Birinji Hazar ykdysady forumy: Awaza ýyldyz ýagýar
Birinji Hazar ykdysady forumy: Awaza ýyldyz ýagýar

Birinji Hazar ykdysady forumy: Awaza ýyldyz ýagýar

11.08.2019
Birinji Hazar ykdysady forumynyň Awazadaky suw çüwdürimleri toplumynda geçiriljek jemleýji gala konsertinde daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň birnäçesiniň çykyş etmegine garaşylýar. Olaryň ählisi Hazarýaka döwletleriniň wekilleridir.

Gala konsertinde russiýaly meşhur sahna ussatlarynyň dördüsiniň aýdymlaryny diňläp bileris. Has takygy, Russiýanyň at gazanan artisti, "Altyn grammafon" baýragynyň 6 gezek eýesi, "Ýyyň aýdymy" festiwalynyň 4 gezek ýeňijisi hem-de köp sanly aýdym-saz bäsleşikleriniň ýeňijisi Paşaýewna Mgoýan (Zara), "Ýewrowideniýe" halkara aýdym-saz bäsleşigine iki gezek gatnaşyjy, "Altyn grammafon", "Ýylyň aýdymy" ýaly abraýly baýraklaryň eýesi, aýdymçy, aktýor we telegepleşikleriň alypbaryjysy Sergeý Lazerew, heniz 30 hem ýaşamadyk bolsa, 100-den hem gowrak milli we halkara baýraklaryň eýesi Nýuşa Suroçkina we aýdymçy Olga Şultaýs Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp baýramçylykda çykyş eder.

Azerbaýjan Respublikasyndan gatnaşýan Raşad Ilýasowyň ýerine ýetirjek aýdymlary hem konsertiň şowhunyny artdyrar. Şeýle hem konsertde gazagystanly aýdymçylar Adylhan Makin, Aýgerim Altynbek, eýranly sungat ussatlary Majid Ahşabi, Hamed Mahzarnia dagylar hem çykyş eder. Konsertiň dowamynda Astrahan döwlet aýdym we tans toparynyň gyzykly çykyşlaryna hem garaşylýar.

Çeşme: turkmenportal.com 
bu täzelik 51 gezek okaldy

Teswirler