Aşgabatda IV Wena baly geçirilýär
Aşgabatda IV Wena baly geçirilýär

Aşgabatda IV Wena baly geçirilýär

25.10.2019 ý.
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada IV Wena baly geçirilýär. Türkmenistanda geçirilmegi däbe öwrülen bu dabara 2011-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Maglumatlarda bellenilişi ýaly, rus žurnalisti Ýewgeniý Şwarz: «Wena balyna gatnaşmazlyk adam üçin zyýanly, aýratyn hem sen oňa mynasyp bolanyňda» diýmek bilen, bu balyň möhümdigini aýratyn nygtap geçýär. Awstriýanyň paýtagty bolan Wena şäheri irki döwürlerde sazyň, operanyň şäheri hasaplanylypdyr. Sebäbi bu taryhy şäherde köpsanly sazandalar, operanyň ussatlary ýaşap geçipdir. Syýahatçylaryň aýtmagyna görä, Wenanyň ähli künjegi, göýä, aýdym-saz bilen sazlaşypdyr.

Wena balynyň  120 ýyllyk taryhy bar.  Çäräniň «Wena baly» derejesinde geçirilmegi üçin birnäçe şertler ýerine ýetirilmelidir: oňa gatnaşýanlaryň egin-eşikleri talabalaýyk bolmalydyr, ýigitler «smoking» diýlip atlandyrylýan resmi egin-eşikde, şol sanda elýaglykly we ellikli bolmalydyr; zenanlar uzyn köýnekli, egin-eşigine gabat gelýän kiçi göwrümli ýantorbaly, şeýle-de owadan şaý-sepli bolmalydyr. Wena baly 18-26 ýaşlaryndaky oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tans bilen başlanýar. Onuň yzysüre dürli görnüşli wals tanslary bilen dowam etdirilýär.

 

Aşgabat şäherinde geçiriljek IV Wena balyndaky konsertiň

TERTIPNAMASY

1. | “Siz Watana belent ykbal Arkadag!”Ýerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary
2. | “Polonez”Sazy: Karl Mihael ZyreriňkiÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de ýurdumyzyň birleşen tans topary
3. | “Aşyklaryň şäheri”Sazy: Weli MuhadowyňkyÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewa we Myratgeldi Baýramgeldiýew hem-de ýurdumyzyň birleşen tans topary
4. | “Adellanyň aýdymy”Sazy: Iogan ŞtrausyňkyÝerine ýetirýär: Neiwi Martinez (Awstriýa)
5. | “Homanaýyň ariýasy”Sazy: Iogan ŞtrausyňkyÝerine ýetirýär: Andreas Ýankowiç (Awstriýa)
6. | “Mazurka”Sazy: Pýotr ÇaýkowskiýniňkiÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tans topary
7. | “Hoşniýetli arzuwlar”Sazy: Daňatar HydyrowyňkyÝerine ýetirýärler: Birleşen çagalar hory hem-de “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” çagalar tans toparlary
8. | “Näzlim uz maňa”Sazy: Çary NurymowyňkyÝerine ýetirýärler: Didar Sarykow hem-de “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn” tans toparlary
9. | “Graf we grafiniýanyň dueti”Sazy: Iogan ŞtrausyňkyÝerine ýetirýärler: Neiwi Martinez we Andreas Ýankowiç (Awstriýa)
10. | “Wals”Sazy: Aram HaçaturýanyňkyÝerine ýetirýär: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri
11. | “Arzuw”Sazy: Gahryman AşyrowyňkyÝerine ýetirýärler: “Mukam” skripkaçylar topary hem-de birleşen çagalar tans topary
12. | “Sen meniň ýanymda”Sazy: Diana WarreniňkiÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew hem-de aýdymçy Leýli Ökdirowa
13. | “Fortepiano üçin konsert”Sazy: Gurban KulyýewiňkiÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Aşyr Aşyrow
14. | “Wenger tansy”Sazy: Iogan ŞtrausyňkyÝerine ýetirýärler: Tansçylar Marek Bobosik we Marta Nitranowa (Awstriýa)
15. | “Ezber hojanyň aýdymy”Sazy: Daňatar HydyrowyňkyÝerine ýetirýär: Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew
16. | “Aýly agşam”Sazy: Aman AgajykowyňkyÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de Türkmenistanyň Döwlet tans topary
17. | “Mawy Dunaý”Sazy: Iogan ŞtrausyňkyÝerine ýetirýärler: Tansçylar Marek Bobosik we Marta Nitranowa (Awstriýa)
18. | “Toý aýdymy”Sazy: Çary NurymowyňkyÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibijemal Amanowa, Tirkeş Mätnazarow, aýdymçylar Žanna Saýiýan, Nury Nuryýew hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň tans toparlary
19. | “Arkadag”Sazy: Merdan AnnamyradowyňkyÝerine ýetirýärler: Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew, aýdymçylar Aýna Seýitgulyýewa, Leýli Ökdirowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de Wena balyna gatnaşyjylar

Çeşme: https://turkmenportal.com/
bu täzelik 13 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan