Ýylgyraýda

Ýylgyraýda +6

Alemjahan, 09.01.2020
— Bäh, fizika mugallymymyz bir gürrüňinde, «Jisim gyzanda ulalýar, sowanda-da kiçelýär» diýipdi welin, ugrunda bar ýaly-la-haw şoň?!

— Hä, näme üçin beý diýýäň?

— Aý, häli günortanlar howa yssyka kepkam kellämi çalaja gysyp durdy, indi salkynladam welin halparyp du-ur…

***
Eger-de düýşüňizde hajathana görseňiz, ulanaýmaň! Ol — duzakdyr!

***
— Şu gün mugallymyma öz ýazan goşgularymy okap berdim.

— Oňaraýypsyň! Oňa geregem şo-da!

***
— Kaka, matematikadan ikilik aldym…

— Näme üçin?

— Şo x-i tapyp bilmedim.

— Bäh! Şu wagtam tapylanokmy şol x?!

***
Kontaktymda käbir adamlaryň adyna «Işi düşdi» diýip belleýän. Onsoň jaň edýärler welin, «işi düşdi» diýip alamok…

***
— Öňräk mekdebimizde zähmet mugallymymyz bilen bedenterbiýe mugallymymyz uruşdy.

— Ýeri onsoň? Kim basdy?

— Elbetde, zähmet mugallym! Karate-de karatedir welin, çekijem çekiç-dä!

***
— Tüweleme! Öýlenenligiň bildirýär-ow! Eşikleriň arassaja, ütüklengije…

— Hawa, aýalymyň ilki öwreden zady şü-ü!
***
Bir gezek öýde matematikadan öý işimi edip duranymy görüp ejem begenjinden aglady. Indi men bular ýaly zady hiç wagt gaýtalamaryn! Ejemiň aglaýşyny görmek maňa hemme zatdanam agyr degýär…


Taýýarlan Aşyr Saparow

Cesme:ylymly.com
BU BLOG 3817 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@duýgy 9 aý öň
Edil şu blok @muhammetamanyazoww tarapyndan 05.01.2020ý blok goşuldy diňe ady üýtgeýär galan hemme zady bir meňzeş.
@Alemjahan 9 aý öň
Ozumi sud da oturan yaly duydum
@Muhammetamanyazoww 9 aý öň
Dogry
@Alemjahan 9 aý öň
Owal goyulan bolsa goymazdymm
@Jumamyradow 9 aý öň
Alemjahan bir goylan zady goyup ýörsiň.Onsoňam niresinde gülmelidigini aýt
@Alemjahan 9 aý öň
hahah menden alanyny ozune satma
@Alemjahan 9 aý öň
*mana satma
@Jumamyradow 9 aý öň
hahah diýmek näme diýmek
@Alemjahan 9 aý öň
manty diymek,manty
@Jumamyradow 9 aý öň
manty diymek name diymek