Aşgabatda Içeri işler edaralarynyň täze ýaşaýyş toplumy açyldy
Aşgabatda Içeri işler edaralarynyň täze ýaşaýyş toplumy açyldy

Aşgabatda Içeri işler edaralarynyň täze ýaşaýyş toplumy açyldy

21.11.2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çoganly ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Toplumyň dolandyryş binasynyň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna hem Içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Bu toplum 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça jaýlaryň gurluşygyny onuň garamagyndaky gurluşyk kompaniýasy amala aşyrýar. Iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy.



bu täzelik 3 gezek okaldy

Teswirler