Öz başyny çarap, millioner bolmagy başaranlaryň 10 sany umumy edähedi
Öz başyny çarap, millioner bolmagy başaranlaryň 10 sany umumy edähedi

Öz başyny çarap, millioner bolmagy başaranlaryň 10 sany umumy edähedi +12

@Graff | 25.06.2019 ý.
    Amerikaly alym Tomas Korli özbaşdak millionerlere mahsus bolan umumy endikleriň 10-syny belläp geçýär.
    Korli baý adamlaryň endiklerini, pikirlenişlerini hem garaýyşlaryny öwrenmäge bäş ýylyny sarp edipdir. Şu döwrüň içinde ol üstünlige ýetenleriň 177-si bilen söhbetdeş bolupdyr, hatda «baýlaryň endikleri» diýen adalgany hem girizipdir. Korliniň pikirine görä, onsuz ymgyr baýlyk toplamak asla mümkin hem däl. Millionerlere mahsus bolan edähetleriň 10-syny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
    1. Okamak. Baý adamlaryň 88 göteriminden gowragy her gün, azyndan, ýarym sagat wagtyny kitap okamaga bagyşlaýarlar.
    2. Sport. Üstünlikli adamlaryň her biri diýen ýaly her gün sport üçin wagt tapýarlar. Bu ylgaw, fitnes ýa-da adaty maşklar bolsa-da, garaz, beden taýdan türgenleşik — zähmet olaryň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegidir.
    3. Üstünlikli şahsyýetler bilen söhbetdeşlik. Özbaşdak millionerlige ýeten kişiler özleri ýaly durmuşa oňyn garaýyşda bolup, maksada okgunlylygy hem ruhubelentligi babatda tapawutlanýan kişiler bilen söhbetdeş bolup, pikir alşyp durýarlar. Şonuň ýaly-da olar üstünlige ýetmegi başarmaýan ýaramaz pikirlenýän adamlardan gaça durýarlar.
    4. Öz maksatlaryna ymtylmaklyk. Baý hem üstünlikli kişiler, özgeleriň pikirine gulak asmazdan, hemişe öz öňlerinde özbaşdak maksat goýýarlar. Bu ýagdaý işi lezzete öwürmäge mümkinçilik berýär, hakykatda, üstünligiň syry hem hut şu ýagdaýdyr.
    5. Ir oýanmak. Üstünlikli adamlar köplenç halatda iş güni başlamazdan 2-3 sagat ir oýanýarlar. Bu ýagdaý göz öňünde tutulmadyk hadysalardan baş alyp çykmaga mümkinçilik döredýär, şeýle-de durmuşyňa ygtyýar etmek duýgusyny bagyşlaýar. Galyberse-de, şeýle etmek bilen, meýilleşdirilen işleriň baryny berjaý etmek başardýar.
    6. Girdejiniň birnäçe çeşmesi. Gurply adamlaryň hemişe birnäçe girdeji çeşmesi bardyr, sebäbi bu ýagdaý hemişelik girdejini üpjün edýär. Öz bizneslerinden başga-da olar köplenç gozgalmaýan emläkleri kireýine berýärler ýa da başga tanyş-bilişleriniň biznesine hem gatnaşýarlar.
    7. Halypa. Uly ýalňyşlyklardan gorap saklaýan, dogry ýol salgy berýän, ýardam goluny uzadýan tejribeli ýaşuly ýoldaş — üstünlige ýetenleriň her birinde bardyr.
    8. Oňyn (dürs) pikirlenmek. Üstünlik diňe dürslügi ýol edinýänlere ýar bolýandyr. Olar elmydama gowulyga ynam bildirýärler we ýüz beräýýän käbir şowsuzlyklar üçin gam laýyna batmaýarlar. Oňyn pikirli, dürs adamlar mydama mümkinçilikleri görýändirler we olardan aňrybaş derejede peýdalanýandyrlar.
    9. Edep-terbiýelilik. Üstünlikli adamlary özlerini alyp baryşlaryndan, girim çykymlaryndan hem aýyl-saýyl etmek mümkindir. Olar özüňi nähili alyp barmalydygyny, minnetdarlyk hatyny nähili ýazmalydygyny, adamlar bilen neneň tanyşmalydygyny, nähili geýinmelidigini we beýlekileri bilýärler.
    10. Özgelere ýardam edýärler. Özbaşdak emläk toplamagy başaran millionerler özleriniň pikirdeşlerine üstünlik gazanmakda ýardam edýärler. Beýle etmek özgelere kömek-goldaw bermek arkaly, olaryň özleriniň hem bolelinlige, rowaçlyga tarap hereket edýändikleri bilen baglydyr. Galyberse-de, olar köplenç umumy maksada ýetmegiň üstünde bilelikde işlemek üçin sazlaşykly topar hem döredýärler.

Üstünlik hemraňyz bolsun hormatly okyjylar!  :)

Taýýarlan: @Graff
bu blog 153 gezek okaldy

Teswirler

@FAT_TONY 4 hepde öň
Bular bizde yoranok. Bizde gerek hasiyetler okgunlyk, ugurtapjylyk, umumy dil tapyjylyk, tanyslar, goterijilik, hemem acgozluk. Basgada kan.
@Jemka0404 2 hepde öň
Hakyky dogry aytya
@Realistic 4 hepde öň
Hakyky, Fat Tony bilen şu pikirde ylalaşyan.Gaty az sanly adamda yokardaky sanalan 10 endik tapylaymasa
@wonderfull 3 hepde öň
Şonuň ýaly-da olar üstünlige ýetmegi başarmaýan ýaramaz pikirlenýän adamlardan gaça durýarlar.

Ýokarky ýaly pikir edýän agzalardanam gaçarak durmaly
@wonderfull 3 hepde öň
Realistic bilen fat tony barada aýtdym ýokarkyny :)
@FAT_TONY 3 hepde öň
Senem biznes gormedik biznes trenerlerden bolmalyda onda. Yaşyňam 20 yada ondanam kicidir
@Graff 3 hepde öň
Okanyňyz üçin minnetdar! Hökman bu endikleriň hemmesi bolmaly diýen zat ýok, ýöne bu endikler bize peýda berip biler manyda... Bu bir alymyň geçiren barlaglarynyň netijesi. :)
@Röwşen 3 hepde öň
11njinem goşsagam bolar şu ýere - bahana gözlemezlik.
Älemjahan