Ilkinji türkmen kompýuterleri öndüriler
Ilkinji türkmen kompýuterleri öndüriler

Ilkinji türkmen kompýuterleri öndüriler

11.09.2019 ý.
2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy täzelikleriň bosgasynda. TDH-nyň hem habar berşi ýaly, bu kärhana Türkmenistanyň çäginde kompýuter tehnoloigýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd., Tongfang Hongkong limited öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.

Bu kärhanada Hytaýyň milli derejesinde birinji orny eýeleýän we dünýäniň bilim derejesinde top ulgamyna girýän Sinhua uniwersiteti tarapyndan güwälendirilen ýokary hünärli işgärler zähmet çekýärler. Hut şu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri ylmy barlaglaryň geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlaýarlar hem-de bu mekdep Tongfang Hongkong Limited kompaniýasynyň esaslandyryjysy bolup durýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen çagalar okuw kompýuterleriniň 80 müňüsini öndürdi, olar milletiň Lideriniň adyndan ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna sowgat berildi. Kompýuterlerde 198 dürli okuw funksiýalaryny ýerine ýetirýän we türkmen, rus, iňlis dilleri bilen işleýän programma ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde elektron senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny ugur edinýän “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde noutbuklary, planşetleri, monobloklary, şahsy kompýutrleri we hat-da serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programma toplumlarynyň tejribelik nusgalaryny öndürmegi meýilleşdirýär hem-de eýýäm olaryň käbirinde bu işler ýerine ýetirilip başlandy. Ýerli nyşan arkaly şahsy kompýuterleriň ilkinji tapgyryny şu ýylyň ahyryna çenli öndürmek göz öňünde tutulýar.

Şunlukda, kompýuterleriň synag tapgyrynda üç müňe golaýy öndüriler. Kärhananyň ýyllyk kuwwatynyň 500 müň kompýutere deň boljakdygyny bellemeli. Onuň ýarym ýylda öndüren kompýuterleriniň Türkmenistanyň isleglerini ýerli kompýuterler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi guwançly wakadyr.

Ilkibaşdan “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegi maksat edindi. Häzirki wagtda ikinji ugur – bar bolan haryt nyşanlaryny gaýtadan eksport etmek mümkinçiligi döreýär. Bu bolsa Türkmenistanda öndürilen kompýuterleriň goňşy ýurtlara iberiljekdigini aňladýar, sebäbi “Agybirlik tilsimaty” Merkezi Aziýa sebitinde kompýuter enjamlaryny öndürýän ýeke-täk kärhanadyr.  Şol sebäpli hem bu kärhananyň öňünde giň bazarlar açylýar.

Şeýle hem bilelikdäki kärhana programmalaýyn üpjünçiligi işläp düzmek boýunça iri halkara kompaniýasy “Maýkrosoft” hem-de elektron enjamlaryny we kompýuter ätiýaçlyk şaýlaryny esasy öndüriji bolan “Intel” kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Olar eýýäm Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky, Owganystandaky buýrujylara kompýuterleri Türkmenistandan satyn almak barada maslahatlary berdiler. 

Çeşme: https://turkmenportal.com

bu täzelik 21 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan