Balkan welaýatynda täze ýod zawody işe girizildi
Balkan welaýatynda täze ýod zawody işe girizildi

Balkan welaýatynda täze ýod zawody işe girizildi

29.06.2019 ý.
«Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki «Çalja» meýdançasynda täze ýod zawody gurlup, ulanmaga berildi.  Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýyt» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylan bu täze, döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty tehniki ýoduň 150 tonnasyna barabardyr.

Bu ýerde ilkinji gazuw işleri tamamlanan guýynyň çuňlugy 600 metr bolup, onuň ýodly-bromly suwunyň takyklanan gorlary täze gurlan kärhananyň tehniki ýod öndürmek boýunça ýyllyk kuwwatyny üpjün etjekdigine güwä geçýär. Russiýadan we Türkiýeden getirilen kämil enjamlar oturdylan önümçilik kärhanasy adamlaryň birbada 60-a golaýyny hemişelik iş orny bilen üpjün etdi.

«Himiýa senagat» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde bu ýatakda täze ýod zawodynyň ýene birini gurup, işe girizmegi maksat edinýär.
 

Çeşme: turkmenportal.com

bu täzelik 62 gezek okaldy

Teswirler