«First Global Challenge 2019» bäsleşiginde altyn medal gazandylar
«First Global Challenge 2019» bäsleşiginde altyn medal gazandylar

«First Global Challenge 2019» bäsleşiginde altyn medal gazandylar

01.11.2019 ý.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «First Global Challenge 2019» atly robot tehnologiýalary bäsleşigi geçirildi. Okeanlary arassalaýan robotlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige dünýäniň 190 döwletinden, şol sanda, Türkmenistandan topar gatnaşdy ― diýip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Ahmet Akyýew, Ahmet Amanow, Abraý Bakyýew, Ysmaýyl Berdiýew dagylar şol mekdebiň baýry mugallymlary Atamyrat Şahanowyň hem-de Berdimyrat Ýazhanowyň ýolbaşçylyk etmeginde özleriniň döreden «Oguz Robot» atly topary bilen bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan çykyş etdiler.

Bäsleşikde robotlar inženerçilik gurluşyna, berlen işi doly ýerine ýetirip bilijiligine, çalasynlygyna, innowasion gurluşyna, şeýle hem howpsuzlygyna we toparlaýyn iş alyp baryjylygyna görä tapawutlandyryldy.

«Oguz Robot» berlen ýumuşlaryň ählisini üstünlikli ýerine ýetirip, altyn medal eýelemegi başardy.

Umuman, «Oguz Robotyň» bu ugurdan tejribesi bar. Ýadyňyzda bolsa, ol 2017-nji ýylda «First Global Challenge-iň» Meksikada geçen tapgyryna hem gatnaşyp altyn medal eýeläpdi.


Çeşme: https://turkmenportal.com/
bu täzelik 13 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan