Hazar ykdysady forumy
Hazar ykdysady forumy

Hazar ykdysady forumy

18.07.2019
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri halkara forumlaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde halkara derejesinde Hazar ykdysady forumy geçiriljek. Bu foruma diňe bir Türkmenistanyň we Hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem, dünýä ýüzünden köp sanly döwletleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 
Hazar ykdysady forumyny Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitinde biragyzdan goldanyldy. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyçlarynyň, durmuşa geçirýän işleriniň dünýäde ykrar edilýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Hazar deňziniň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyny höweslendirmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek forumyň esasy wezipeleri bolup durýar. 
Ykdysady forumyň gün tertibine oňa gatnaşyjy döwletleriň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleler toplumy giriziler. Şeýle hem forumyň dowamynda halkara maslahaty, baş maksady innowasion tehnologiýalar, tejribe alyşmak bolan “Hazar innowasion tehnologiýalar” we dünýäniň awtomobil gurluşygy ulgamynyň ýeten derejesine bagyşlanan “Türkmen sährasy – 2019” atly halkara sergisi geçiriler.    
Häzirki wagtda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hem degişli hünärmenleri tarapyndan bu forumy ýokary derejede geçirmäge bellenen tertipde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birleşik tarapyndan ahalteke bedewlerini mahabatlandyrýan görkezme sergisi hem guralýar. Ol sergide Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly dünýäniň dürli dillerinde çap edilen ensiklopediki kitaplary, atlaryň şaý-sepleri, bezeg-esbaplary, eýer-esbaplary hem-de dürli şekillerde ýasalan at heýkelleri we ussat suratkeşleriň ahalteke bedewlerini wasp edýän suratlary görkeziler. Şeýle-de, bu halkara sergisine gatnaşyjylar üçin Birleşik barada ähli maglumatlary özünde jemleýän, suratlar bilen bezelen mahabat bukleti (kitapçasy) hem taýýarlanylýar. 
bu täzelik 210 gezek okaldy

Teswirler