5-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymy başlady
5-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymy başlady

5-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymy başlady

06.09.2018 ý.
Türkmenistanda pagta ýygymy Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişiler.
31-nji awgustda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz türkmen daýhançylarymyza ýüzlenip, türkmen pagtaçylarynyň öňünde “ak altynyň” bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak wezipesiniň durýandygyny belledi.

Geçen ýyl ýer eýeleri Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. 

Pagta ýygmakda 1 müň 76 pagta ýygyjy kombaýnlar hereket eder, ýagny munuň özi 2016-njy ýyldakydan 2,5 esse köpdür. Meýdanlara 2 müň 260-dan gowrak awtoulag, 2 müň 162 traktor hem-de pagtany daşamaga niýetlenen tirkeg traktorlarynyň 3 müň 325-si çykarylar.

bu täzelik 286 gezek okaldy

Teswirler

@Dag-arman 1 ýyl öň
Harmanyňyza bereket.
Älemjahan