Özüňe ynan!
Özüňe ynan!

Özüňe ynan! +1

@Graff | 06.06.2019 ý.
     Bir ýola gurbagalaryň arasynda ylgaw ýaryşy geçirilenmişin. Pellehana uzyn bir diňiň çür başyna çykmak bolupdyr. Bu geň ýaryşy synlamak hem oňa gatnaşýanlaryň üstünden gülmek isleýän tomaşaçy bary toplananmyşyn...
     Ýaryş başlanypdyr... Esasy bellemeli ýagdaý — tomaşa etmäge gelenleriň hiç haýsy hem gurbagalaryň ol diňiň depesine çykmagy başarjaklygyna ynanmaýan eken.
     Olaryň aýdýan sözleri-de hemmelere eşidilip duranmyşyn:
     — Bu juda çylşyrymly...
     — Olaryň hiçisine bu diňe çykmak eýgertmez-le...
     — Çytraşmak nämä gerek, barybir başartmaz. Bu diň aşa belent ahyry...
     Gurbagalar zaryn «warryklap» bir-biriniň yzyndan ýere patlap gaçmaga başlapdyrlar.
     Güýjüni gaýgyrman dyrjaşýan gurbagalaram kän eken... Mähelle bolsa şol bir heňini gaýtalaýarmyşyn: «Miltem etmesin, kyn bolar! Şonuň başyna birem çykyp bilmez!».
     Bu sözleri eşidýän gurbagalaryň ýene köpüsi gol gowşuryp, ýokardan kelemenläp gaýdypdyrmyşyn. Diňe bir gurbagajyk barha ýokary dyrmaşýarmyşyn. Ol hiç ruhdan düşmeýärmişin.
     Ahyry yhlas baryny siňdirip, çür depä çykmagyň hötdesinden gelen şol ýalňyz gurbagadan galanlaryň ählisi niýetinden dänip, ýere gaçypdyrlar.
     Ýaryşdan soň gurbagalar ýeňiji bolan bäsdeşleriniň daşyny gallapdyrlar. Ondan diňiň depesine çykmaga nädip özünde güýç tapanyny sorapdyrlar. Emma hiç hili jogap bolmandyr...
     Asyl, ýeňiji bolan gurbaga ker eken.
     Hekaýatyň hikmeti: Öz sussupesligini seniň süňňüňe siňdirmek isleýän kişilere hiç haçan gulak gabartma. Olar seniň iň arzyly arzuwlaryňy, ýüregiňde eljiredip saklaýan islegleriňi eliňden alyp, harap ederler. Sözüň güýje eýedigini unutma. Özüňe, öz güýjüňe ynan! Sen başararsyň.

@Graff
bu blog 46 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan