«Nezawisimaýa gazeta»: « Türkmenistan Singapu
«Nezawisimaýa gazeta»: « Türkmenistan Singapu

«Nezawisimaýa gazeta»: « Türkmenistan Singapu

30.08.2019 ý.
Russiýanyň «Nezawisimaýa gazeta» gazeti 27-nji awgustda «Shangri-La» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapuryň iri işewürler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyny teswirläp, şeýle ýazýar: «Aşgabat Singapura Türkmenistanyň geljegi uly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar. Emma türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Singapur bar bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaýar. Türkmen Lideriniň sözlerine görä, Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň gatnaşmagynda diňe alty sany maýa goýum taslamasy hem-de singapur maýa goýumy bolan kärhanalaryň bäşisi bellige alyndy».

«Nezawisimaýa gazeta» gazeti ýene bir singapur kompaniýasynyň — «GP Global Equipment Pte.Ltd» kompaniýasynyň türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura döwlet saparynyň öňýanynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny ýatladýar. Bu desganyň gurluşygyna şu ýylyň sentýabr aýynda girişmek hem-de 2022-nji ýylyň fewral aýynda ony tamamlamak göz öňünde tutulýar. Kärhana merkezi Garagumdaky gazkondensat känler toplumynyň Zäkli — Derweze gaz arassalaýjy desgalarynda ýerleşer. Onuň ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr gaza deň bolar.

bu täzelik 24 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan