"Demirýol" programmasy işlenilip taýýarlanyldy

"Demirýol" programmasy işlenilip taýýarlanyldy

27.07.2018 ý.
Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi tarapyndan 1-nji iýuldan başlap, ýolagçy gatnawlarynyň onlaýn-tertipnama programmasy işlenilip taýýarlanyldy. Aňrybaş ýeňillikleri döretmek maksady bilen “Demir ýol” ady bilen Android we iOS ykjam telefonlar üçin ýörite programmalar işlenip taýýarlanyldy. Ol ýolagçylara gatnawlaryň ugry bilen tanyşmaga onlaýn-tertibinde mümkinçilik berýär.
Bu telefon programmasyny ýüklemek üçin telefonyňyzda Play Market ýa-da Apple Store dükanyna girip "Demiryol" diýip ýazsaňyz çykarar. «Demirýol» telefon programmasy üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde düzülip taýýarlanan.
Şeýle hem müşderilere edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Awazada ýerleşýän “Kerwen” myhmanhanasynda demir ýol peteklerini satýan ýörite bölüm açyldy. Munuň özi myhmanhanada dynç alýan syýahatçylara islendik wagty petek satyn almaga ýa-da ony çalşyrmaga kömek eder.
Ýolagçy nirdedigine garamazdan, gysga wagtyň dowamynda gatnaw barada ähli maglumatlar bilen tanyşyp biler.
bu täzelik 280 gezek okaldy

Teswirler

@Gazojakly 11 aý öň
Belgilabs bet
@123456 11 aý öň
@Gazojakly belgilapsynkymy bu?
@Gazojakly 11 aý öň
@123456 hawa
@Annam 11 aý öň
online bilet almak mümkinçiligini hem döretseler has gowy bolardy arada, nobata durup aljak bolanymda 1 sagat garaşmaly boldy. Umuman gowy bolupdyr.
@Break 11 aý öň
Belgi labs
Älemjahan