bu dostuňyzy görmegi öňden niýet edip ýören bolsaňyz has gowy. Onda bahana bar. Ýögsa  bimany bir ýere barsaňyz gowy däl. Siz barada gümürtik sözler aýdylar yzyňyzdan.
 Ynha siz dostuňyzy görmek üçin ýola düshdüňiz. Özäm pyýada diýeli. Dostyňyzam goňshy obada ýashýar. Siz oňa jaň edip bu gün onuň ýanyna barjagyňyzy aýydýaňyz. Shu döwüriň däbi şeýle. Öňünden aýytmak. Ýöne köne döwürlerde telefon bolmany üçin öňünden duýdyrmak mümkin däl bolan we bir ýere barmak köplenç tötänleýin bolupdyr. 
   Ýol ugryna siz ýolda öňüňizden çykan zatlary görüp, ýenede size ýolda dushan adamlar bilen salamlashyp, onsoň ýene birleri bilen söhbetleship dostyň öýüne ýakynlasharsyňyz. Bu hem hemmesi däl.Ýol ugryna gören hadysalaryňyzam bolar we bu görenleriňize baha berip, belki ýol ugryna dushan adamlara bu hadysalar barada söhbetleshp,  ýoluňyzy dowam edersiňiz. Gördüňizmi, ahli siziň many çykarjak zatlaryňyz ýolda dush gelýär. Indi siz meniň ýol baradaky aýdan sözlerime ynnanyp:-Hakykatdanam, ähli bolup geçýän hadysalar ýolda bolup geçýän ekeni diýersiňiz. Ýöne bu meniň size aýytjak sözüm däl. Meniň size aýytjak sözüm haçan siz dostyňyza dushup, onuň bilen çaý bashyna geçip, ýolda gören zatlaryňyzy aýytjakdygyzy, aýytmak. Näme üçin siz ýolda gören zatlaryňyzy kimdir birine aýydýarsyňyz, ýol size nähili täsir edýär. Hiý, bu babatda oýlanyp gördüňizmi. Ýörediňmi diýmek sen ýolda. 
   Ine onsoň siz dostyňyza dushup, oňa ýolda dushan adamlaryňyz we gören zatlaryňyz barada aýdyp bashlarsyňyz. Ilki bilen siz oňa, ol tarapa gelýärkäňiz düshen kynçylyklaryňyz barada  aýdarsyňyz. Sheýdip siz dostyňyza ony görmek aňsat bolmandygyny aýdarsyňyz. Eger sizi ýolda bir tanysh dushyp, mashynyna  mündirip äkelip gitmediik bolsa. Eger,  sizi dostyňyzyň öýüne äkelip giden bolsa onda siz oňa:-Ýolda gelmek kyn bolmady diýersiňiz. Eger, çaň-tozana batyp gelseňiz onda siz döstyňyza aýdarsyňyz. Ýol ýaman eken. Zordan geldim diýersiňiz. Gördüňizmi, ýol size nähili täsir edýär. Ýol bizi hem gynandyrýar hem begendirýär. Tapawydy ýok, bu bolan ýagdaýyň iki halatyny hem dostyňyza aýdarsyňyz. Dogry, käbir halatlarda siz ýolda düshen ýagdaýyňyzy dostyňyza aýytmarsyňyz. Bu hili ýagdaý, siz gyssag bolsaňyz ýada ýolda ähmiýetli zada dushmasaňyz şeýle bolar. Ýolda özüňiz bilen bagly bolmadyk ýagdaýlaryň hem dush gelmegi mümkin. Mysal üçin, iki adamyň bir zadyň üstünde dawalashyp duranyna dush hem gelmegiňiz mümkin. Bu gören wakaňyzy hem dostyňa aýdyp berip, bu dawada kimiň günäkärdigini, onuň bilen seljerjek bolarsyňyz. Diýmek, ýol bize seljermek üçin, bir zadyň manysyna düshünmek üçin we bu zatlary aýdyp, garshydashymyz bilen ýolda dushan zatlarymyza baha bermek üçin ýolda bolýarys. Ýagny ýa kömek bermek üçin ýada birinden kömek almak üçin.Ine ýolda bolmagyň esasy manysy. Bu diýildigi ýol bize gerek, bir zatlary äkitmek üçin hem bir zatlary getirmek üçin.
   Hemmeler ýolda bolýar. Kiçijik çaga hem. Ol ,,ulalmaly'' diýen ýolda bolýar. Munyň  üçin ol ilkibada dynman süýt içmeli, onsoň biraz ulalyp köp çörek we nahar iýmeli. Çaganyň ulalmgyny isleýän adamlar onuň bilen birlikde onuň ,,ulalýan'' ýolunda bolmaly. 
  Söýgülisine dushmaly ýashlar hem ýolda bolmaly. Ýogsa onuň söýýäni, bashga bir ýolda dogry gelen gidip galmagy mümkin. Gördüňmi, ýolda bolmagyň nähili ähmiýetlidigini.
   Ýada ishe barmak üçin hem siiz ýolda bolmaly. Ishden öýe gaýdanyňyzda hem siz ýolda bolmaly. Öň aýdyshym ýaly hemishe ýolda. 
   Haçan men sizie biz hemishe ýolda bolýarys diýenimde siz maňa ol diýen bir ynanmandyňyz. Indi bolsa siz maňa ynanýarsyňyz. Näme üçin?. Sebäbi men hem siziň üçin ýolda boldum we shujagaz blogy ýazdym. Siz hem meniň üçin ýolda boluň. Bu diýdigim meniň bloglarmy hökman okaň.
BU BLOG 1329 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Tokmak 2 hepde öň
Tüweleme, Anna gyz. Blog ýazýaňyz, begenýärin. Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun.

Bir zat aýdasym gelýär. Blog ýazylanda koliçestwo (sany we möçberi) däl-de, kaçestwo (hili) wajyp diýip düşünýärin. Meniň pikirim - ilki bilen pikiriňi jemläp, blogy ýazmaly. Soňra kiçeltmeli, ondan soň ýene eýlesinde-beýlesinden gyrkyşdyrmaly, soňra bolsa bir ýere aýyryp goýmaly. 1-2 hepdeden soň gaýtadan okap görmeli. Biraz üstünde işlemeli. Şondan soňra göwnüňe jay bolsa, bu ýerde ýerleşdirmeli. Şeýle edilse, hil derejesi has ýokary bolýar.

Akyl berýär diýmäň. Meniňki ýöne bir maslahat.
@Annagul 2 hepde öň
Bu barada Gogol hem siziň ýaly maslahat berýär. Ýöne men örän köp ýazmagy maksat edindim. Men uly göwrümli kitaplara gyzykýan.
@Jepax 1 hepde öň
hummm, hawa onson yoldamyşyk-da, netije name? yolda bolmak erbetmi gowumy peydalymy, kime name maslahat mundan?

yuwan tema.

bagyshla welin, bizem barde öz pikirimizi beyan etmek uçin giryas, sizem ilin komentariyalaryndan gaçjak bolup tema yazyan dalsiniz.
@Umyda 1 hepde öň
"Şujagaz blog"diyyäniňiz gaty uzyn yazlan,birzady düşündirmek üçin köp mysallar getiripsiňiz,okaňda yzy üzülmeyan yaly yöne şolbir manyny beryär