Hazaryň kenaryndaky işewürlik duşuşygyna 32 ýurduň wekilleri gatnaşdylar
Hazaryň kenaryndaky işewürlik duşuşygyna 32 ýurduň wekilleri gatnaşdylar

Hazaryň kenaryndaky işewürlik duşuşygyna 32 ýurduň wekilleri gatnaşdylar

13.08.2019 ý.
Birinji Hazar forumynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Berkarar” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň işewürleriniň duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň orunbasary Çary Gylyjow Türkmenistanyň soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary we ýerli kompaniýalar bilen bilelikde durmuşa geçiren taslamalar barada aýdyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk ukybyna degindi.

Duşuşygyň birinji sessiýasyny “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy we Döwlet ministri Myrat Arçaýew alyp bardy. Onda nebit-gaz senagatynda hyzmatdaşlygyň ugry we gelejegi bilen bagly mowzuklar üns merkezinde boldy.

Ýygnagyň dowamynda çykyş eden Petronas kompaniýasynyň Türkmenistandaky dolandyryjysy Ruslan bin Abdul Gani kompaniýanyň Türkmenistanda amala aşyran nebit-gaz işleri barada maglumat berip, Türkmenistanyň deňiz çäklerinde nebit öndürmäge başlan ilkinji kompaniýa bolmagyň özleri üçin ähmiýetlidigini aýtdy.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanda 24 million tonna nebit öndürendiklerine deginen Abdul Gani Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyga dowam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Sessiýada çykyş eden Halkara Hytaý milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) direktory Ýe Tsiandeng korporasiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada aýdyp berdi.

Duşuşyga Hazarýaka döwletleriniň işewürleri bilen bir hatarda Birleşen Patyşalygyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Nederland Patyşalygynyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Ukraýinanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, ABŞ-nyň, Kataryň, Belarusyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Malaýziýanyň, Bolgariýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň we Ispaniýanyň telekeçilik ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

bu täzelik 15 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan